Watanperwer ynsanlar ýagşylykda ýatlanar


Watanperwer ynsanlar ýagşylykda ýatlanar



Hormatly Prezidentimiziň: «Biz öz medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmäge goşant goşan adamlara guwanmaga haklydyrys» diýen parasatly sözleri Beýik Ýeňşiň 75 ýyllygy bellenilýän şu ýylda türkmen edebiýatynyň taryhynda özüniň hekaýalary, powestleri, ýatlamalary bilen yz galdyran ýazyjy-şahyrlarymyz, olaryň ömri we döredijiligi barada söz açmaga, olary ýagşylykda ýatlamaga mümkinçilik berýär. Şeýle ýazyjylaryň biri-de Watanyň üstüne howp abananda ötgür galamyny ýaraga çalşan, ömrüniň 17 ýyla golaý wagtyny goşun gullugynda, şonuň 4 ýylyny 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunyň frontlarynda geçiren ýazyjy, esger Aşyr Nazarowdyr.

Aşyr Nazarow 1917-nji ýylyň 15-nji noýabrynda şol wagtky Mary raýonynyň Mülkburkaz obasynda daýhan maşgalasynda dünýä inýär. Oba mekdebinde okuwa başlan geljekki esger-ýazyjy Mary şäherindäki mekdep-internatda okuwyny dowam etdirýär. Onuň edebiýata bolan höwesi mekdep ýyllarynda ýüze çykyp başlaýar, gysgajyk makalalary şol wagtky «Mydam taýýar», «Ýaş kommunist» gazetlerinde çap edilip başlanýar. Mary şäherindäki mekdep-internatda okan ýyllary onuň mugallymy we halypasy Ata Köpekmergen bolupdyr. Aşyr Nazarow özüniň 1983-nji ýylda çykan «Halypalar» atly kitapçasynda Ata Köpekmergeni mähirli sözler bilen ýatlapdyr. Mekdep-internatda okan ýyllary ol şol wagtky Marynyň pedagogik tehnikumynda okan Bekge Pürli, Baýram Welmyrat ýaly geljekki döredijilik işgärleri bilen dostana gatnaşykda bolandygyny we şol wagtlar Ata Salyhdyr Nurmyrat Saryhanow ýaly ýazyjylar bilen duşuşandygyny ýatlaýar.

Ol 1935-nji ýylda Marynyň mekdep-internatyny tamamlandan soň, Aşgabada, «Mydam taýýar» gazetine işe çagyrylýar. Aşgabatda işe başlan Aşyr Nazarow biraz wagtdan soň şol wagtky «Ýaş communist» gazetine işe geçýär, onda edebi işgär, bölüm müdiri we jogapkär kätip wezipelerinde işleýär.

Ol 1940-njy ýylyň ýanwar aýynda goşun gullugyna çagyrylýar. Galamyny ýaraga çalşan ýazyjy goşun gullugyna ýönekeý esger bolup başlap, nägehan urşuň ahyrynda ony maýor harby derejesinde tamamlaýar. Ýazyjy esger 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda Poltawa, Harkow şäherleriniň goragyna, Stalingrad söweşine gatnaşýar. Uruş ýyllarynda hem ol edebi döredijilik işinden daşlaşman, esgerleriň edermenligini wasp edýän oçerklerdir makalalar bilen frontda çap edilýän gazetlerde çykyş edýär. Kaliningrad şäherini, Belorussiýany, Pribaltikany, Polşany ýowuz ýagydan arassalamaga gatnaşan Aşyr Nazarow Beýik Ýeňşi Germaniýanyň Rostok şäherinde garşylaýar.

Uruşdan soň goşun gullugyny dowam eden ýazyjyny 1947-nji ýylda Daşkent şäherine, Türküstan harby okrugynyň «Frunzewes» (“Frunzeçi”) gazetine jogapkär kätip wezipesine geçirýärler. Şol wagtlar bu gazet Orta Aziýa Respublikalarynyň halklarynyň dillerinde, şol sanda türkmen dilinde hem çap edilýärdi. Aşyr Nazarow harby gullugy 1956-njy ýylyň noýabr aýynda podpolkownik derejesinde tamamlaýar. Uruş döwründe görkezen edermenligi üçin ol «Watançylyk urşy» ordeniniň II derejesine, «Gyzyl ýyldyz» ordeniniň üçüsine we birnäçe medallara mynasyp bolýar.

Aşyr Nazarowyň «Wagonda» (1951), «Täze ýyl gijesinde» (1952), «Mugallym» (1952), «Minnetdarlyk» (1953) atly hekaýalary 1954-nji ýylda çykan «Bahar» ýygyndysynda çap edildi. 1956-njy ýylyň noýabrynda goşun gullugyndan boşansoň, ol Türkmenistana gaýdyp geldi we Aşgabatda «Sowet Türkmenistany» gazetinde işe başlaýar. Soňra «Edebiýat we sungat» gazetinde işleýär. 1957-nji ýylyň mart aýynda bolsa respublikan radiosynyň edebi-çagalar, aýdym-saz gepleşikleri boýunça baş redaktory wezipesine bellendi. Soňra Aşgabat telewideniýesiniň edebi-drama gepleşikler redaksiýasyna uly redaktor wezipesine işe geçirildi.

Aşyr Nazarow 1965-nji ýylyň fewralyndan başlap, Türkmenistanyň Ýazyjylar soýuzynyň merkezi edarasynda jogapkär kätip wezipesinde işe başlaýar. Şol wagtlar Türkmenistanyň Ýazyjylar soýuzynyň başlygy Türkmenistanyň halk ýazyjysy Beki Seýtäkowdy. Aşyr Nazarow özüniň «Halypalar» atly hekaýalar ýygyndysynda (1983) bile işleşen ýazyjy-şahyrlary ýatlaýar, olaryň adamkärçiligini, özünde galdyran täsirlerini beýan edýär. Hususan-da, ol Türkmenistanyň görnükli ýazyjy-şahyrlary Berdi Kerbabaýewi, Beki Seýtäkowy, Ata Köpekmergeni, Nurmyrat Saryhanowy, Oraz Täçnazarowy, Ata Gowşudowy, Rehmet Seýidowy, Aman Kekilowy, Agahan Durdyýewi, Ruhy Alyýewi, Güseýin Muhtarowy, Bekge Pürliýewi ýagşylykda ýatlap, ömrüniň dürli ýyllarynda olar bilen bolan duşuşyklary we özünde galan täsirleri ussatlyk bilen beýan edýär. Alym-şahyr Ruhy Alyýew bilen özüniň Stalingrad söweşinde bolan tötänleýin duşuşygyny we uruşdan soň, Aşgabatda onuň bilen duz-emek bolup gatnaşandygyny ýatlaýar.

Ýazyjynyň dürli ýyllarda çap edilen powestleri, hekaýalary, oçerk-ýatlamalary «Türkmenistan» neşirýaty tarapyndan çap edildi. Olar giň halk köpçüligi tarapyndan gyzgyn garşylandy. Onuň «Magaryf» neşirýatynda çap edilen «Atalar hem agtyklar», «Dury çeşme» ýaly eserleri ösüp gelýän ýaş nesle edep-ekram öwretmekde, olarda belent adamkärçiligi, ynsanperwerligi, Watana, ene-ata bolan söýgini, hormaty terbiýelemekde uly ähmiýete eýedir.

Aşyr Nazarowyň eserleri doganlyk halklaryň dillerinde hem çap edildi. Ýagny onuň türkmen halkynyň ilkinji generaly Ýakup Kulyýew hakynda ýazan dokumental powesti Bakuda azerbaýjan dilinde «Murgabyň ýyldyzy» ady bilen çap edildi. 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunyň başynda türkmen esgerlerinden Sowet Soýuzynyň Gahrymany diýen belent ada mynasyp bolan Gurban Durdy barada ýazan «Ilkinji Gahryman» oçerki, Pena Rejepow barada ýazan «Gaplaňlary-awlaýjy» oçerki, «Güýz ýapraklary» atly dokumental hekaýasy, «Suratlar», «Gün şöhlesi», «Nesil kerweni», «Çygyň ysy» atly hekaýalary, oçerkleri, ýatlamalary rus, ukrain, belarus, bolgar, özbek, gazak, gyrgyz dillerinde neşir edildi. Ýazyjy Aşyr Nazarowyň ýiti zehininden dürli ýyllarda dörän «Öýme» (1959), «Türkmen aýdymlary» (1960), «Generalyň ogullygy» (1961), «Hatarly gadamlar» (1964), «Oba işçisi» (1966), «Esgeriň ýoly» (1970), «General» (1978), «Murgap ýyldyzy» (1979), «Ömrüň dowamy» (1980), «Edermenlik» (1981), «Atalar we agtyklar» (1981), «Dury çeşme» (1982), «Halypalar» (1983), «Balsaýat» (1988), «Ýadygär» (1991), «Nesil kerweni» (1991), «Belent sarpa» (1994) ýaly jemi 20 kitaby okyjylara gowuşdy.

Bütin ömrüni edebiýata bagyş eden ýazyja 1977-nji ýylda «Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri» diýen hormatly at dakyldy. Aşyr Nazarow 1994-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda 77 ýaşynda aramyzdan gitdi. Onuň bize miras galdyran eserleri, türkmen edebiýatyna we sungatyna, medeniýetine uly goşant goşan ýazyjylar- şahyrlar baradaky ýatlamalary ýaş nesli türkmen taryhyna hormat goýmaga, ony çuňňur öwrenmäge çagyrýar.

Aşyrgeldi JUMAÝEW