Bitaraplyk taglymaty




Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz günsaýyn özgerýär. Iň buýsançly wakalaryň biri hem ýurdumyzyň he¬mişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny almagydyr. Bu barada hormatly Prezidentimiz: «Bitaraplyk taglymaty mähriban Watanymyzyň beýik geljeginiň şanyna döredýän we gurýan merdana, bagtyýar halkymyza ýeňişleri gazanmaga ruhy güýç berýär hem-de halklaryň arasynda parahatçylygyň, özara düşünişmegiň we ynanyşmagyň ýola goýulmagyna oňyn täsir edýär» diýip belleýär.
1995-nji ýylyň 12-nji dekabry Türkmenistanyň halkara abraýynyň ýokarydygyny, ynsanperwer syýasatymyzyň dünýä derejesinde ykrar edilendigini aýdyň görkezýän taryhy senedir. Şoňa görä-de, halkara Bitaraplyk güni parahatçylyk, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik ýörelgelerine eýerýän, halklar we sebitler bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ileri tutýan, amatly geosyýasy, geoykdysady mümkinçiliklerini umumadamzat bähbitleriniň we ösüşiniň hatyrasyna gönükdirýän döwlet hökmünde eziz Watanymyzyň dünýä giňişligindäki abraýyny has-da pugtalandyrýar we gadymy dostluk ýörelgelerimizi, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarymyzy dabaralandyrýan aýratyn ähmiýetli baýram hökmünde döwlet derejesinde giňden bellenilýär.
Türkmenistan oňyn Bitaraplygyň esasy ýörelgelerinden ugur alyp, sebitiň we dünýäniň halklarynyň bähbidine gönükdirilen işjeň daşary syýasaty amala aşyrýar. Halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna, deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine eýermek bilen, halkara giňişliginde mynasyp orny eýeleýär. Hemişelik Bitarap Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropa Bileleşigi, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly abraýly halkara guramalary hem-de dünýäniň köp ýurtlary bilen ýola goýlan syýasy, ykdysady, medeni gatnaşyklary pugtalandyrmaga we çuňlaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berýär.

Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy hem-de onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bolan Ösüş Maksatnamasy, ÝUNESKO, Ilat gaznasy, Çagalar gaznasy, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy, Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň Maksatnamasy, Neşelere we jenaýatçylyga garşy göreşmek baradaky müdirligi, Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi bilen hyzmatdaşlygy soňky ýyllarda täze many-mazmuna eýe boldy.
Indi Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Halkara Bitaraplyk güni bütin dünýäde dabaraly ýagdaýda bellenilýär. Goý, başymyzyň täji, gözlerimiziň röwşeni bolan hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz dowamat dowam bolsun! Ümmülmez älem giňişliginde türkmeniň mertebesiniň has-da belende göterilmegi ugrunda tagallalar edýän mähriban Arkadagymyzyň jany sag bolsun, umumadamzat bähbitli beýik başlangyçlary, döwletli işleri hemişe üstünliklere beslensin!

Gurbanjemal EGIRJÄÝEWA