SEÝITNAZAR SEÝDINIŇ TÄZE TAPYLAN ŞYGYRLARY


SEÝITNAZAR SEÝDINIŇ TÄZE TAPYLAN ŞYGYRLARY



Hormatly Prezidentimiziň yzygiderli tagallalary netijesinde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe maddy gymmatlyklarymyz bilen bir hatarda ruhy mirasymyzy, şunda ruhy gymmatlyklarymyzyň gözbaşy bolan golýazma çeşmelerini, halk döredijilik eserlerini, rowaýatlary toplamak, ylmy esasda töwerekleýin öwrenmek, neşir etmek, geljekki nesiller üçin aýap saklamak babatda ägirt uly işler edilýär. Türkmen halkynyň geçmişde ýaşan taryhy şahsyýetleriniň, şahyrlarynyň, alymlarynyň ömri we döredijiligi düýpli öwrenilýär. Olaryň miras galdyran edebi, taryhy eserlerini, halk döredijiliginiň nusgalaryny toplamak maksady bilen ýurdumyzyň çäklerine we daşary ýurtlara dowamly ylmy saparlar guralýar.
Milli Liderimiziň 2020-nji ýylyň 17-nji ýanwarynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde maddy däl medeni mirasymyza degişli nakyllary, rowaýatlary, beýleki gymmatlyklarymyzy toplamak, çap etmäge taýýarlamak barada beren tabşyrygyna laýyklykda, alymlardan, medeniýet we bilim işgärlerinden düzülen ylmy toparlaryň ýurdumyzyň welaýatlarynda iş saparlarynda bolandygy hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär.
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň alymlary-da türkmen halkynyň taryhyna, sungatyna, medeniýetine, edebi ruhy mirasyna degişli çeşmeleri gözläp tapmak maksady bilen ýörite ylmy iş saparlaryny guraýarlar.
Ata-babalarymyzdan miras galan we täze tapylan golýazmalaryň arasynda zer öwüşginli reňk bilen jäheklenen bir golýazma XIX asyr edebi mirasymyzy öwrenmekde ähmiýetli çeşmeleriň biri boldy. Bu golýazmada ady henize çenli ylmy jemgyýetçilige mälim bolmadyk ýa-da az mälim bolan Şöwket, Muhy, Kemi Molla, Penaýy ýaly birnäçe şahyrlaryň şygyrlary gabat geldi. Täze tapylan bu eserler institutyň alymlary tarapyndan öwrenilmäge başlandy. Bu bolsa milli edebiýatymyzyň, nusgawy şahyrlarymyzyň döredijiliginiň dikeldilmegine, edebiýatymyzyň töwerekleýin, çuň öwrenilmegine ýardam eder.
Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň hemaýatlary esasynda guralýan ylmy saparlar esasynda 2011-nji ýylda Balkan welaýatyndaky golýazmalarda nusgawy şahyrlarymyz Magtymguly Pyragynyň 4, Gurbandurdy Zeliliniň 2, Seýitnazar Seýdiniň hem 10 sany goşgusynyň bardygy öwrenildi. Bu gymmatly tapyndylar barada gyzgyny bilen «Türkmenistan» gazetinde çykyş edilip, Magtymgulynyň täze goşgulary halk köpçüligine ýetirilipdi. Ýakynda nusgawy şahyrymyz Seýitnazar Seýdiniň mundan ozal ylmy jemgyýetçilige mälim bolmadyk ýene-de birnäçe goşgusy ýüze çykaryldy. Olar häzir TYA-nyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň 2-nji, 6147-nji we 297CD bukjalarynda saklanylýar. Hiç wagt gymmaty egsilmejek bu eserlerde nusgawy şahyryň tebigata, dünýä, jemgyýete, ýaşaýşa, söýgä, haýra we şere bolan paýhaslary jemlenip, halkyň taryhy, däp-dessury, milli aýratynlyklary, sagdyn ruhy-ahlak gymmatlyklary hem beýanyny tapýar. Olarda şahyryň ylahy we dünýewi yşka bolan duýgy-düşünjeleri şöhlelenýär. Türkmen halkynyň mertebesini, dilini, milli buýsanjyny, hakydasyny özünde jemlän, heňňamlaryň synagyndan geçen şeýle gymmatlyklarymyz ýaş nesilleri watançylyk, halallyk, dost-doganlyk, ynsanperwerlik ýaly belent adamkärçilik ruhunda terbiýelemekde örän ähmiýetlidir.
Nusgawy şahyrymyz Seýitnazar Seýdiniň täze tapylan golýazmalary esasynda taýýarlanylan, mundan ozal halk köpçüligine mälim bolmadyk şygyrlarynyň käbirini okyjylara hödürleýäris.

Rahmanberdi Godarow

ÝALAN JAHANA

Ogulbeg, [eý] janym, bu şirin adyň,
Ýaýylandyr külli ýalan jahana.
Sençe ýokdur husny hiç perizadyň.
Çünki sen ogşar sen hüýri-gulmana.

Köňüller açylar güler ýüzüňden,
Iman bähre alar şirin sözüňden,
Ol iki sürmeli gara gözüňden
Kän kişi ýykylyp, talaň sen jana.

Çyksaň ak ýüzüňe çekmeýin perde,
Her kim görse, galar tükenmez derde.
Mejlisler gurular sen bolan ýerde,
Kim bakarmyş özge gyz-u-juwana.

Goýnuňdyr dünýäde jennetiň bagy,
Barçanyň söýüner gözi-gulagy,
Inçe biliň gunça-gülüň pudagy,
Ragna kaddyň ogşar serwi-rowana.

Gülende ogşar sen gunça-güllere,
Adyň sena bolmuş dilden-dillere.
Ýol ýörseň sallanyp sagdan sollara,
Ot salar sen ýüz müň dine-imana.

Gülgün geýip altyn-kümüş saz bile,
Çyksaň öýden köp kereşme-näz bile,
Şonda her bir adam [müň] pişwaz bile,
Sözleseň, akyldan galar bigäne.

Ýaňaklaryň ter açylan läledir,
Jellat gamzalaryň janlar aladyr,
Seýdi [bir] bilbildir, işi naladyr,
Duşanda sen kibi güli-handana.

ÝAR, SENIŇ GURBANYŇ OLSUN!

Ýüzüň kuýaş, gaşyň hilal,
Ylahym, tapmasyň zowal,
Perilerde Medhaljemal,
Ýar, seniň gurbanyň olsun!

Kaddyň göýä, serwi-rowan,
Geýseň ýaraşar arguwan.
Ýüz müň gelin, ýüz müň juwan,
Ýar, seniň gurbanyň olsun!

Köp kereşme kyla-kyla,
Ulug bolup sen bar ile,
Seýdi [diýr], ýüz şükür ile,
Ýar, seniň gurbanyň olsun!

HAN MENIŇ

Men garyba beýle sütem etmegin,
Aman-nurbat, ýet dadyma han meniň.
Her gediniň sözlerine gitmegin,
Aman-nurbat, ýet dadyma, han, meniň.

Zähep ýere düşse hergiz pos bolmaz,
Göwher zeňňar tutmaz, kümüş mis bolmaz,
Ýeke galan är ýigide dost bolmaz,
Aman-nurbat, ýet dadyma, han, meniň.

Ol Muhammet — Fahry-jahan hormaty,
Hak arslany Şahymerdan hormaty,
Hasan, Hüseýin — iki soltan hormaty,
Aman-nurbat, ýet dadyma, han, meniň.

Bir adam ibergin, bolsun adalat,
Ne maňa, ne saňa etsin hyýanat,
Dest meniňdir, giribanyň kyýamat,
Aman-nurbat, ýet dadyma, han, meniň.

Zergär biler ýagşy zeriň gadryny,
Nadanlar nä bilsin duzuň gadryny,
Är ýigitler biler äriň gadryny,
Aman-nurbat, ýet dadyma, han, meniň.

Seýdi diýer, gizlin syrym bereýin,
Telmuryp ýöreýip, boýnum buraýyn,
Bolan işi Hatyjadan göreýin,
Aman-nurbat, ýet dadyma, han, meniň.

ÝAT ETDIM

Ejiz men ýat illerde,
Gaffar diýdim, ýat etdim.
Galdym aýak astynda,
Kahhar diýdim, ýat etdim.

Umydym Senden üzmen,
Beýle hijrana dözmen,
Bir binowa ejiz men,
Setdar diýdim, ýat etdim.

Pazlyň bile ýa Subhan,
Rehm eýlegin ýa Rahman,
Müşgil işim kyl asan,
Jepbar diýdim, ýat etdim.

Ýat illerde galdym har,
Synamda derdim bisýar,
Senden özge ýok hossar,
Gamhor diýdim, ýat etdim.

Seýdi diýer, Allahym,
Hetden aşypdyr ahym,
Bir Sen barsyň, penahym,
Rahman diýdim, ýat etdim