MEDENI ÖSÜŞLER — YLHAM ÇEŞMESI
Ady dilimiziň senasyna, başymyzyň täjine, barlygy, öz erkliligi bolsa göwün köşgümize öwrülen eziz Watanymyz bu günki günde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuny toýlaýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyz her säher dünýä parahatçylyk, asudalyk, il-güne agzybirlik, bolelinlik arzuwlaýan dana gojalarymyzyň, ak saçly mährem enelerimiziň ýürek owazynyň galkynmasydyr. Her bir raýatymyzyň päk ýürekden zähmet çekip, Watan berkararlygyny belent derejelere ýetirmesidir. Hoşniýetli halkyň, parahatçylyk söýüjiligi baýdak edinen ýurdunyň dostlukly serhedinde her bir pursatda hüşgär duran Watan goragçysynyň, türkmen esgeriniň söweşjeň ruhudyr. Garaşsyzlyk ýüreginde söze, döredijilige, sungata çäksiz sarpa we hormat pürepür, kalby joşgunly türkmen ogul-gyzynyň köňül kelamydyr.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda medeniýet edaralarynyň täze ulgamy kemala geldi, ruhy binýady has-da baýlaşdyryldy. Şoňa görä, ýurdumyzyň medeniýet ulgamynda gazanylýan üstünlikleri has-da kämilleşdirmek maksady bilen, halkara derejesindäki festiwallar, sergiler, maslahatlar we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Şunda Türkmenistanyň daşary ýurtlarda, şeýle hem dostlukly döwletleriň ýurdumyzda geçirýän Medeniýet günlerine möhüm orun degişlidir. Bu halkara medeni çäreler dünýä döwletleri bilen özara medeni hyzmatdaşlygymyzy pugtalandyrmaga, döwletimiziň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan gelip çykýan dost-doganlyk ýörelgelerimizi ösdürmäge täze güýç berýär.
Mähriban halkymyz milli öwüşginlere baý medeniýeti, belent sungat derejesine ýetirilen zergärçiligi, küýzegärçiligi, halyçylygy, atşynaslygy, täsin owazlara beslenen aýdym-sazlary, folklory bilen umumadamzat medeni-ruhy gymmatlyklaryna saldamly goşant goşdy. Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagynda döwlet we jemagat kitaphanalarynyň 230sy hereket edip, kitaphanalaryň kitap gaznasynda dürli neşir önümleriniň jemi 10 million 900 müňden gowragy bar. Milli taryhy gymmatlyklarymyzy ylmy taýdan öwrenmek we wagyz etmek maksady bilen häzirki wagtda 36 sany döwlet muzeýi bolup, bu muzeýleriň gaznasynda jemi 338 müňden gowrak muzeý gymmatlyklary goralyp saklanylýar. Şeýle hem, milli teatr, kino, aýdymsaz, binagärlik sungatymyzy ösdürmek, teleradioýaýlymlarymyzyň alyp barýan işini has-da kämilleşdirmek boýunça oňyn özgertmeler durmuşa geçirilýär, ruhy gymmatlyklarymyz dünýä derejesinde ykrar edilýär.
2015-nji ýylda «Görogly» dessançylyk sungatynyň, 2017-nji ýylda «Küştdepdi» aýdym we tans dessurynyň, 2019-njy ýylda türkmen milli halyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigini buýsanç bilen aýdyp bileris. «Medeniýet halkyň kalbydyr» diýýän Gahryman Arkadagymyz özüniň maksatnamalaýyn çykyşlarynda ýurdumyzyň medeniýet ulgamyny has-da kämilleşdirmek boýunça wezipeler toplumyny aýdyňlyk bilen kesgitledi. Öňde goýlan maksatlaryň hatarynda Türkmenistanyň BMG tarapyndan diňe ykdysady babatda däl, eýsem, ruhy we medeni babatda hem kuwwatly ýurt hökmünde ykrar edilmegini gazanmak, toplumlaýyn özgertmeleri durmuşa geçirmegiň barşynda bu ulgamyň ornuny güýçlendirmek, sebitiň we dünýäniň dürli döwletleri bilen ynsanperwer gatnaşyklary berkitmek, zehinli sungat ussatlaryny ýüze çykarmak we olary halkara bileleşigi bilen tanyşdyrmak, daşary ýurtly kärdeşleri bilen dostlukly gatnaşyklary ösdürmek boýunça işleri dowam etmek ýaly wezipeler bar.
Milli medeniýetimizde we sungatymyzda gazanylan üstünlikler barmak basyp sanardan kän. Her bir döwletiň ýüzüniň tuwagy, milli özboluşlylygy onuň medeniýetinde jemlenýär. Gahryman Arkadagymyz «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly kitabynda milli medeniýetimiz hakda şeýle belleýär: «Türkmen medeniýetiniň uzak döwürleriň, asyrlaryň we müňýyllyklaryň dowamynda kemala getiren we kämilleşdiren zatlaryna milletiň ruhy ösüşiniň gymmatlyklary hökmünde garamak bolar». Halkymyzyň uzak asyrlaryň dowamynda sünnäläp, kemala getiren bedew aty, halysy, şaý-sepleri, edebi, medeni mirasymyz, halk döredijiliginiň baý hazynasy, ekerançylyk, maldarçylyk tejribesini, maşgala ýörelgelerini, nesil terbiýesini, öý-ojak, aragatnaşyk
kada-kanunlaryny, däp-dessurlaryny öz içine alýan durmuş medeniýeti Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaşaýşymyzyň we ruhumyzyň daýanjy bolup, geljegimiziň ygtybarlylygyna, milletimiziň ynamyna güwä geçýän binýada öwrüldi.
Goý, mähriban halkymyza bagtyýar hem eşretli durmuşy peşgeş beren, Watanymyzyň ähli ulgamlar boýunça ýeten belent sepgitlerini, üstünliklerini dünýä ýaýýan, türkmen medeniýetiniň we sungatynyň hak howandary Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, il bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik işleri rowaç alsyn!
Sähragül Janmämmedowa