Gözel tebigatyň aýnasy


Gözel tebigatyň aýnasy



Halkyň ýüreginden joşup çykýan duýgular esasynda dessanlaryň döredilişi ýaly, türkmen zenanlary hem kalbyndan çykýan ýürek joşgunyny haly nagyşlaryna geçirip, müdimilik manylary özünde jemleýän äheňleri döredipdirler. Olar şol äheňleriň, şekilleriň üsti bilen özleriniň dünýägaraýyşlaryny, medeni gymmatlyklaryny aňladypdyrlar. Zenanlarymyz özleriniň sungat eserlerinde many-mazmun bitewüligini gözellige, nepislige mahsus aýratynlyk bilen sazlaşykly beýan etmegi başarypdyrlar. Bu barada hormatly Prezidentimiz «Arşyň nepisligi» atly eserinde şeýle belleýär: «Türkmen halylaryna seredip, halyçy zenanyň daş-töweregini synlap, aňlaýan manysyny, onuň ýiti üşükliligini duýýarsyň. Şoňa göräde bu sungatyň nepisliginde beýan edilýän hadysa, pikir-oý, belli bir döwrüň habarnamasy bolmakdan ötri, döredijiligiň hiç gaýtalanmajak pursadydyr».
Tebigat türkmen halkynyň ruhy durmuşynyň gönezligi, döredijilik dünýäsiniň ylham çeşmesi hasaplanylýar. Ol özüniň gözelligi, köpdürlüligi, täsinligi bilen halyçylygy özüne kesp-kär edinen türkmen zenanlaryny maýyl edip, sungat eserini döretmäge ýardam edýär. Adamzat jemgyýetiniň ýaşaýyş-durmuşynyň süňňüne ornaşan tebigatyň bu gözellikleri zenanlarymyzyň kalbyndan joşup çykyp, türkmen halylarynda özüniň aýdyň beýanyny tapýar.
Gahryman Arkadagymyz «Janly rowaýat» atly kitabynda tebigat gözelliginiň türkmen halysynda beýan edilişi barada şeýle belleýär: «Çitim yzyna çitim döräp, çeper elli halyçy ýaradyjy ýaly, öz dünýäsini döredýär. Baýyrlar we daglar onuň sazlaşygy, soňsuz ýodajyklar — onuň ýüplügi, otlar onuň tüýjümek üsti, derýalar we şaglawuklar — seçegi, depeler, sähralar, meýdanlar — onuň düşegi, şol düşekde bolsa güller açylypdyr, kebelekler uçup ýör, agaçlar kök urup otyr, guşlaryň sürüsi asmana galýar, tolkunlar kenara urulýar».
Tebigat dünýäsiniň eçilen gözelliklerine akyl ýetirip, olary hala çitip medeni we ruhy gymmatlyklary döretmäge gatnaşmak zenanlarymyzyň yhlasly zähmetinň netijesinde mümkin bolýar. Akyl hem-de fiziki zähmetiň şeýle sazlaşygy, haly dokaýan zenanyň daşky hem-de içki gözelligini utgaşdyrýar. Ony tebigat bilen baglanyşdyrýar. Milli mirasymyzyň iň ajaýyp gymmatlyklarynyň biri bolan türkmen halysynyň tebigat bilen baglanyşygy hormatly Prezidentimiziň «Janly rowaýat» atly kitabynda: «Eger aýdym-saz sözlerde we owazlarda halkyň durmuşyny beýan edýän bolsa, onda halylar guşlaryň ganat ýaýmagy, kebelekleriň tolgundyryjy ganat kakmagy, ýeňiljek ýel öwüşgini, dag çeşmesiniň şildirdisi, gül ýapraklarynyň şygyrdysy, bişen bugdaý başlarynyň ýumşaksy ygşyldysy ýaly tebigatyň nepis hereketleri bilen hasyl bolýan reňklerde we simwollarda ýüze çykýar» diýlip beýan edilýär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde halyçylyk sungatyny ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýär. Halkymyza mahsus bolan bu milli sungaty dowam etdirmek üçin işine ezber ýaş halyçylar ýetişdirilýär, ene-mamalarymyzyň asyrlarboýy kämilleşdirip, nesilden-nesle geçirip gelen gymmatly tejribesi täze öwüşginler bilen baýlaşdyrylýar. Muzeýlere guralýan gezelenç-okuwlaryň hem-de türkmen halysyna bagyşlanyp geçirilýän ylmy-amaly maslahatlaryň üsti bilen bu sungatyň inçe syrlary yzygiderli öwrenilýär. Bu günki gün nepis halylarymyz dünýäniň çar ýanyndaky sergi-ýarmarkalarda görkezilip, olaryň muşdaklarynyň we hyrydarlarynyň sany has-da artýar. Türkmen halysynyň baýramynyň döwlet derejesinde bellenilmegi, ussat halyçylara hormatly atlaryň dakylmagy bolsa milli mirasymyza we ony döredýän zenanlarymyzyň azabyna goýulýan uly sarpanyň beýanydyr.

Güýçmyrat SOLTANMYRADOW