Ahalteke bedewlerimiz ýurdumyzyň buýsanjy


Ahalteke bedewlerimiz ýurdumyzyň buýsanjy



Her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde gözellikde hem-de ýyndamlykda deňi-taýy bolmadyk ahalteke bedewlerimiziň şanyna Türkmen bedewiniň milli baýramy uludan tutulýar. Dünýäde iň ýyndam we gözel atlar hökmünde uly şan-şöhrata eýe bolan türkmen bedewleri Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ähli toý-baýramlarymyzyň bezegine öwrüldi. Ýurdumyzda giňden toýlanýan Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanan çäreleriň maksatnamasynyň hatarynda, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň mejlisiniň, ahalteke bedewleriniň gözellik bäsleşiginiň, uzak aralyga atly-marafonyň we beýleki atçylyk sportuna degişli ýaryşlaryň geçirilmegi dabaralaryň ähmiýetini has-da artdyrýar.

Türkmenlerde bolşy ýaly, dünýäniň hiç bir künjeginde bedewlere hormat goýlup, onuň bilen belent maksatlar baglanyşdyrylmaýan bolsa gerek. Bedewiň owadan nagyşlanyp, üstüne atylýan halyçadyr keçeleri, içirgileri, ýarym gymmat bahaly daşlary we kümüşden sünnälenen esbaplary türkmen bedewiniň gözelligine gözellik goşýar.

Türkmenlerde ülke-şäherleriň, oba-kentleriň arasynda habarlary, hatlary, permanlary alyp gidýän «Çapar atlary», uzak aralyklara gidýän «Menzil atlary», baýramlarda, toýlarda we beýleki dabaralarda hyzmat edýän «Dabara atlary», geçirilýän baýramçylyklaryň at çapyşyklaryna gatnaşýan «Çapuw atlary» bolupdyr. Edebi döredijiligimize ser salanymyzda, türkmen bedewlerine degişli ýazgylara köp duş gelýäris. «Görogly» şadessanynda Gyrat Görogly beg Türkmeniň soňky demine çenli wepaly syrdaşy, ömürlik hemrasy bolupdyr. Milli Liderimiz: «Biz öz bedewlerimize ünsi birjik-de gowşatmarys, çünki olar biziň buýsanjymyz we şöhratymyzdyr, biziň galkynyşlarymyzyň gözbaşydyr. Türkmen topragynda dünýä inen ahalteke bedewi täsin sazlaşygyň, gözelligiň, ajaýyplygyň, tebigatyň beren we ynsan zähmetiniň we paýhasynyň netijesinde kämilleşdirilen deňsiz-taýsyz okgunlylygyň nyşany bolup durýar!» diýen parasatly sözleri türkmen halkynyň ajaýyp atlaryna bolan garaýşynyň iň ýokary derejesini şöhlelendirýär.

Sähragül BEGSÄHEDOWA