Täze kitap — täze dünýä


Täze kitap — täze dünýä



Halkymyzda täze kitabyň dünýäňe üýtgeşik täsir edýän ýakymynyň bardygy dogrusynda aýratyn nygtalyp aýdylýar. Ol aýtgylar her birimiziň ýüregimize ornap, dünýämizde kitaba bolan aýratyn hormaty, söýgini, höwesi oýarýar. Hormatly Prezidentimiziň dynç alyş döwrüni hem çeper döredijilige bagyş edip, täze kitabyny ýazyp tamamlandygy hakyndaky habary eşidenimizde çyn ýürekden begenipdik. Ony şol pursatdan okamaga howlugypdyk. Edil garaşyşymyz ýaly, mähriban Arkadagymyzyň bu gymmatly eseri — «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitaby bu günki günde elimizde. Türkmen döwletliliginiň naýbaşysy bolup durýan bu ýörelgäni uly bir diwanda jem eýlän ýurt Baştutanymyzyň paýhasy ýüreklerden ýüreklere ýaýylýar, dünýä ýaň salýar. Öz taryhynda beýik döwletleri guran, belent mertebelere eýe bolan halkymyz döwletli döwranyň, döwletliligiň eýesi bolup, baý milli mirasy we ençeme gymmatly ýörelgeleri döredip, ony dowamat dowam eýläp gelipdir. Ol miras, ýörelgeler, şu gymmatly kitapdan hem görşümiz ýaly, gönüden-göni türkmen halkynyň durmuşy, ýaşaýşy, däp-dessurlary, milli aýratynlyklary bilen baglanyşykly bolup, halkymyzyň millet, onda-da beýik millet hökmünde dünýä çykmagyna, tanalmagyna, dünýä swilizasiýasyna goşandyny goşmagyna iňňän uly täsirini ýetiripdir.
Täze kitap — täze pikir! Täze kitap — täze açyş! Täze kitap — täze garaýyş! Ylmy gözlegleriň netijesi! Irginsiz zähmetiň miwesi! Durmuş tejribesi! Ylhamyň gaýnap joşmasy! Şonuň üçinem, islendik täze kitaby eliňe alanyňda bada-bat şu gymmatlyklary duýmak bolýar. Ol seni täze bir pikirler ummanyna, açyşlar dünýäsine, garaýyşlaryň ýaýladyr menzillerine sary alyp gidýär. Hut şeýledigi üçin, täze kitabyň ýakymy-da, özüne çekijiligi-de, täsiri-de başgaça bolýar. Ol gymmatlyklaryň adama eçilýän lezzetini diýsene! Ol lezzeti, meger, okyjy bolup duýmakdan uly bagt ýok bolsa gerek. «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylymyzyň taryhyny aýdyň şöhlelendirjek, 25 ýyllyk toýy toýlanýan hemişelik Bitaraplygymyzy äleme ýaýjak bu gymmatly kitabyň köňül güzerimizi täze pikirdir duýgular bilen baýlaşdyryp, müňýyllyklary yzda galdyryp, şu güne çenli dowam, dowamat bolup gelýän milli mirasdyr ýörelgelerimize buýsanmaga, guwanmaga ýene bir gezek mümkinçilik döretjekdigine tüýs ýüregimiz bilen ynanýarys. Biziň her birimiz olary gözümiziň göreji ýaly goramaga, aýawly saklamaga borçludyrys. Şu pursatda Gahryman Arkadagymyza şeýle gymmatly eseri peşgeş berendigi üçin müň kerem sagbolsun aýdyp, janynyň sag bolmagyny, alyp barýan işleriniň rowaç bolmagyny, kitaplarynyň höwrüniň köp bolmagyny arzuw edip, sözümizi goşgy setirleri bilen jemlemegi makul bildik:

Şöhratymyz hem şanymyz bu gün Arşa galandyr,
Serweriniň Şa başyna döwlet guşy gonandyr,
Ýüreginde Watan yşky, gollarynda galamdyr,
Eser ýazyp begendirýär halkyn, Arkadagymyz!

Bedewlerde görüp döwrüň ösüş, bad-u-kemalyn,
Ýazýarys biz ýüreklere Beýikleriň kelamyn,
Akyl-paýhas ummanynyň baýram eýläp kenaryn,
Eser ýazyp begendirýär halkyn, Arkadagymyz!

Buýsançlydyr zamanamyz, joşgunlydyr göwnümiz,
Joşa gelýär sähralarmyz, daglarymyz, deňzimiz,
Beýan tapyp geçmişimiz, şu günümiz — döwrümiz,
Eser ýazyp begendirýär halkyn, Arkadagymyz!

Müňýyllykdan gözbaş alyp halkymyzyň taryhy,
Buýsandyrýar hemmämizi — işçi, daýhan, talyby,
Ine, paýhas, ine, durmuş ummanynyň tarypy!
Eser ýazyp begendirýär halkyn, Arkadagymyz!

«Arkadagym!» diýýän halkyň kalb-u-dili dogaly,
Aň-bilimli nesilleri dowamatyň dowamy,
Elimizde ajaýyp bir täze kitap dogaýy,
Eser ýazyp begendirýär halkyn, Arkadagymyz!

Arkadagym, Siz ylhamyň akabasy, Siz Dana!
Çuňňur paýhasa eýlenen sözlerňiz däne-däne,
Her bir bendi, her bir sözi dürdänedir, dürdäne!
Eser ýazyp begendirýär halkyn, Arkadagymyz!

Ogultäç ORAZTAGANOWA