Gözellik älemi


Gözellik älemi



Türkmen halkynyň dünýäde ukyply, zehinli halkdygyna, onuň ösen, baý, gadymy medeni mirasynyň bolandygyna taryh şaýatlyk edýär. Muňa ussatlyk bilen ýerine ýetirilen ýokary çeperçiligi, hili boýunça tapawutlanýan, hatda sungat derejesine ýetirilen türkmenleriň öý durmuşynda ulanylýan amaly-haşam senediniň görnüşleri: haly, palas, keçe, çuwal, bezeg şaýlary, aýal-gyzlaryň egin-eşikleri, olaryň nagyşlary we beýlekiler mysal bolup biler. Olarda adamlaryň dini ynançlary, tebigata, maşgala, umuman, halkyň jemgyýetçilik we şahsy durmuşy bilen baglanyşykly bolan ähli zatlara garaýyşlar şöhlelenýär.
Türkmen haly-keçelerinde we keşdelerinde köp duş gelýän nagyşlaryň biri «Sary içýandyr». Biziň eramyzdan öň V asyrda Geredot we beýleki gadymy awtorlar Günorta Türkmenistanda ýerli dah-massaget taýpalarynyň arasynda Güne sežde etmegiň giňden ýaýrandygyny ýazypdyr. Hiç bir ynanç düýbünden ýitip gitmeýär. Günüň gadymy nyşany hem asyrlardan geçip nagyşlara siňdirilipdir.
Gadymy nagyşlaryň biri bolan «daragt» hem häzire çenli ýörgünli ulanylýar. Sebäbi ol otparazlaryň keramatly agajy. Halkyň arasynda onuň her ýapragyna ýer ýüzünde ýaşaýan adamlaryň ady ýazylandygy barada gadymy düşünjeler bolupdyr. Şeýle mysallary «goçak», «dagdan» nagyşlarynyň mysalynda hem getirmek bolar. Sebäbi bu şekiller diňe bir keşdelerde ýa-da haly nagyşlarynda gabat gelmän, eýsem, ýaşaýyş jaýlarynda, tamdyrlarda hem ulanylypdyr. Esasy zat bolsa, häzire çenli hem nagyşlaryň ençemesiniň asyl nusgasynyň saklanyp galmagydyr. Munuň şeýledigini halylarda ýörgünli ulanylýan «gelin barmak», «ýürek», «kelle», «guş gözi», «pişik dyrnak», «itburun», «guş penje» ýaly ençeme nagyşlaryň mysalynda düşündirip bileris. Biz ol nagyşlarda öküzleriň, goçlaryň, guşlaryň, gurbagalaryň, pyşbagalaryň, leňňeçleriň, ýylanlaryň, ösümlikleriň we başgalaryň şekillerine gabat gelýäris. Zenanlaryň başyna atylýan kürtelerine, çyrpylaryna salynýan durnukly bezeg däpleri, ylaýtada ösümlik şekilli nagyşlar ýöne ýerden döremän, eýsem, ol türkmen halkynyň yslamdan öňki ynamy bilen, ýagny, hasyl hudaýyna sežde etmeklige bolan mukaddes ynamlary esasynda dörän bolsa gerek.
Mary welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň Etnografiýa zalynda sergilenýän milli egin-eşiklerde, kürtelerde, donlarda ýokarda agzalan nagyşlaryň birnäçesine duş gelmek bolýar. Muzeý täsinlikler we täsin duýgularyň mekanydyr. Asyrlardan-asyrlara geçip biziň şu günlerimize gelip ýeten, türkmen halkyna mahsus bolan milli däp-dessurlarymyz, milli egin-eşiklerimiz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe has-da kämilleşip, gelin-gyzlarymyzyň gözellegine gözellik goşýar. Hormatly Prezidentimize geçmiş mirasymyzy öwrenmäge, kämilleşdirmäge döreden ähli mümkinçilikleri üçin tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys. Mähriban Arkadagymyzyň jany sag, başy dik, il-ýurt bähbitli tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!

Çemen PYGAMOWA