Bitaraplyk barýar Ýeriň ýüzünden


Bitaraplyk barýar Ýeriň ýüzünden



Bitaraplyk barýar Ýeriň ýüzünden:
«Adamzada haýyr işler baş» diýip.
Bitaraplyk dünýäň göwnün çaglaýar,
Bilaraplyk — Ýere-göge HOŞNIÝET!

Bitaraplyk barýar Ýeriň ýüzünden,
Oň gursagy diňe ynsanperwerlik.
Tagty onuň adalat hem halallyk,
Başynda jygasy — ynsap serwerlik.

Goýýar ony dünýäň belentliginde,
Adamzadyň ýüreginde goýýar ol.
Oň kalbyna älem-jahan beletdir:
Arşy Söýgi bilen Ýeri söýýär ol.

Arşyň nury bilen Zemini çoýýar:
«Beýik ýaşaň! Belent ýaşaň dünýäde!».
Ol özüniň beýik maksadyn goýýar,
Parahatlyk, ynanyşmak binýada.

Bitaraplyk barýar Ýeriň ýüzünden,
Tug edinip Ýerde beýik zähmeti.
Adamzadyň nur saçylýar gözünden,
Kalbyndan çogup dur durmuş rehneti.

Bitaraplyk sazyn çalýar bu dünýä,
Ýagşy niýetleriň biz taraplygy.
Ozal-başda garaşany Ýer-gögüň,
Dünýä dolýar türkmen Bitaraplygy.

Bitaraplyk barýar Ýeriň ýüzünden,
Kalby hem durmuşy özgerdýän güýç ol.
Ynsan, eşret baly aksyn sözüňden,
Bu beýik ýaşaýşa sen beýik täç bol.

Döwletlilik ýörelgesi türkmeniň,
Görnüp dur her ädiminde, roýunda.
Iller bagra basýar durmuş ýazy deý,
Bir gudrat ol bu dünýäniň goýnunda.

Bitaraplyk barýar Ýeriň ýüzünden,
Tebigatyň sypalaýar gulpagyn.
Oňky baryş-geliş, oňky gatnaşyk,
Dünýä seçýär toýuň pişme-çelpegin.

Bitaraplyk barýar Ýeriň ýüzünden:
«Güllesin Ýer ýüzi — döwletler, halklar!».
Umman bolup eşret aksyn Zeminden,
Ýer galkynsa bütin giň älem galkýar!

Süleýman ILAMANOW