Gürgenjiň taryhy ýadygärlikleri


Gürgenjiň taryhy ýadygärlikleri



Hormatly Prezidentimiz «Türkmen medeniýeti» atly halkymyzyň medeniýetiniň taryhy köklerine bagyşlanan gymmatly kitabynda: «Orta Aziýada iň beýik binalaryň biri bolan Gutlug Temiriň minarasy, owadan gümmezi bilen seleňläp oturan Törebeg hanymyň kümmeti, Il Arslanyň, Nejmeddin Kubranyň, Tekeşiň, Soltan Alynyň, Pirýar weliniň kümmetleri, galadyr şäherleriň, kitaphanalaryň, kerwensaraýlaryň yzlary, bürünç eýýamyndan, tä XIII asyra çenli döwri öz içine alýan gymmatly arheologik tapyndylar, arap, pars, hytaý, ýunan, iňlis, nemes, rus dillerindäki taryhy çeşmeler — gadymy Ürgenç şalygynyň öz döwründe Ýewraziýa sebitiniň iň iri döwletleriniň biri bolandygyna şaýatlyk edýär. Kutbeddin Muhammet, Alaeddin Atsyz, Il Arslan, Alaeddin Tekeş, Aly ibn Mamun ýaly hökümdarlaryň adyllyk we ynsanperwerlik bilen ýurdy dolandyran, ylma, medeniýete howandarlyk eden döwürlerinde bolsa, Köneürgenç şäheri Gündogaryň nur saçýan medeni merkezi hökmünde meşhurlyk gazanypdyr» diýip, Köneürgenjiň Beýik Ýüpek ýolunyň demirgazyk şahasynyň ugrunda ýerleşmek bilen, ylmyň ösen ojaklarynyň biri bolandygyny belleýär. Gadymy türkmen topragynyň genji-hazynasy we Horezmiň paýtagty hasaplanýan Gürgenç (Könürgenç) şäheri Günbatardan — Gündogara, Günortadan — Demirgazyga uzap gidýän Beýik Ýüpek ýolunyň kesişýän nokadynda ýerleşýär. Bu şäher ýurtlaryň arasyndaky diňe bir ykdysady, söwda gatnaşyklary däl, eýsem, ylmy-medeni gatnaşyklary hem berkidipdir. Bu bolsa tutuş Horezmiň pajarlap ösmegine täsir edipdir.
Taryhy çeşmelerdäki maglumatlara görä, häzirki Köneürgenjiň ýerinde ýa-da golaýynda Urga (Urwa) şäheri ýerleşipdir. Bu at «Awestada» hem ýatlanylýar. Soňra ol şäher Gürgenç diýlip atlandyrylypdyr. Gürgenç şäheriniňady «Gorg» (möjek) we «an» köplük san alamaty hem-de «jird» (şäher) sözüniň gysgaldylan görnüşinden (Gorgan-Gürgenç) emele gelen bolmagy mümkin diýen çaklama bar. Şu çaklamalardan ugur alyp Köneürgenjiň 2500 — 3000 ýyllyk taryhynyň bardygy käbir edebiýatlarda ýatlanylýar.
Biziň eýýamymyzyň başlarynda hytaý çeşmelerinde Gürgenç şäheri Ýue-gan diýen at bilen gabat gelýär. III asyrda Kuşan döwletiniň gowşamagy netijesinde, Horezm özbaşdaklygyny gazanýar. Şol döwürde Horezmiň paýtagty häziki Garagalpagystanyň çäklerinde ýerleşýän Toprakgala bolupdyr. Toprakgalada görnükli alymlar ýaşapdyr we baý kitaphanasy bolupdyr. VI asyrda Horezmiň paýtagty Kät (häzirki Biruny) şäherine geçirilýär.
VII asyrda Horezmiň ykdysady we medeni ýagdaýy ösüp, ýokary derejä ýetýär. Şol döwürlerde hytaýlylar Horezmi Hosýun ýa-da Holisimi diýip atlandyrypdyrlar. 995-nji ýylda Mamun ibn Muhammet Demirgazyk we Günorta Horezmi birleşdirip, ýurduň paýtagtyny Kätden Gürgenje geçirýär. Mamunyň özi ähli häkimiýeti elinde jemläp, tutuş Horezmiň şasy bolýar. Şondan soň Gürgenje ýer ýüzüniň dürli ýerlerinden alymlar, söwdagärler, hünärmenler gelip başlaýar, täze-täze köşk-saraýlar, minaralar, metjitler gurulýar. Baý kitaphana, Ylymlar akademiýasy gurulýar. Gürgenç dünýäniňiň gözel şäherleriniň birine öwrülýär.
Aýratynam, Gürgenç şäheri Köneürgenç türkmen döwletiniň (1097 — 1231) döwründe has gülläp ösüpdir. Bu ýerde görnükli alymlar Mahmyt Zamahşary, Muhammet ibn Umar al-Jagmini we başgalar ýaşapdyrlar. Mahmyt Zamahşary tanymal edebiýatçy we dilçi bolup, örän kän eserleriň awtorydyr. Onuň düzen arap-türk, türk-täjik we mongol-horezm sözlükleri häzire çenli özüniň ylmy ähmiýetini ýitirenok.
XIII asyryň başlary Gürgenjiň iň gülläp ösen döwri hasaplanýar. 1219-1220-nji ýyllarda dünýä belli arap alymy we geografy Ýakut ibn Abdallah Gürgenje gelende henize çenli şunuň ýaly örän uly, baý we diýseň owadan şäheri görmändigini belleýär. Akademik W.W.Bartoldyň aýdyşy ýaly, Gürgenç ýylsaýyn däl-de, günsaýyn abadanlaşypdyr we ösüpdir.

Häzirki Köneürgenç şäheri mongol çozuşlary (1221) zerarly harabaçylyga öwrülen bolsa-da, XIII asyryň ikinji ýarymyndan başlap, ýene-de öňki ýerinde täzeden dikeldilýär we öz çäklerini demirgazyk tarapa giňeldýär. Şondan soň Gürgenç ýene-de söwda, gurluşyk we medeniýet taýdan öz ösüşini dowam etdirýär. Gürgenç kerwen ýollarynyň ugrunda ýerleşýändigi üçin Gündogar Ýewropadan Mongoliýa, Hytaýa täjirler häli-şindi geçip durupdyrlar hem-de Horasan we Demirgazyk Eýran bilen söwda aragatnaşygyny saklapdyr. 1333-nji ýylda Gürgenje gelen meşhur arap syýahatçysy Ibn-Batutyň habar bermegine görä, şäheriň uly bazary, owadan köçeleri we ajaýyp binalary bolupdyr.
Häzirki Köneürgenjiň günortasyndaky uzakdan görünýän minaranyň beýikligi 59 metrdir. Minaranyň içinde 145 basgançakdan ybarat çykalgasy bar. Bu minarany 1321-nji ýylda Horezmiň dikmesi edilip bellenen Gutlug Temir saldyrypdyr. Minaranyň günorta-gündogarynda ýerleşýän Şerep babanyň gubry, aşaky bölegi inedördül görnüşde bolup, ýokarsy 24 gyraňly, esasan, silindr şekillidir. Şerep babanyň gubry örän owadan plitalar bilen bejerilipdir. Ol Orta Aziýada (Türküstanda) saklanyp galan ýadygärlikleriň hiç birine meňzemeýär. Şeýle şekilli jaýlara günbatarda, günorta Aziýada we Kawkazda duş gelmek bolýar. Şerep babanyň mazarynyň üstünden salnan bu ymarat XIII asyryň ikinji ýarymyna degişlidir. Fahraddin Raziniň (halk arasynda Pahrazy diýilýär) mazarynyň üstünden salnan gubur inedördül görnüşde bolup, ol hem özüniň gurluşy boýunça Şerep babanyň gubruny ýada salýar. Onuň gurlan döwrüni, birnäçe delillere esaslanyp, XIII asyryň birinji ýarymy diýip tassyklamak bolýar. Öňki aýdylyp geçilen ymaratlaryň demirgazyk-günbatarynda ýerleşýän Horezmiň hökümdary Gutlug Temiriň aýaly Törebeg hanymyň gubry Orta Aziýada iň gowy binalaryň biri bolup, ünsüňi özüne çekýär.
Hywa hany Abylgazy 1646-njy ýylda Täze Ürgenç şäherini gurdurýar we Horezmiň öňki paýtagty bolan Gürgenç şäheriniň ilatyny hem-de ondaky ähli baýlyklary şol şähere geçirdýär. Şondan soň bu şäher Köneürgenç diýlip atlandyrylýar.
Häzirki döwürde Köneürgenjiň taryhy geçmişi we onuň binagärlik arhitektura ýadygärlikleri dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekýär. 2005-nji ýylda Köneürgenjiň ýadygärlikler toplumy ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi.

Ata NURYÝEW