Zynatdyr elwan parçalar


Zynatdyr elwan parçalar



Türkmen halky nepis senetleriň naýbaşy görnüşlerini kämil sungat derejesine ýetirip, gözelligiň täsin nusgasyna öwürmegi başarypdyr. Şeýle senetlere türkmeniň dokmaçylygy, ýüpekçiligi hem-de halyçylygy degişlidir.
Miladydan öňki II-I we miladynyň I-IV asyrlarynda dokmaçylygyň ösendigini arheologik tapyndylar tassyklaýar. Nusaýda dokalan nah, ýüpek we ýüň matalaryň, halylaryň şöhraty gadymy Ýewropa döwletlerine baryp ýetipdir.
B. e. öňki III-II asyrlarda gadymy Horezm ýerlerinde Arabaçylar döwletiniň döwründe senetçilik hem- de söwda ösüpdir. Olaryň mesgenleriniň tebigaty kendir süýümini berip biljek kenep önümçili gini ösdürmäge mümkinçilik beripdir. Bu ösümlik aýry- aýry döwürlerde we sebitlerde dokmaçylygyň esasy çig maly bolup hyzmat edipdir. Aýal -gyzlar sadaja dokma enjamlary bilen dürli galyňlykdaky matalary dokapdyrlar.
VII-IX asyrlarda Gündogarda dokma önümçiliginiň iň meşhur merkezi Merw hasaplanyp, ol ýerde «tawwazi», «kazin», «mulham», «tarwi» diýen matalar dokalypdyr. Sasany döwletiniň (226 — 651ý.ý.) şalary we barly adamlary Merwiň ýuka ýüpek we nah matalaryna, şeýle-de ýüpek, nah we ýüň gatyşdyrylyp dokalan matalaryna uly isleg bildiripdirler. Mysal üçin, «mulham» ýüpek we pagta süýümi gatyşdyrylyp, ýiti açyk reňklere boýalyp dokalan, häzirki zaman ýuka atlazlary ýatladýan matadyr. Merwde dokalan ýukajyk matalardan tikilen geýimleriň hemmesi arap dünýäsinde «şahyjany» diýlip atlandyrylypdyr, syk dokalan geýimler bolsa «marwi» ady bilen belli bolupdyr. Özüniň tebigy-howa şertleri boýunça ýurdumyz hemişe orta we inçe süýümli gowaçany ösdürip ýetişdirmek üçin amatly bolansoň, ady agzalan matalaryň köpüsi pagtanyň inçe süýüminden ýa-da oňa beýleki süýümler garylyp dokalypdyr.

Merwiň ilatynyň pagtaçylygyň hem-de ýüpekçiligiň kämilleşmegi ugrunda tutanýerli zähmet çekmegi dokma senagatynyň ösmegine ýardam edipdir. Muny IX asyryň arap geografy al-Istahriniň Merwde ýüpekden, pagtadan ýokary hilli matalaryň dokalandygy we olaryň köp mukdarda daşary ýurtlara çykarylandygy barada ýazanlary tassyklaýar.
IX-X asyrlarda ösen söwda merkezleriniň biri Mawerennahr Amyderýanyň we (Syrderýanyň aralygynyň orta asyrlarda atlandyrylyşy) hasaplanypdyr. Geograf al- Makdisiniň ýazmagyna görä, onuň iň uly we ösen şäherleri bolan Amuldan we Sogddan matalaryň dürli görnüşleri satmak üçin äkidilipdir.
Ibn Haukalyň ýazmagyna görä, Sogduň Wedar diýen ýerinde pagta süýüminden sary reňkli, berk, ýokary hilli mata dokalypdyr. Başga ýurtlarda ol wedar matasy diýlip atlandyrylypdyr. Bu mata Horasana getirilip, ondan kaşaň nagyşlanan geýimler tikilipdir. Olary Bagdadyň atly-derejeli adamlary geýipdirler. Al-Makdisiniň bellemegine görä, Bagdadyň soltanlarynyň biri wedar matasyny «Horasanyň parçasy» diýip atlandyrypdyr.
X asyrda ýaşan geograf al-Mukaddasiniň ýazmagyna görä, Nusaý we Abiwerd ýaly ösen orta asyrlar şäherlerinde arap ýurtlaryna çykarylýan «zanbaft» atly ýüpek matadan geýim tikipdirler. Arap taryhçysy Ýakutal-Hamawynyň ýazmagyna görä, Ürgençde «karsaw» nah matalary öndürilipdir.
XVII — XVIII asyrlarda dokmaçylyk işleri, esasan, öýde alnyp barlypdyr. Mysal üçin, Müňgyşlak türkmenleriniň hojalygynda düýe ýüňünden çäkmen tikmek üçin «armýak» dokalypdyr. Bu matany dokamak Hywa türkmenleriň arasynda-da giňden ýaýrapdyr. «Armýak» arassa ýüňden dokalan galyň mata bolup, ol erkekler üçin niýetlenen çäkmeni tikmek üçin ulanylypdyr.
Gelin-gyzlar özleri üçin, esasan, keteni, daraýy, çepbetew, nah we ýüpek gatyşdyrylan göwderi, garma, galbiri, alaça dokapdyrlar. Gelin-gyzlaryň egin-eşigi köplenç ýüpekden bolupdyr, baýramçylyk günleri erkeklere-de ýüpek matalardan egin-eşik tikilipdir. Türkmenlerde dokalýan matalar, tikilýän egin-eşikler, esasan, gyzyl, ýaşyl, goýy gyrmyzy, gök reňklerde bolupdyr.
1860-njy ýyllaryň başlarynda ýurdumyzda bolan fransuz ofiseri, jahankeşde, suratkeş we topograf Gulibef de Blokwil öz ýatlamalarynda: «Türkmen zenanlarynyň jemgyýetdäki mertebesiniň örän belent bolşy ýaly, olaryň dokaýan ýüň, ýüpek, nah matalary hem iňňän ýokary hillidir» diýip, şol döwürde dokmaçylygyň ösendigi barada ýazgy galdyrypdyr.

Güljahan BALLYÝEWA