SUNGATDA TEBIGAT GÖZELLIGI


SUNGATDA TEBIGAT GÖZELLIGI

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň bilim we ylym ulgamyna, şonuň bilen birlikde hem türkmen sungatyna we medeniýetine aýratyn üns berip gelýär. Şonuň üçin häzirki döwürde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen türkmen nakgaşçylyk sungaty uly ösüşlere eýe boldy. Ýurdumyzda bilim we medeniýet ulgamyny kämilleşdirmek, ony halkara derejesine laýyk getirmek, döwrüň gazananlaryny bilim ulgamyna ornaşdyrmak boýunça birnäçe netijeli işler alnyp barylýar. Häzirki döwürde bilim ulgamyny düýpli özgertmeler, täzelikler bilen ýokary derejelere ýetdi. Ýurdumyzda alnyp barylýan bu özgertmeler şekillendiriş sungatynda hem öz beýanyny tapýar.

Türkmen suratkeşleri öz eserlerinde tebigatymyzyň gözelligini ussatlyk bilen reňk sazlaşygynyň üsti bilen ýerine ýetirip, olary sergileriň üsti bilen halk köpçüligine ýetirýärler. Şeýle suratkeşleriň biri hem Amanmyrat Modyýewdir. Ol şu ýylyň 10-njy noýabrynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda özüniň «40 ädim» atly şahsy sergisini açdy. Sergide, esasan, suratkeşiň peýzaž işleri goýuldy. Şahyrlar peýzažy çeper sözüniň üsti bilen beýan edip, olar peýzaž lirikasyndaky ençeme eserlerinde ýyldyzlary, dolan Aý bilen bezelen gijeleri, gara buluda bezelen asmany, al-ýaşyl öwsüp oturan sährany, jennetden zyýada bagy-bossany suratlandyrýan bolsalar, tebigatdaky şeýle gözellikleri suratkeş dürli reňk sazlaşygynyň üsti bilen halka ýetirdi.

Türkmen nusgawy edebiýatynyň wekili Şeýdaýy peýzaž lirikasynyň ajaýyp nusgasyny döredipdir. Şahyryň «Bagy-bossandyr bu gün» atly muhammesinde gönüden-göni bahar paslynyň gözel görnüşi wasp edilýär. Suratkeş Amanmyrat Modyýewiň tebigat owadanlygyny beýan edýän eserlerinde hem şahyryň wasp eden bagy-bossanlygyny görmek bolýar.

Suratkeşiň güýz bilen baglanyşykly peýzaž eserleri-de bar. Ol güýz paslynyň gözelliklerini şahyr Gurbannazar Ezizowyň taryp edişi ýaly ähli gözellikleri bilen şekillendiripdir.

Şahyr güýz paslynyň paýhasly pasyldygyny belläp geçýär. Gurbannazar Ezizow «Asmanyň syryny, dünýäniň manysyny, durnalaryň hataryndan okaýan» diýmek bilen, güýz oýlanmasynyň üsti bilen durmuşyň tükeniksizdigini, ynsanyň ýer ýüzünde bakylygyny ykrar edýär.

Suratkeşiň tebigat, güýz, ýaz hakdaky eserlerinde ajaýyp peýzažlary, şahyrana suratlary berip bilendigini görýäris.

Orazgözel UTOMYŞEWA,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň uly mugallymy.