Tans – sungat, sport, bedenterbiýe


Tans – sungat, sport, bedenterbiýe



Tansyň sungat ýoly. Tans – bu iň gadymy sungatlaryň biri bolup, adamlaryň begenjini ýa-da gam-gussasyny alamatlandyrýan hereketleri özünde jemleýär. Müňýyllyklaryň dowamynda adamlar tansyň üsti bilen birek-birege çaganyň dogulmagy, hassanyň sagalmagy, täze serkerdäniň saýlanmagy ýaly begençli habarlary ýa-da urşuň başlanmagy, kimdir biriniň heläkçilige uçramagy ýaly gynançly habarlary ýetiripdirler. Gadym zamanlarda tans hudaýlar bilen adamlaryň gepleşýän dili hasaplanypdyr. Şonuň üçin adamlar hudaýlardan gurakçylykda ýagşyň ýagmagyny, tümlükde Gün şöhlesini, ekerançylykda bol hasyly, günäli wagtlary bolsa ötünji tansyň kömegi bilen soraýan ekenler.
Tans adamlaryň gündelik durmuşyndaky edýän hereketlerinden, ýagny ýöremek, ylgamak, bökmek we bökjeklemek, pyrlanmak, çaýkanmak ýaly hereketlerinden ybaratdyr. Emma agzalan hereketleriň sungata öwrülmegi üçin olaryň belli bir ritme girmegi zerurdyr.

Tans sungatyň iň gadymy ojagy Hindistan hasaplanylýar. Hindistan irki döwürlerden bäri köpmilletli we köphudaýly ýurt bolany üçin bu ýerde hudaýlar bilen gepleşilýän tans sungatynyň birnäçe görnüşleri peýda bolupdyr. Hindi tanslary beýleki milletleriňkiden düýpgöter tapawutlydyr. Bu tanslarda her bir hereket, her bir bakyş aýratyn manyny aňladýar.
Nritta – hindi tansynyň bir görnüşi bolup, ökjeleriň we goşarlaryň hereketleriniň sazlaşygyndan emele gelýär. Tansçylar bedeni bilen birlikde el-aýaklaryny hereketlendirip, owadan tanslary ýerine ýetirýärler.
Nritýa – tansçylaryň mimikalarynyň üýtgemegi, ritme görä ýöremegi we belli bir şekilde doňup galmagy, soňra ýene saza görä tans edip başlamagy ýaly hereketleri özünde jemleýär. Bu hindi sungatynda tansçy tansyň kömegi bilen tomaşaça belli bir wakany gürrüň berýär. XII asyrda döredilen «Abhinaýa Dapranam» atly resminada her bir emosiýanyň, duruşuň, oturuşuň, böküşiň, ýöreýşiň aňladýan manysy barada doly durlup geçilýär. Mysal üçin, iki eliň biri-birinden ýapyşyp durmagy dostlugy alamatlandyrýar. «Abhinaýa Dapranam» -da şeýle setirler bar. «Eliň barýan ýerine gözüň barýar, gözüň düşen ýerine aklyň gidýär, aklyň giden ýerine ýürek barýar, ýüregiň baran ýerinde bolsa durmuş bar».
Hindi tanslary elmydama haýsydyr bir rowaýatlary we wakalary gürrüň berýär. Ýörite poemalara görä tanslar, tanslara görä bolsa poemalar döredilýär. Ybadathanalarda ýörite tans üçin meýdançalar gurulýar, tamlar bolsa tans edip duran adamlaryň suratlary bilen bezelýär. Bu zatlaryň hemmesi tansyň ilkibaşda göwün açmak üçin däl-de, dini maksatlar üçin peýda bolandygyndan habar berýär.

Gündogarda elleriň hereketlerine aýratyn üns berilýän bolsa, günbatardan esasy orun aýaklaryň hereketlerine berilýär. Ýewropa ýurtlary ýekelikde däl-de, ýoldaşly tans etmegi gowy görýärler. Ýewropalylar baýramçylyk günleri ýa-da begençli günleriň şanyna köşklerinde dabaraly agşamlary gurnapdyrlar. Gelen myhmanlar göwün açmak maksady bilen uly meýdançada wals tansyny ýerine ýetiripdirler. Her bir jübüt tansçy ilkibaşda saza görä öz isleýşi ýaly tans edipdir. Emma soňabaka wals tansynyň ýörite düzgünleri peýda bolupdyr we düzgüni bozmak bilen tansçylar beýlekileriň dogry tans etmegine päsgel beripdirler. Tansyň düzgünlerini doly öwretmek üçin adamlar çagalaryny tans mekdeplerine gatnadypdyrlar.
Tansyň hakyky sungata öwrülen görnüşleriniň ýene biri hem baletdir. Balet tansçylaryň göwün açmak üçin däl-de, tomaşa görkezmek üçin ýerine ýetirýän görnüşidir. Ony başda köşk hyzmatkärleri hojaýynlary üçin ýerine ýetiripdirler. Emma soňabaka bütin ömrüni balede bagyş eden ussat tansçylaryň we balet öwredýän tans mekdepleriniň peýda bolmagy bilen tansyň bu görnüşi dünýäde iň meşhur tanslaryň hataryna öwrülipdir.
Tansyň sporta öwrülen ýoly. Tans – sportuň iň owadan görnüşleriniň biridir. Tans etmegiň sportuň bir görnüşine öwrülmegine XX asyrda Fransiýanyň telekeçileri sebäp bolupdyr. Olar tans meýdançalarynda bäsleşikleri gurnamak bilen häzirkizaman tans sportunyň düýbüni tutupdyrlar. Tans etmek boýunça ilkinji resmi däl dünýä çempionaty 1909-njy ýylda Parižde geçirilipdir.
Tans sporty tansyň on sany žanryny özünde jemleýär. Olaryň bäşisi Ýewropa tanslary, galan bäşisi bolsa Latyn Amerikanyň tanslarydyr. Ýewropa tanslaryna wals, tango, wena walsy, haýal fokstrot we kwikstep degişlidir. Latyn Amerikanyň tanslarynyň düzümine bolsa samba, ça-ça-ça, rumba, pasadobl, jaýw hem-de salsa girýär. Ýaryşdaky sazlar anyk ritmler bilen tapawutlanyp 1:30 – 2 minut dowam edýär. Sazyň ýaňlanyp duran wagty tansçylar bar ukyplaryny görkezip, ýokary netijäni görkezmäge synanyşmalydyrlar. Berlen wagt tamamlanyndan soňra emin agzalar türgenleriniň tizligine, hereketleriniň sazlaşygyna, ritme girişine, garaşylmadyk ýagdaý ýüze çykaýanda olaryň özlerini dogry alyp barmaklaryna (improwizasiýasyna) baha berýärler.

Sport tanslary bilen meşgullanmak üçin tansçydan fiziki taýýarlyk, çydamlylyk, çalasynlyk we çeýelik talap edýär. Agzalanlaryň üstesine tansçylaryň artistlik häsiýeti hem bar bolsa, bu ony ýeňşe ýene bir, ädim golaýladýandyr. Tansyň täsirliligine tansçylaryň grimi (make up), olaryň ýaldurawuk egin-eşikleri we ýörite tans etmek üçin niýetlenen aýakgaplary hem öz täsirini ýetirýär.
Ýeriň ýüzünde tans sporty gün-günden uly meşhurlyga eýe bolýar. Sportuň bu görnüşiniň gerimini giňeltmek maksady bilen 1957-nji ýylda Bütindünýä Tans Sportunyň Federasiýasy WDSW (World Dance Sport Federation) döredildi.
Tansyň bedenterbiýe ýoly. Tansyň islendik görnüşi hem dürli hereketlerden ybaratdyr. Şonuň üçin hem tans bilen meşgullanmak sagdyn durmuş ýörelgesini alyp barmagyň iň şadyýan hem-de iň gyzykly usulydyr. Tans bilen meşgullanmak islendik ýaşdaky adamlara laýyk gelýän sportuň görnüşidir. Emma ýürek-damar we daýanç hereket ulgamlarynda näsazlyklary bolan adamlaryň tansyň haýsy görnüşiniň özüne gabat gelýänligi barada ilki lukmanyň maslahatyny almalydyrlar. Sagdyn durmuş ýörelgesini alyp barmak üçin hepdede 2-3 sapar 60-90 minut tans bilen meşgullanmak ýeterlikdir. Tans etmek adam bedeniniň saglygyna aşakdaky täsirleri ýetirýär:

 Tans adam bedeniniň ähli myşsasyna we bogunlaryna oňat täsirini ýetirýär.
 Oňurganyň dogry ýagdaýda saklanmagyna ýardam edýär.
 Adamyň ýöreýşini dogrulaýar.
 Bedenini berkidýär.
 Dem alyş ulgamynyň işini sazlaýar.
 Gan aýlanyşy güýçlendirmek bilen bedeniň ähli içki agzalaryna kislorodyň ýeterlik mukdarda barmagyny üpjün edýär.
 Westibulýar apparata oňyn täsirini ýetirmek bilen adamyň deňagramlylygyny saklamagyna kömek edýär.
 Artykmaç kaloriýalary ýakmaga kömek edýär.
 Bedeniň başarjaňlygyny we çydamlylygyny ýokarlandyrýar.
 Adamyň garramagyny haýalladýar.
 Psihiki ýagdaýyna oňat täsirini ýetirip, şatlygyň gormony bolan endorfiniň bölünip çykmagyna getirýär. Adamyň keýpini sazlap, stressiň we depressiýanyň öňüni alýar.

Sportuň bu görnüşiniň iň gowy tarapy bolsa, adamyň türgenleşiklerden hemişe lezzet almagydyr.

Amangözel GUWANÇMYRADOWA