Baky-bagtyýarlygyň şuglasy
«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda toýlarymyz toýlara ulaşýar. Şöhratly taryha eýe bolan türkmen halky bu günki bagtyýar günlerde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyny uly ruhubelentlik bilen garşy alýar. Şonuň üçin hem biziň her bir günümiz uly üstünliklere, şanly wakalara beslenýär, taryhy pursatlar bagtyýarlyk bolup kalbymyza dolýar.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda beýik ösüşlere eýe bolýan eziz Diýarymyzda gazanylýan üstünlikler, beýik ösüşler toýlarymyzyň dabarasyny has-da belende göterýär. Şeýle şanly pursatlarda mukaddes Garaşsyzlygymyz hakynda pikir ýöretmek, buýsanja beslenmek has-da ýakymly. Mukaddes Garaşsyzlyk beýik taglymdyr, türkmen halkymyzyň baky bagtyýarlygydyr. Şonuň üçin hem bu mukaddesligiň halkymyza eçilen bagty örän beýikdir. Mukaddes Garaşsyzlygyň ýyllary içinde ýurdumyzda uly üstünlikler gazanyldy, ylymda, ykdysadyýetde, senagatda, gurluşyk-binagärlikde belent sepgitlere ýetildi. Eziz Diýarymyzyň dürli künjeklerinde gurlup ulanmaga berlen desgalar, zawodlar, döwrebap kärhanalar, durmuş-medeni ulgama degişli binalar beýik ösüşleriň aýdyň beýanydyr. Bularyň her biri belent waspnamalara eýedir. Hut şulardan görnüşi ýaly, eziz Diýarymyz belent üstünliklere beslenýär, beýik ösüşler bilen öňe barýar.
Ýurdumyzyň ösüşleri, halkyň abadan, bagtyýar durmuşy bagtyň aýdyň ala¬mat¬la¬ry¬dyr. «Türk¬me¬nis¬tan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda beýik ösüşleri başdan geçirýän ýurdumyz biziň her birimiziň buýsanjymyz bolup durýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gurulýan täze obalar, şäherçeler, beýik binalar, desgalar bolsa, Türkmenistan ýurdumyzyň ynamly öňe barýandygyny, täze-täze ösüşleri gazanýandygyny alamatlandyrýar. Ýurdumyzyň welaýatlarynda täze obalaryň gurulmagy, bu bagtyýar obalarda ildeşlerimiziň ýaşamagy eşretli döwrüň peşgeşi boldy. Bularyň hemmesi mukaddes Garaşsyzlygyň baky bagtdygynyň aýdyň beýanydyr. Şonuň üçin hem Garaşsyzlyk halkymyzyň buýsanjydyr, mukaddesligidir.
Hormatly Prezidentimiz: «Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak we halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmak biziň baş maksadymyz bolup durýar» diýip belleýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleriň netijesinde ýurdumyzyň syýasy, medeni we durmuş ulgamlarynda uly üstünlikler gazanyldy. Şu döwürde ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary sazlaşykly ösüş ýoluna düşüp, täze önümçilik kuwwatlyklary emele geldi. Bu bolsa, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösmegine, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagyna oňat ýardam berýär. Şonuň ýaly-da, ýurdumyzda öndürilýän önümleriň ýokary derejededigini aýratyn bellemelidiris. Munuň özi eziz Watanymyzyň ähli babatda uly ösüşlere eýe bolýandygyny aýdyň beýan edýär. Bu bolsa şanly Garaşsyzlygymyzyň halkymyzy uly üstünliklere ruhlandyrýandygyny, döredijilikli işlemäge täze mümkinçilikleri döredýändigini görkezýär.
Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde ýurdumyzyň ösüşleri, gazanylýan üstünlikler halkymyzyň bolelin ýaşaýşyna, röwşen geljegine gönükdirilendir. Her bir ýola goýulýan beýik işler, oňyn başlangyçlar il-halk bähbitliligi, umumadamzat ähmiýetliligi bilen tapawutlanýar. Geljegi has uly ugurlary giňeltmek arkaly, aýratyn hem şähergurluşyk, ýaşaýyş-durmuş, senagat ulgamlarynda gazanylýan ösüş depginleri has-da ýokary derejelere eýe bolýar. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň toplumlaýyn beýik işleriniň aýdyň netijeleridir. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen gazanylýan belent üstünliklere, beýik ösüşlere nazar aýlanyňda, şanly Garaşsyzlygymyza buýsanjyň has-da goşalanýar. Çünki Garaşsyzlygymyzy pugtalandyrmakda, ykdysady ösüşlerimizi dünýä derejesinde ösdürmekde Gahryman Arkadagymyzyň beýik işleri bu gün netijeliligi bilen tapawutlanýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýetilen sepgitler, ägirt uly ösüşler beýik taryhy öz içine alýar. Bu döwürde türkmen halkynyň beýik taryhy kemala geldi, dünýä içre ýaýyldy. Türkmen halkynyň bagtyýarlygy, dünýä içre şanşöhraty mukaddes Garaşsyzlygymyzyň beren datly miwesidir. Gurýan, döredýän, öňe barýan halkyň bagtyýarlygy mukaddes Garaşsyzlyk bilen berk baglanyşyklydyr.
Mu¬kad¬des Ga¬raş¬syz¬lyk — kö¬ňül¬le¬riň aý¬dy¬my, dil¬le¬ri¬mi¬ziň senasy. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bu mukaddesliklerimizi sarpalamak asylly ýörelgä öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen gazanylýan ykdysady ösüşler bolsa, halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrýar, eziz Watanymyzyň abraýyny has-da belende göterýär. Şeýle beýik ösüşlere beslenýän ýurdumyzda eşretli durmuşyň hözirini görmek, halal zähmet çekmek iň belent bagtyýarlykdyr. Şeýle bagtyýarlygy peşgeş eden, halkymyzy röwşen geljege alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag bolsun, beýik işleri üstünliklere beslensin!
Ogulnur Begjanowa