Suwy ýetse süýülmez


Suwy ýetse süýülmez



Halk aýtgylarynda «Ýurduň gelin-gyzlaryny tanajak bolsaň, olaryň el hünärini synla» diýlip aýdylýar. Ozal gyz-gelinler topar-topar ümä üýşüp, göwün açyp, öý-ojagyň törüni bezeýän gülli we boz keçeleri taýýarlapdyrlar. Keçe türkmen halkynyň gadymy el hünärleriniň biri bolup, türkmen zenanlarynyň köpasyrlyk tejribesini, däp-dessurlaryny özünde jemlän halk senetçilik eseridir.
Keçe taýýarlamak asyrlaryň synagyndan geçen özboluşly sungatdyr. Keçe taýýarlananda, oňa çig mal hökmünde goýnuň ýaz hem-de güýz ýüňi peýdalanylypdyr. Goýun maly ýylda iki gezek, ýagny ýaz we güýz aýlarynda gyrkylýar. Soňra ýüňler reňkleri boýunça tapawutlanyp ak, gara, çal böleklere bölünip, biri-birinden saýlanýar. Göze gelşikli nepis keçe edinmek üçin onuň keçelik ýüňi örän tämizlenen bolmaly. Keçe ýüňüniň ýuwulmasy ýetirilip, oňat saýylýar we daralyp, pişge toplanyp, basymy ýetirilýär. Goýnuň ýaz paslynda gyrkylan ýüňi süýüm taýdan uzyn bolup, ýüň keçäniň taýýarlanmagyna peýda beripdir. Ýaz ýüňi keçäniň gül nagyşlary üçin peýdalanylýar. Güýz ýüňüniň ýaz ýüňünden tapawutly aýratynlygy bolsa, onuň süýüm taýdan gysga bolmagyndadyr. Eger keçäniň ortaky bölegi üçin niýetlenen ýüňüň güýzki gyrkymy köp goşulsa, onda taýýarlanylan keçäniň boýy gysga, ini inli bolupdyr. Keçäniň arka tarapyna ak we çal reňkli boýalmadyk tebigy ýüňler saýlanyp alynýar. Onuň gyra garalygyna bolsa gara goýnuň ýüňi ulanylýar.
Kümüş saçly enelerimiz keçelik ýüňlerini boýamak üçin açyk görnüşli goýun ýüňlerini peýdalanypdyrlar. Keçäniň hiliniň ýokary, reňk öwüşginliginiň göze gelüwli bolmagy üçin dürli boýaglary taýýarlamagyň täsin syrlaryny ulanypdyrlar. Pederlerimiz asyrlaryň dowamynda tebigy ösümliklerden reňk almakda nusgalyk baý tejribe toplamagy başarypdyrlar. Ýüňler dürli reňklere boýalyp, oňa çopboýa, sary çöp, ýowşan, üzärlik, çopantelpek, gülälegiň baldagy, çigildem, zirk, bişmedik hoz gabygy, nar gabygy, çöl sogany ýaly reňk beriji ösümlikleri ulanypdyrlar. Tebigy ösümliklere boýalan ýüňler dürli mör-möjekleriň ýetirýän zyýanyndan hem gorapdyr. Ýüň boýalanda, ýüňüň reňkiniň biri-birine garyşmazlygy üçin boýagyň suwuna duz, zäk goşulypdyr. Ir wagtlar düýe çaly ýarym gün gor gapda saklanyp ajadylypdyr we boýag suwuna garylyp, ýüň suwda mazaly ýatyrylypdyr. Düýäniň gory keçe ýüňüniň berkemegine uly ýardam edipdir. Boýag işi tamamlanandan soňra ýüňler güneşli ýerde guradylyp, keçe üçin taýýarlanypdyr.
Keçe taýýarlamak üçin ilki bilen, ýeterlik (8-10 kilograma golaý) ýüň toplanýar. Her bir keçe özüniň aýratynlygy, özboluşlylygy, möçberi, hili, nagyşlary bilen tapawutlanyp taýýarlanýar. Keçe köp görnüşli bolup, olaryň ählisi durmuşda we öý hojalygynda ulanylýar. Zenanlar keçe üçin ýüňleri sähetli güni saýlap, belleşilen wagt üme edýärler. Bu işe diňe gelin-gyzlar gatnaşýar. Esasan, keçe gülüniň goýuljak güni, ýagny sähetli gün saýlanylyp işe başlanylypdyr. Keçäni taýýarlamaga ýörite ýer saýlanyp, oňa niýetlenen ýeriň üsti ýapyk, ýel-tozan täsir etmejek ýerde ýa-da ýagty jaýyň içinde dokalan-çykalan gamyş ýazylypdyr. Gamşyň ýazyljak ýeri arassa, tekiz bolmaly. Keçe taýýarlanýan gamşyň adyna «keçe gamyş», «çyg gamyş» hem diýlipdir.
Ussat zenan taýýar pişgeleri alyp, gamşyň üstünde keçe gülüniň merkezine nagyş salyp başlaýar. Muňa «keçe nagyşlamak, keçe simlemek ýa-da keçe sümeklemek» diýilýär. Adatça keçä salynjak güller dürli islegler boýunça salynýar. Esasan, keçe gyzyl, gök, ýaşyl görnüşli reňkler bilen simlenýär. Gülleri ýalňyşman ýerbe-ýer goýmak uly ussatlygy talap edipdir. Soňra onuň üstüne ozal bellenilen nagşa laýyklykda, keçe gülleriniň daşyny gurşajak aýlaw goýlup çykylýar. Dürli reňkdäki ýüňler bilen gül nagşy goýlup, geljekki keçäniň bütin ýüzi örtülýär.
Keçäniň merkez bölegi güllenip gutarandan soň, gülüň çar töweregine gaýma basyp çykylýar. Munuň yzysüre keçäniň bütin gyrasy üçin gyra-gara ýüňi goýulýar. Keçe üç gatdan taýýarlanyp, doly işlenip bolandan soňra ony gamşa dolap, keçe-gamyş işi ýerine ýetirilipdir. Oňa «keçe çekmek» diýilýär. Bu iş ýetginjek oglanlara buýrulypdyr. Keçäniň gamşy çekilip duran wagty onuň üstüne ýygy-ýygydan suw sepilipdir. Bu hem onuň berkemegine oňaýly täsir edipdir. Gadymdan gelýän ynançlara görä, halkymyzyň arasynda «Suwa ursaň sozulmaz, daşa ursaň döwülmez» diýen ajaýyp nakyllar hem bar. Kümüş saçly eneleriň aýtmagyna göra, keçe ýüpi çekilen wagty gamyşly keçäniň üstünden ätlenilse, halanmandyr. Keçäni çekip bolanlaryndan soň, keçe basmak işi ýerine ýetirilipdir. Kähalatlarda keçe basylanda iki gyrasyna ýasy inli agaç goýulýar. Bu bolsa keçe gyrasynyň göni, tekiz hem-de owadan bolmagyna gelşik beripdir. Keçe basmak işi 2–3 sagada çekýär. Eger-de keçe basýan gelin-gyzlaryň sany 4-den köp bolsa, onda olar gezekli-gezegine keçe basýarlar. Keçäniň basymy oňat ýerine ýetirilende, onuň hili owadan, görki nepis bolupdyr. Pederlerimizden miras galan keçeler gadymylygyny, milli gymmatlygyny ýitirmän, biziň günlerimize çenli saklanyp galypdyr.

Jeren ATABAÝEWA