Bendiwan (Hekaýa)


Bendiwan
(Hekaýa)

...Toý zalyna girenimden üýtgeşik bir täsir kalbyma doldy. Edil garşymda, içimden parran geçip barýan gözleriň maňa şeýlebir gözügidijilik bilen seredýärdi welin, göwnüme bolmasa, sen meniň gelerime sabyrsyzlyk bilen garaşyp oturan ýalydyň. Otly bakyşlaryň awuna topuljak aç ýolbars kimin, meni görer gözlere görkezmän, bir garaýyşda lak-luk ataýsam diýýärdi. Daş keşbiň salyhatlylygy we gelşikli sypatyň nazarymdan sypmady. Göreçleriň göýä diýersiň, bakyşy bilen meni garaýşyna baglap goýmak isleýän ýaly, çuňňur üns bilen hereketlerimi yzarlaýardy. Näme üçindir, şeýle bolanda, pikiriň başga ýerde bolsa bolsun, kimdir biriniň içgin synlap duranlygyny ýüregiň syzýar. Gaýdyp saňa gözümi aýlamasam hem, şondan soň iki gözüň mende galanlygyny duýupdym.
Bizi töre äkidip, oturmaga ýer görkezdiler. Men sen tarapa garşy gyýagyrak otyrdym. Kellämi sähelçe öwürdigim, maňa bakdyrylyp dikilen heýkel ýaly bolup durşuňy görmek kyn däldi. Ýüregiňde gopýan galagoplulyk, takaty gutaryp barýan gyzgyn bakyşlaryň meni nähilidir bir syrly güýjiň täsiri bilen özüne çekýärdi. Şonda men saňa ogryn gözümiň gyýtagyny aýlanymy duýman galýardym. Ine, şol pillede, seniň töweregiňdäki ýigitlere bir zatlar diýişdirip, maňa ümläniň gözüme kaklyşdy.
Eý, pynhanlyga siňip giden dünýäm! Intizar bakyşlaryň bir seretmegime irikgä bolup, her ýan-her ýan gomalyşyňy bilmegiň meň üçin nähili lezzet beriji pursatlara öwrülendigini sen bir bilsediň! Sen bir bilsediň... maňa garaşylmadyk şatlyk bolup, gaýtalanmajak pursatlary bagş edenligiň... Kalbymy lerzana öwrüp, bakyşlaryma siňip gidenňi... yşkyň ýowuz etaplaryna döz gelmedigim... Sen ömrümiň behişdi süýjülik dünýäsimidiň?!
Hemmeler tansa çykdy. Şondan soň, biz biri-birimizi göremzokdyk. Şonda sen aramyzdaky jemendäni hamana, tutyny serpen deý serpip, kirpikleriň bilen bir ýana süýşürmekçi bolýan ýaly göründiň. Meni tansa çagyrdylar. Men döwre gurap duran, garşymdaky tans oýnaýanlaryň hataryna goşuldym. Indi saňa meniň keşbimden teşneligiňi gandyrmak, gözleriňi süzgekledip yşkyň habarnamasyny ýollamak o diýen kyn düşmeýärdi. Aňtawçy bakyşlaryň öňünde çaýmaklap, özümi güjeňläp ýöresim gelmedi. Elimi çarpdym-da, bir gyrada duruberdim.
Käte bir gözümiz sataşanda, meni bakyşlaryňa baglap goýmak isleýän duýgyň has hyruç alyp, joşa gelýändigi gara merjen deýin ýyldyraşýan gözleriňden mesaňa-mälimdi. Men buýsançly duýgularymyň ýanbermezligindenmi, ýa başga bir sebäpdenmi, bilmedim, hyjuwly kalbym näçe atygsap dursa-da, saňa äwmezeklik bilen sereden bolýardym. Görejimi haýsydyr bir, asla, dykgatyňy çekjek gümany bolmadyk, ýönekeýje, jansyz närselere gönükdirýärdim. Hyýallaryň at çapyp meniň deňime gelende, gursagyňa sygman, atylyp gelýän sowallaryň hyýalyma ýüzlenýärdi:

— Eý köňli baharym, menden nirä gaçyp barýaň?!
Men ýognaksyz jümlelerim bilen, seniň al-petiňden alýardym:
— Nirä baranda näme, men saňa hasabat bermelimi?!
...Ikilenç garaýşymyz sataşan mahaly, gözleriň göwräňe, kirpikleriň penjäňe öwrülip, nazarymy gysmak gysýardy welin, teý goýbererli däldi. Men balyk ýaly sypjyklygym bilen görejiňden typyp, suw deý akyp, tans oýnaýan mähelläniň akymyna gözlerimi oklaýardym. Gyradeň aýlanýan akymyň içinde käte bir görünip gidýärkäm, ýaňadan gözüňden sypdyrmajak bolup, sen hüşgärligiňde baryny edýärdiň. Garam gözüňe ilende bolsa, özelenipler ýalbarýardyň:
— Eý, zülpi käkilim! Näme üçin menden gaçýaň?! Heý-de ynsan bagtyndan gaçarmy?!
Gözleriňe göni garap bilmesem-de, meniň jogabym nagtdy:
— Goý, bagt şeýle güýçli bolýan bolsa, özüne bendiwan etsin. Ömürlik bendiwan etsin...
...Hemme gyzlaryň gözi sende jemlenipdi. Seň ünsüň bolsa mende... Şol barmana, ýanyňdaky ýigitleriň biri göni bize tarap ýöräp gaýtdy. Ol deňimize gelip, oýurganyp durdy-da, näme diýjegini unudan ýaly, hyrra yzyna öwrülip, ötägitdi. Joram bilen biri-birimize seredişip, onuň bolşundan hiç hili many çykaryp bilmedik. Toý gyzyşýardy. Sen bolsa..., hawa, sen bolsa «Näzli ýar» diýen aýdymam aýtdyň.
— Nä-zir-gäp-jik se-red-ýäň,
O-wa-dan-ja näz-li ýar...
Şol wagt niçiksi tolgunyşymy, heserli bakýan gözleriň meniň üçin neneňsi ýakyma öwrülenini pikirem edip bilmersiň. Megerem, ol gün meniň ömrümiň iň bir ajaýyp, belki-de, hiç haçan gaýtalanmajak, ýakymly pursatlarynyň biridir...
...Sen şeýle diýip, göýä, bu yşkyň nogtasyny boýun almagyma garaşan ýaly, bakyşymy garaýşyňa baglamaga, soňky ýola synanyşdyň. Men bolsa, bütin ömrüňi kepil goýsaňam, erkimi sunup, yşkyň boýuntyrygyna baglanarly däldim.
— Eý, tez maralym! Näme üçin gaçýaň?! Heýem, ynsan bagtyndan gaçarmy?!
— Goý, bagt şeýle güýçli bolýan bolsa, özüne bendiwan etsin. Ömürlik bendiwan etsin...
Dideleň öçügsilendi. Göýä, olar akrap gelip, misilsiz sowan güýz gününiň solgun yşyk saçyşy deý tutuksy görünýärdi. «Belki, ýazykly mendirin» – diýip, içimi gepledýärkäm, akyldar şahyryň: «Bil, bikemal bolar bady ýaňylan» diýen jümleleri biygtyýar aňymda aýlanyp gitdi...
...Näçe wagtyň geçenini bilemok. Bu gün seni göz öňüme getirmek isledim. Bolmady. Hyýalymda keşbiňi çekmäge çalyşdym. Başarmadym. Haýsydyr bir sudursyz boşlukdan ýüregiň sesi eşidildi:
— Gadyrbilmezlere ýönekeýje sulbaňy goýmak hem haýp.
Beýleki bir pynhan boşlukdan bolsa, wyždanymyň sesi geldi:
— Gör, bagt güýçli bolanda nähili bolýan eken...

Aýgül AŞYRMÄDOWA