Halypany ýatlap...
Türkmenistanyň Gahrymany Maýa Kulyýewalara baranymda, onuň gyzy Mahym unaş kesip oturan eken. Ol unaşy seçelendirip, gyzyl burç gaýnap duran suwa atdy.
— Meniň bişiren unaşymdan dadyp görüň — diýip, Mahym maňa saçagyň başyna geçmekligi mürähet etdi.
— Ejem türkmeniň bu datly tagamyny gowy görerdi. Eli süýjüdi, bişiren naharlaryny iýip doýup bolmazdy. Unaşa welin, has ökdedi. Mamam Ogulşeker öz döwründe obalarynda tanalýan aşçy bolupdyr. Obada biri näsaglasa: «Baryň, Ogulşekere unaş bişirdip içiň, tut ýaly bolaýarsyňyz!» diýer ekenler. Bize-de bu häsiýet mamamdan geçen bolmaly. Ejemiň tamdyrda bişirýän mele-myssyk çörekleriniň tagamy henizem agzymdan gidenok — diýip, Mahym gürrüň berdi. Türkmen halkynyň bilbil owazly aýdymçysy Maýa Kulyýewa baradaky başlanan gyzykly söhbet uzak dowam etdi.
— Ejem Zemin ýüzi gök begrese bürenip, adamlaryň göwnüniň hem galkynýan ýaz paslynda dünýä gelipdir. Onuň ýiti sesi bar eken. Mamam dagy: «Bu gyzyň sesi gaty üýtgeşik-le. Owazy dünýä ýaýyljaga meňzeýär» diýer ekenler.
1920-nji ýylyň maý aýynda Ahal welaýatynyň Aşgabat etrabynyň Akdaşaýak obasynda Hydyrguly aga bilen Ogulşeker ejäniň alty perzendiniň biri bolup dünýä gelen gyzjagaza Mamajan diýip at dakýarlar. Ogulşeker eje atly keşdeçi eken, gijelerine tara dokaýar. Çagalaryna türkmeniň milli mirasyna uly sarpa goýmaklygy ündeýär. Ýöne, arman, şol döwrüň ýetde-gütdeligi çagalary ene-atadan ir mahrum edýär. Hossarlary çagalary Büzmeýiniň çagalar öýüne tabşyrýarlar. Ol ýerde Mamajanyň adyny Maýa diýip tutýarlar. Şeýdibem, ol Maýa bolup galyberýär. Ol 16 ýaşynda Aşgabadyň mugallymçylyk mekdebinde okap başlaýar. Mekdepde Allanazar Rejepow tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän gyzlar hor topary bar eken. Maýa-da bu toparda kämilleşmek bilen aýdym-saz bäsleşiklerine gatnaşýar. Ol has hem türkmen halk aýdymlaryny ýerine ýetirmegi halaýar. Aýdymçy gyz bäsleşikleriň birinde «Garybym» diýen halk aýdymyny aýdýar. Onuň mylaýym sesi, aýdymy ussatlyk bilen aýdyşy köpleriň göwnünden turýar. 1937-nji ýylda ol Aşgabatda geçirilýän çeper höwesjeňleriň respublikan gözden geçirilişine gatnaşanda, egni keteni köýnekli, başy kümüş gupbaly, lybaslaryna şaý-sep dakylan gyz sahna çykmaga ýaýdanýar, aljyraýar. «Şol wagt sesim maňa ýat we uzaklarda ýaňlanýan ýaly bolup göründi. Öz sesimden gorkdum» diýip, halypa gürrüňçilikde ýatlaýardy. Bu çykyş onuň ömür kerwenini, ykbalyny aýdym-saz bilen baglan taryhy wakalaryň biri bolýar. Ol türkmen aýdym-saz sungatynyň läheňleri Sahy Jepbarow, Magtymguly Garlyýew, Oraz Salyr, Pürli Saryýew dagy bilen Moskwa gidip, Bütinsoýuz radiosynda aýdymlaryny ýazgy etdirýär. Kompozitor zenan Esfira Moiseýewanyň şahyr Garaja Burunowyň sözlerine döreden «Ur, çekijim, ur!» diýen aýdymyny öz ýerine ýetirmeginde radioda diňlände has hem ruhlanýar. 1938-nji ýylda Moskwanyň Çaýkowskiý adyndaky Döwlet konserwatoriýasynyň türkmen bölümine okuwa giren Maýa Kulyýewanyň Russiýanyň döwlet akademiki Uly teatryna hepdede bir gezek mugallymlary bilen gidip, operalara tomaşa etmegi, Dzeržinskaýa, Kozlowskaýa, Barsowa ýaly ajaýyp artistleriň ariýalary aýdyşlaryny diňlemegi onuň saz älemine bolan dünýägaraýşyny artdyrýar. Ol köp wagtyny roýalyň başynda oturyp, sesini kämilleşdirýär, onuň üstünde işleýär. Çekýän irginsiz zähmetiniň netijesinde Maýa Kulyýewanyň tebigy sesi professional saz sungatynyň köptaraply soprano sesiniň açylmagyna ýardam edýär. Ol dünýä belli kompozitorlar Bethoweniň, Werdiniň, Glinkanyň, Çaýkowskiýniň, Mosartyň ýazan operalaryndan ariýalary ussatlyk bilen ýerine ýetirmegi başarýar. Aşgabatda Türkmen opera we balet teatryny açmakçy bolanlarynda türkmen oglan-gyzlaryndan aýdym-saz bilen meşgullanýan milli hünärmenler gerek bolýar. Şeýle ýagdaýda Maýa Kulyýewa boýdaşy Adygül Orazowa, ady belli kompozitorlar bolup ýetişen Hydyr, Ylýas Allanurowlar, Aşyr, Gurban Kulyýewler bilen wagt tapyp, teatrda goýuljak ilkinji operada çykyş etmeklige höwes bildirýärler. Taýýarlyk işleri üstünlikli geçýär. «Bagşynyň ykbaly» atly operada Maýa Kulyýewa Uzukjanyň keşbini janlandyrýar. Ýokary perdede ýaňlanan ariýa tomaşaçylaryň gyzgyn söýgüsine mynasyp bolýar.
1941-nji ýylyň 6-njy oktýabrynda Aşgabatda ilkinji opera we balet teatry açylýar. Teatra zehinli režissýor Alty Garlyýew ýolbaşçy bellenilýär, Hydyr Allanurow bolsa dirižýor bolýar. Beýik Watançylyk urşunyň gidip durandygyna garamazdan, teatryň artistleri halkyň ruhuny galdyrmak üçin dürli operalar bilen çykyş edýärler. Moskwanyň we beýleki şäherleriň saz sungaty boýunça ýokary okuw mekdeplerini gutaryp gelen, soňra milli opera sungatynyň ussatlary bolup ýetişen ýaşlar operalardaky gahrymanlaryň keşplerini döredip, tomaşaçylary begendirýärler. Teatryň artistleri medeniýet we sungat işgärlerinden düzülen topar bilen urşuň dowam edýän gyzgyn nokatlarynda bolup, özleriniň çykyşlary bilen esgerleri beýik ýeňşe ruhlandyrýarlar. Olaryň arasynda Maýa Kulyýewanyň ýanýoldaşy, Türkmenistanyň halk artisti Hojadurdy Annaýew hem bardy.
Türkmen opera we balet teatrynyň ýolbaşçysy, şol bir wagtda-da režissýory Alty Garlyýew Maýa Kulyýewanyň zehinine uly baha bermek bilen, oňa teatrda goýulýan operalaryň baş gahrymanlarynyň keşbini döretmekligi ynanypdyr. Sebäbi adygyp ugran aýdymçy zenanyň döredýän keşpleri ynandyryjydy, ariýalaryň ýerine ýetirilişi ussatlygyň ýokary derejesindedi. Ýöne ýerden kärdeşleri Maýa Kulyýewa: «Teatrymyzyň şeýda bilbili» diýip, oňa hormat bilen ýüzlenmedik bolsalar gerek?! Zehinli aýdymçynyň «Zöhre—Tahyrda» Zöhräniň, «Abadan» operasynda Abadanyň, «Şasenem—Garypda» Şasenemiň we Garybyň ejesiniň, «Leýli—Mejnunda» Leýliniň, «Ýewgeniý Oneginde» Tatýananyň we ýene-de köp-köp gahrymanlaryň keşpleri, onuň belent heňli aýdan ariýalary uzak wagtyň dowamynda tomaşaçylaryň kalbynyň töründe orun aldy. Onuň mahmal sesi dünýäniň köp ýurtlarynyň sahnasynda ýaňlandy. Aýdym-sazyň muşdagy bolan türkmen halky beýik ussadyny hiç wagt unutmaýar, hemişe ýagşylykda ýatlaýar. Arada ýaşuly zenanlaryň biri bilen Maýa Kulyýewany ýatlap otyrkak, ol:
— Halypanyň türkmen kinolarynda döreden keşplerini diýsene! Ho-ol «Çopan ogly» filmindäki Şekeriň keşbi, Maýa Kulyýewanyň türkmen zenanyna mahsus owadanlygy, gelşikli lybasy şu günki ýaly göz öňümde — diýdi. Bu, hakykat.
— Opera — bu aýdym-saz sungatynyň gaýmagy. Gaýmak bolsa näzik bolýar. Diýmek, näzikligi ynjytmazlyk üçin oňa seresap çemeleşmeli, goramaly. Bu opera aýdymçysynyň sesiniň, bokurdagynyň üstünde yzygiderli işlemelidigini, ony gorap saklamalydygyny aňladýar — diýip, ussat halypa aýdardy. Ol öz şägirtlerinden hem işjanly bolmagy talap ederdi.
Türkmeniň belent owazly, mylaýym sesli şeýda bilbili, türkmen opera sungatynyň ösmegine we kämilleşmegine, onuň ussat aýdymçy ýaşlar bilen baýlaşmagyna aýratyn uly goşant goşan Maýa Kulyýewanyň çeken zähmetine ýokary baha berildi. Oňa 1943-nji ýylda «Türkmenistanyň at gazanan artisti», 1952-nji ýylda «Türkmenistanyň halk artisti», 1955-nji ýylda «SSSR-iň halk artisti» diýen hormatly atlar dakyldy. Türkmen medeniýetine we sungatyna uly sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyzyň Permany bilen 2008-nji ýylda Maýa Kulyýewa Türkmenistanyň Gahrymany diýen belent adyň eýesi boldy. Onuň ady Türkmen milli konserwatoriýasyna dakylyp, ebedileşdirildi.
Ogulbaýram TAGANOWA