Nesil terbiýesiniň gözbaşy


Nesil terbiýesiniň gözbaşy

Maşgala — bu biziň dünýä inip, ösüp kemala gelen mähriban ojagymyz, ata-enemiziň söýgüsi, mähri bilen gurşalan mukaddesligimiz, biziň geçmişimiz, şu günümiz we ýagty geljegimiz. Maşgalany mukaddeslige deňän halkymyz onuň esasy wezipesini nesil terbiýesinde ýüze çykarypdyr.

Asyrlaryň şöhratly gatyndan gözbaş alyp gaýdýan türkmen terbiýe ulgamynda maşgala hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösen kämil şahsyýeti terbiýelemegiň iň esasy we başlangyjy hökmünde çykyş edipdir. Häzirki zaman pedagogikasynyň çeşmelerine salgylansak, maşgalada nesli terbiýelemek baradaky garaýyşlaryň, uzak wagtlap tejribe esasynda özüni ödän taglymatlaryň türkmen halkynyň milli aňyýetinde beýanyny tapandygyna göz ýetirýäris.

Ýapon hünärmeni M.Ibuka özüniň «Üç ýaşdan soň eýýäm giç» diýen kitabynda çagalary terbiýelemäge kiçi ýaşdan girişmegiň talabalaýykdygyny tejribe üsti bilen subut etdi. Bu bolsa türkmen halkynyň süňňüne ornaşan «Çagany ýaşdan, edebi — başdan» diýen nakylyň hakykatdygyny ýene bir gezek aýdyňlaşdyrýar.

Dünýä belli fransuz ýazyjysy Onore de Balzagyň: «Milletiň geljegi enäniň elinde» diýen sözleri Günbatarda nesil terbiýesinde enäniň ornunyň esasydygyny kesgitleýän jümledir. Türkmen halkynyň terbiýe ulgamynda gyzlaryň terbiýesinde enäniň, oglanlaryňkyda atanyň ornunyň uludygyna şaýatlyk edýän deliller sanardan kändir. Halkymyzyň köp asyrlyk durmuş tejribesiniň netijesinde kemala gelen «Paýhas çeşmesindäki» nakyllary hem aýdanlarymyzy tassyklaýan «Ata dünýäsi — ogla gönezlik», «Enesini gör-de gyzyny al, gyrasyny gör-de — bizini». Gymmatly delillere edebi mirasymyzyň akyl akabasy hasaplanýan «Kitaby dädem Gorkut» eserinde-de duş gelýäris: «Ogul atadan görmeýinçe, supra çekmez», «Gyz eneden görmeýinçe, ögüt almaz».

Belli rus edebiýat tankytçysy W.G.Belinskiniň «Adamy tebigat döretse-de, ony ösdürýän, kämilleşdirýän jemgyýet» diýen sözleri ata-babalarymyzyň hemişe ýörelge edinen, ýaş nesli terbiýelemekde maşgala bilen jemgyýetiň bilelikde hereket eden güýçdügini ykrar edýär.

Görnükli pedagog A.S.Makarenko dogry terbiýäni bagtyýarlyk, ýalňyş terbiýäni bolsa betbagtlyk hasap edipdir. Türkmenlerde çagalary dogry terbiýelemek Oguz han atamyzyň zamanasyndan gözbaş alan däpdir. Ata-babalarymyzyň terbiýe meselesinde ruhuna ornaşan pähimine häli-şindi gabat gelýäris. Terbiýe meselesi barada söz açylanda biz köplenç beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň döredijiligine ýüzlenýäris. Parasatly söz ussady:

Hudaý berse sagadatly bir perzent,
Garrygan çagyňda, ýaş eder seni — diýipdir.
Şahyryň ajaýyp setirlerinden çen tutsak, sagadatly perzendi kemala getirmek, çagany dogry terbiýelemek maşgalanyň, ata-enäniň esasy wezipesidir.

Hormatly Prezidentimiziň atasy Berdimuhamet Annaýewiň paýhasly jümlelerinde-de bu pikirleriň many zynjyry düzülen: «Dünýäde çagadan gymmatly zat ýokdur. Ony özüni hem, ýene müňlerçe adamlary hem bagtly edip biler ýaly terbiýelemeli».

Görşümiz ýaly, geljekki Watan eýelerini hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösen şahsyýet hökmünde kemala getirmekde halkymyzyň döreden terbiýe ulgamy möhüm orny eýeleýär. Her bir ata-ene we maşgala agzalary ýaş nesli milli ruhda terbiýelemegi özüniň borjy, wezipesi diýip hasaplaýar, çünki maşgala halk pedagogikasynyň nesil terbiýesi baradaky garaýyşlaryny häzirki zaman terbiýe nazaryýetine geçiriji ruhy köprüdir, çagany milli ruhda terbiýelemegiň sallançagydyr.

Aýnur Rozyýewa