Kämiller kämil keşbiň yşkynda


Kämiller kämil keşbiň yşkynda

Ýakynda zehinli kompozitor Nury Halmämmedowyň doglan gününiň 85 ýyllygy mynasybetli «Mukama siňen ömür» atly festiwal geçirildi. 27-28-nji oktýabr günlerinde paýtagtymyz Aşgabatda, Arkadag şäherinde hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda geçirilen baý mazmunly bu festiwalyň medeni maksatnamasy ylmy-amaly maslahatlary, sergileri, konsertleri we sahna oýunlaryny öz içine aldy.

Milli taryhy-medeni mirasy aýawly saklamak, öwrenmek, türkmen halkynyň baý ruhy mirasyny wagyz etmek, milli we dünýä medeniýetiniň gymmatlyklarynyň her bir raýat üçin elýeterliligini üpjün etmek babatda ýurdumyzyň muzeýlerinde hem netijeli işler alnyp barylýar. Muzeý gaznalarynyň üsti bilen sergilenýän şekillendiriş sungatynyň eserlerine aýratyn ähmiýet berilýär.

Türkmen suratkeşleri halk aýdym-saz sungatynyň halypalary Amangeldi Gönübegiň, Şükür bagşynyň, Girman bagşynyň, Sahy Jepbarowyň, ajaýyp türkmen kompozitorlary Nury Halmämmedowyň, Daňatar Öwezowyň, Çary Nurymowyň döredijilik mirasyna bagyşlanan birnäçe uly göwrümli eserleri döretdiler. Meşhur kompozitor, Türkmenistanyň halk artisti Nury Halmämmedowyň döreden aýdym-sazlary uly höwes bilen diňlenýär. Ussadyň milli saz sungatyna goşan goşandy bahasyzdyr. Onuň döredijilik mirasy bakylyga ymtylýan üýtgeşik baý ruhy dünýädir.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata-babalarymyzdan miras galan milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Medeniýet, sungat we döredijiligiň ähli ugurlarynyň ägirtlerine belent sarpa goýulýar. Gahryman Arkadagymyz «Medeniýet halkyň kalbydyr» atly kitabynda: «Geçen döwürler bize beýik ussatlary berdi. Biziň wezipämiz olaryň ýoluny mynasyp dowam etdirjek ýaşlary taýýarlamakdan we terbiýeläp ýetişdirmekden ybaratdyr» diýip, parasatlylyk bilen belläp geçýär.

Nury Halmämmedow türkmen milletiniň ruhy taýdan belentdigini saz arkaly dünýä çykardy. Şeýdibem, özüniň meşhur eserleri bilen umumadamzat gymmatlygynyň genji-hazynasyndan mynasyp orun aldy. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Nury Halmämmedowyň doglan gününe 85 ýyl dolýar. Şu mynasybetli, şeýle hem kompozitoryň özboluşly döredijiligini çuňňur öwrenmek, geljekki nesillere ýetirmek, ýaşlarda nusgawy eserlere söýgi döretmek maksady bilen, üstümizdäki ýylyň 27-28-nji oktýabrda ýurdumyzyň welaýatlarynda hem-de Aşgabat we Arkadag şäherlerinde geçirilen «Mukama siňen ömür» atly festiwal möhüm ähmiýete eýe boldy.

Şekillendiriş sungaty muzeýiniň gaznasynda saklanýan gymmatly eserleriň arasynda Türkmenistanyň halk suratkeşi, halypa nakgaş Ýarly Baýramowyň 1977-nji ýylda döreden «Kompozitor Nury Halmämmedowyň portreti» atly işinde ussadyň saz guralynyň başynda oturan pursady çeper şekillendirilipdir. Eserde onuň döredijilik mirasy, halk aýdym-sazlaryna çuňňur hormaty, muşdaklygy özboluşly açylyp görkezilýär. Ýarly Baýramowyň reňk tagçasy hem-de pelsepesi örän giň. Onuň portretlerini synlanyňda, ussadyň edebi mirasymyzy çuňňur öwrenendigine göz ýetirýärsiň. Suratkeş gahrymanlarynyň taryhyny we olaryň eserlerini içgin bilensoň, sungat muşdaklarynyň söýgüsini gazanýar.

Muzeýde saklanýan beýleki gymmatlyklarda — Türkmenistanyň halk suratkeşi Durdy Baýramowyň 1978-nji ýyldaky «Kompozitor Nury Halmämmedowyň portreti», 1985-nji ýylda döredilen «Nury Halmämmedowyň dünýäsi» atly ajaýyp eserlerinde ussat saz dünýäsiniň içinde görkezilmek bilen, onuň döredijilik äleminiň giňligi beýan edilýär. Halypa suratkeş kompozitoryň milli duýgulardyr tebigy zehini bilen utgaşýan gaýtalanmajak dünýäsini açyp görkezýär.

Türkmenistanyň halk suratkeşi Şamuhammet Akmuhammedowyň «Nury Halmämmedowyň portreti» atly işinde kompozitoryň sazlarynyň halkyň ýüregine ýakyndygy, ýakymly hem üýtgeşik ýaňlanyşy, ussatlygy, adamzadyň belent ruhy, täsin tebigat, asyrlary aşyp gelen milli öwüşginler täsirli beýan edilýär.

Gahryman Arkadagymyzyň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly kitabynda hem Nury Halmämmedowa belent sarpany görmek bolýar. Munuň özi ajaýyp kompozitora buýsanjymyzy has-da artdyrýar.

Ismaýyl ORAZOW,

Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýiniň direktory.