Bitarap Türkmenistan


Bitarap Türkmenistan



Diýarym abadan ilim agzybir,
Eziz Watan Bitarap hem bagtyýar
Diýipdirler agzybire taňrybir,
Türkmenistan Bitarap hem bagtyýar.

Ýer ýüzüne doldy Bitarap adyň,
Gowşamasyn seniň kuwwatyň badyň,
Görmek üçin gelýär ýakynyň ýadyň,
Eziz Watan Bitarap hem bagtyýar.

Zannyň parahatlyk, Güneşsiň çogsyň,
Çölleňde bol suwuň atýarlar owsun,
Halkyňa bagş edip däpleriň gowsun,
Türkmenistan Bitarap hem bagtyýar.

Awazada ak guşlaryň saýraýar,
At owazy ýer ýüzüne ýaýraýar,
Bagşy joşup dutar gyjak saýraýar,
Türkmenistan Bitarap hem bagtyýar

Halkyň saglygyny gorap Arkadag
Saglyk öýler gurýar bary bizde bar.
Türkmen ilim etdi baky Berkarar,
Eziz Watan Bitarap hem bagtyýar.

Türkmenistan

Berkararlyk Berkararlyk,
Döwlet bolduň Türkmenistan,
Goýnuň içi gül-gülzarlyk,
Jennet bolduň Türkmenistan.

Ýeňişlere baýdyr aslyň,
Ylym bilimlidir nesliň,
Sapalydyr her bir paslyň,
Dünýä dolduň Türkmenistan.

Bereketli ojaklaryň,
Mydam doly saçaklaryň,
Merdanadyr goçaklaryň,
Dessan bolduň Türkmenistan.

Ak altyndan dag döredýäň,
Her işe hökmüň ýöredýäň,
Alys ýoly ýakyn edýäň,
Ussat bolduň Türkmenistan.

Gahrymandyr Arkadagym,
Aýrylmazdyr ýürek bagym,
Toý baýramdyr günüm-aýym,
Jennet bolduň Türkmenistan.

Gülnabat AKYÝEWA