Aşyk Aýdyň Pir
Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ruhy mirasymyzy goramaklykda, baýlaşdyrmaklykda we içgin öwrenmeklikde uly işleriň amal edilýändiginiň şaýady bolýarys. Adaty boluşy ýaly «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» ýylynda hem milli medeniýetimizi, taryhy gymmatlyklarymyzy aýap saklamaga we wagyz etmeklige Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda bimöçber işler alnyp barylýar. Biziň ýurdumyzda medeni ulgamda gazanylýan üstünlikleriň ählisi halkyň ruhy-ahlak gymmatlyklarynyň hataryna goşulýandygy hem begençli waka höküminde kabul edilýär.
Daşoguz welaýaty – döredijilik ukyby bolan köp sanly meşhur şahsyýetleriň mekanydyr. Türkmenistanyň geografiýasynyň bu künjeginde aýdymyň we sazyň ussasy bolan, asyl ady Şyhabeddin Abu Hafs Ömer bin Abdulla as-Suhrawerdin – Aşyk Aýdyň Pir hem ýaşapdyr. Onuň kümmeti gadymy Şähribossanyň belentliginde Akjagelin galasynyň ýanynda ýerleşýär. Bu ýer şahyrlaryň, aýdymçy-sazandalaryň, döredijilik adamlarynyň, taryhy söýüjileriň we syýahatçylaryň, şol sanda daşary ýurtly myhmanlaryň köpçülikleýin zyýarata gelýän ýerine öwrüldi. Aşyk Aýdyň Piriň ýaşan we döreden döwri XI-XII asyrlara gabat gelýär. Ol ussat sazanda we kyssaçy, halk döredijiliginiň wagyzçysy hökmünde meşhurlyk gazanypdyr. Onuň bilen beýik döwletleriň hökümdarlary hem geňeşipdirler. Piriň ady gündogar halklaryň aglabasynyň hekaýalarynda, rowaýatlarynda we folklor eserlerinde agzalyp geçilýär.
Halk arasynda aýdym-sazyň piri hasaplanýan Aşyk Aýdyň garyp-gasarlara goldaw berip, jemgyýetçilik gatnaşyklarynda mydama adalatly çözgüdiň tarapynda bolupdyr. Aşyk Aýdyň halk arasynda uly hormatdan peýdalanýan edebi eserleriň mifiki gahrymany höküminde hem bellidir. Il içinde aýdyşlaryna görä Aşyk Aýdyň Pir köp ugurdan ylmy bolan, tebigy zehinli adam bolup, sungaty inçeden bilýän, pelsepe pikirleri bilen köpleri haýrana goýmagy başaran ynsan bolandygy bellenmäge mynasypdyr. Şonuň üçin akyldaryň ýanyna dürli ýerlerden adamlar gelip, ondan maslahat sorapdyrlar. Türkmenlerde şeýle bir ynanç bar, egerde adam öz ykbalyny aýdym-saz bilen baglanyşdyrmak islese Aşyk Aýdyň Pirden «ak pata» almaly eken. Belli taryhçy alym Öwez Gündogdyýewiň ýazmagyna görä «Aşyk Aýdyň Horezm türkmenleriniň arasynda aýdymçylaryň we sazandalaryň Piri hasaplanypdyr».
Gündogary öwreniji alymlaryň köpüsi Aşyk Aýdyň Piriň keşbine uly üns beripdirler. Olaryň käbirleri ony mifiki gahryman diýip görkezseler, ýene birleri ony örän zehinli, ylymdar, başarnykly şahsyýet bolandygyny we döwürdeşleriniň arasynda uly sarpadan peýdalanandygyny, eger gerek bolsa, ýagdaý şony talap etse söhbetdeşiniň aňyna täsir edip bilendigini ykrar edýärler. Belli gündogary öwreniji etnograf W.N.Basilowiň pikirine görä Aşyk Aýdyňyň halatly bolup çylşyrymly hünäri kemsiz bilendigini, ýaramaz niýet bilen ýanyna gelen garşydaşyny kä halatlarda gürrüňdeşligiň barşynda huşyndan gidirendigini belleýär.
Käbir bilermenleriň belleýşi ýaly, bu keşp Gorkut Atanyň mifiki keşbi bilen bagly bolmagy hem ähtimal. Halk arasyndaky ynançlarda öz ykbalyny aýdyma ýa-da saza baglajak ynsan Aşyk Aýdyň Piriň guburyna baryp, garaňky gatlyşanda aýdym aýdyp, dutarda saz çalmaly bolupdyr. Pir ruhy zyýarat edýäniň ýanyna gelip aýdym aýtmaga, saz bilen meşgullanmaga ak pata berýärmiş. «Nejep oglan» dessanynda Aşyk Aýdyň Pir öz şägirdine jadyly dutary sowgat berýär we saz bilen hassany bejermeklik ýaly ukyplary döredýär.
Görogla bagyşlanan şadessanda Aşyk Aýdyň Pir baş gahrymanlaryň biridir. Ol Göroglynyň ýakyn dosty senetçi ussanyň ogly Keremiň Harmandälä öýlenmegine kömek edýär. Dessandan bilişimiz ýaly, Harmandäli özüne öýlenmekçi bolan ýigitleriň ählisini, şol sanda Göroglyny hem-de Keremi pälwançylykda, aýdym aýtmakda, saz çalmakda ýaryşyp ýeňýär. Harmandälini ahyrsoňy Aşyk Aýdyň ýeňlişe sezewar edýär we özüniň öýlenme hukugyny Kereme bagyş edýär.
Edil şunuň ýaly waka Gorkut Atada-da duş gelýär, ol hekaýatda ýetişen gyzyň uly agasy uýasyna öýlenjek bolýanlaryň ählisini heläk edýän hem bolsa, ahyry ýeňlişe sezewar bolýar.
Daşoguz welaýatynda beýik halypanyň ýagty ýadygärligine bagyşlanyp, onuň heýkeli dikeldildi we metjit guruldy. Olaryň ýanynda bolsa milli saz guraly bolan dutaryň heýkeli durýar. Türkmen milli saz guraly dutara bagyşlanan heýkel türkmenleriň saza bolan söýgüsiniň we aýdym-saz sungatynyň däplerine bolan hormatynyň simwoliki alamatydyr.
Atageldi NEPESOW