El keşdeli tahýalar milli gymmatlyklarymyzyň ajaýyp nusgasydyr


El keşdeli tahýalar milli gymmatlyklarymyzyň ajaýyp nusgasydyr



Türkmeniň dünýäde gadymy halklaryň biridigine onuň döreden milli gymmatlyklary, lybaslary şaýatlyk edýär. Türkmen gelin-gyzlarynyň dakynýan altyndyr kümüşden ýasalan şaý-sepleri hem ululygy, agramy boýunça tapawutlanýar. Milli lybaslarymyz hem biçüwi, görnüşi, reňki, nagyşlary bilen özboluşlydyr. Türkmenleriň egin-eşikleriniň arasynda köz ýaly ýanyp duran keteni köýnegi, dürli nagyşlara bürenen çyrpydyr kürtesi, şeçelenip duran düýpli gyňajy özüniň nusgawylygy, owadanlygy bilen görenleri haýran edýär. Aýratyn hem, keşdeli tahýa göräýmäge başgaby bolsa-da, ol özünde birnäçe pelsepewi garaýyşlary özünde jemleýär. Tahýany biçmek, tikmek, gaýamak we bezemek işlerini synlap, tahýa taýýarlamak sungat derejesine ýeten senetdir diýmek bolýar.
Ilki bilen «tahýa» sözüniň manysyna ser salanymyzda, keşde we gaýma bilen dürli nagyşlar salnyp tikilýän başgaba «tahýa», «börük» diýilýär. Kenarýaka türkmenler häzirki güne çenli börük diýýän bolsalar-da, esasy aýdylýan söz tahýadyr. Tahýanyň döreýiş taryhy gözbaşyny iňňän irki döwürlerden alyp gaýdýar. Şol döwürlerde tahýalar uzak wagtlap geýmek üçin niýetlenip, örän berk tikilipdir. Olar tebigy boýaglara boýalýandygy üçin hiç wagt solmandyr. Wagtyň geçmegi bilen gelin-gyzlarymyz tahýalara öz arzuwlaryny siňdirip, dürli keşdeler çekipdirler. Bu bolsa beýleki eşikler bilen aýratyn sazlaşygy döredipdir. Ýaşalýan ýerleriniň tebigatynyň aýratynlygy sebäpli tahýalaryň birnäçe nagyşly dürli görnüşi peýda bolupdyr.
Tahýalar mahmal, begres, ýüpek, setin, çit ýaly matalardan, esasan hem gyzyl reňkli keteniden tikilipdir. Ýumşajyk tahýalary täze doglan çagalarada geýdiripdirler. Gyş paslynda sowukdan goramak üçin çagalara gulaklaryny ýapýan, kä halatda içinde ýukajyk pamyklar bilen örtülen tahýalary tikipdirler. Garrylar üçin bolsa ak bizden içliksiz tahýa tikipdirler.
Tahýanyň ynsan üçin peýdasy uludyr. Ilkinji nobatda, adam saglygy üçin tahýalar ähmiýetlidir. Ata-babalarymyz her bir geýýän eşigini jana ýaramly we peýdaly bolar ýaly kämilleşdiripdirler. Tahýa adamyň kellesini Günüň ýiti şöhlesinden goraýar. Ol örän ýeňil we geýmek üçin amatly bolup, kelläňi tomusda yssydan, gyşda bolsa sowukdan goraýar. Saçyň düşmeginiň öňüni almakda hem tahýanyň peýdasy bardyr. Tahýa saçyň çalt hapalanmagynyň öňüni alýar we howadaky hapa bölejikleriniň kelläňe aralaşmagynyň öňüni alýar. Şonuň üçin hem tahýany yzygider geýipdirler. Şu nukdaýnazardan häzirki döwürde tahýalar diňe bir milli aýratynlygymyzy aňlatmak bilen çäklenmän, saglygyňy goramak üçin ähmiýetli bolandygy sebäpli, mekdep lybasy hökmünde başyňa geýilýär. Tahýanyň çaga edep-terbiýe bermekde hem ähmiýeti bar. Ol adamy diňe bir gelşikli däl-de, edepli hem görkezýär.

Türkmen tahýalaryny tikmek aňsat ýaly görünse-de, onuň üçin köp wagt, irginsiz zähmet çekmek gerek. Onuň biçilişi, tikinleriniň ýerleşdirilişi tahýalaryň ählisi üçin umumy bolsa-da, olaryň nagyşlary we tikmegiň usullary dürli-dürli bolupdyr. Oglanlar üçin niýetlenen tahýalar «ak gaýma», gyzlar üçin tikilýänler «gültahýa» diýlip atlandyrylýar.
Türkmen gyzlary al-elwan keteni köýnekleri geýip, saçyny dört örüp, başyna-da gültahýa geýipdirler. Dünýäde başgaplaryň arasynda biçüwi, keşdelenişi boýunça türkmen tahýasyna meňzeýäni ýokdur. Erkek kişileriň geýýän akgaýma tahýalarynyň biçüwi, nagşy özboluşlydyr. Mertligi, merdanalygy, gaýduwsyzlygy aňladýan «ak- gaýma» nagşyň şekil aňlatmasynyň erkek adamlaryň baş gabynda ýerleşdirilmeginde-de many bardyr. Akgaýma tahýanyň depesinde ýerleşdirilen nagyşlar aýratynlygyna alnanda, goçuň şahynyň şekilini emele getirýär. Türkmeniň erkek oglanlarynyň goç ýigit, gerçek ýigit bolup ýetiş- meklerini arzuw edip, bu keşdäni tahýa sünnäläp gaýapdyrlar.
Tahýany barmaga ýüwse-oýmak geýip keşdeläpdirler. Ol iňňäniň barmaga çümmeginden gorapdyr.
Gültahýanyň etegini ilki başda çuň alypdyrlar. Soňabaka ene-mamalarymyz başyňda has oňaýly durar ýaly ölçegi saýlap alypdyrlar. Ony deň ölçegde on ikä bölüp, her bölegiň öwrümlerini Aý keşbinde keşdeläpdirler. Gültahýanyň eteginiň on ikä bölünmeginiň aýratyn bir manysy bar. Ene-mamalarymyz gül ýüzli gyzlarymyzyň ýylyň bütin möwsüminde, on iki aýyň dowamynda gül-gunça ýaly gözel bolmagyny we bagtynyň hem güllemegini arzuw edip, on iki bölege bölüp keşdeläpdirler. Gültahýanyň depesiniň etegine birleşýän ýerine göz degmezlik üçin çigme sanjymda «ýylanagyz» nagşyny salyp, «tegbent» nagşy bilen hem keşdäni jemläpdirler. Soňra bolsa gyzyl, gara ýüpekden taýýarlanan aldymgaç tutulyp ýörmelenýär. El işleriniň köpüsi gutarandan soň, jähek bilen berklenýär. Jähek tahýanyň has berk bolmagy üçin gerek.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmeniň owadan milli eşikleriniň biri hasaplanylýan tahýalaryň arzysy has-da artdy. Olaryň biçüwini, nagyşlaryň gaýmalaryny, keşdelerini synlanyňda, olarda gözel Diýarymyzyň ösümlik we haýwanat dünýäsini görmek bolýar.

Gyrmyzy MAŞADOWA