Bitaraplyk – Dillermiziň Dessany


Bitaraplyk – Dillermiziň Dessany



Köňülleriň penasyna, dillerimiziň senasyna öwrülen hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllygy golaýladygyça, döredijilik işgärleriniň ýakymly aladalary barha artýar. Bu şanly senäni mynasyp sowgatlar bilen garşylamak – ähli watandaşlarymyz üçin uly bagt, belent mertebe. Ýöne, bu uly toý, şanly sene döredijilik işgärleriniň öňünde has-da uly borçlary, täze wezipeleri goýýar. Sebäbi, şahyrlar öz ylham dünýäsinden gaýnap çykýan goşgulary, poemalary, odalary bilen Gahryman Arkadagymyzyň belent pähim-paýhasyndan täze many-mazmuna beslenen hemişelik Bitaraplygymyzy wasp etmegi maksat edinýärler. Ýurdumyzyň aýdymçylary, bagşylary, kompozitorlary şu ýylyň ilkinji günlerinden başlap Bitaraplyk hakynda täze aýdymlaryň birnäçesini döreden bolsalar-da, ýene has kämil, täze aýdym-sazlary döretmegiň arzuwynda. Teatr işgärleri, artistler, režissýorlar hemişelik Bitaraplygymyzdan gelip çykýan dost-doganlyk, hoşniýetlilik, agzybirlik hakynda täze sahna eserlerini, teatrlaşdyrylan edebi-sazly çykyşlary halka ýetirmegiň aladasynda. Suratkeşler, zergärler, heýkeltaraşlar bolsa, şekillendiriş sungatynda Bitaraplygymyzy çeper wasp etmek üçin, täze eserleri döretmegiň aladasy bilen ýaşaýarlar.

Mälim bolşy ýaly, Hormatly Prezidentimiziň 2019-njy ýylyň 6–njy dekabrynda gol çeken «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli halkara maslahatyny, dabaralary we çäreleri geçirmek hakynda» Kararyna laýyklykda, «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli 2020-nji ýylda Türkmenistanda we daşary ýurtlarda geçiriljek dabaralaryň we çäreleriň Meýilnamasy» tassyklandy. Bu Meýilnama esasynda ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda şu ýylda dürli görnüşli çäreler, maslahatlar we beýleki dabaralar geçiriler. Şol çäreleriň her biri Türkmenistan döwletimiziň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyny şöhratlandyrmakda, berkarar döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny giňden wagyz etmekde hem-de dünýä ýaýmakda möhüm ähmiýete eýe bolar.

Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 28-nji ýanwarynda ýurdumyzda medeniýet we sungat ulgamyny ösdürmek, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meselelere bagyşlanyp geçiren iş maslahatynda 2020-nji ýylyň «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýen şygary bilen baglylykda we eziz Watanymyzyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli meýilleşdirilen medeni çärelere hemmetaraplaýyn taýýarlyk görmek we olaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça degişli tabşyryklary berdi.

«Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli 2020-nji ýylda Türkmenistanda we daşary ýurtlarda geçiriljek dabaralaryň we çäreleriň Meýilnamasyna» laýyklykda, ýurdumyzyň medeniýet ulgamy boýunça şu ýylyň dowamynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanan surat bäsleşigini hem-de sergisini geçirmek», «Türkmen we daşary ýurtly medeniýet, sungat wekilleriniň gatnaşmagynda halkara konsertini geçirmek», maý aýynda «Bitarap Türkmenistan: parahatçylygyň we rowaçlygyň kepili» atly halkara foto sergisini we maslahatyny geçirmek», «Parahatlyk dünýäsi» atly wokal we hor sungatynyň festiwal-bäsleşigini geçirmek», oktýabr aýynda «Daşary ýurtly we türkmen arheologik ekspedisiýalarynyň wekilleriniň gatnaşmaklarynda «Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesiniň medeni mirasy öwrenmek boýunça halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekdäki ähmiýeti» atly ylmy duşuşygy we arheologik tapyndylaryň sergisini guramak», oktýabr aýynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli «Parahatlyk ýolumyz» atly tans festiwalyny geçirmek», noýabr aýynda «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly türkmen nusgawy saz sungatynyň festiwalyny geçirmek», «Kitap– hyzmatdaşlygyň we ösüşiň ýoly» atly neşir önümleriniň XIV halkara kitap sergi-ýarmarkasynyň we ylmy maslahatynyň çäklerinde «Neşir önümlerinde Türkmenistanyň Bitaraplygynyň waspy» atly tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşligi guramak», dekabr aýynyň ikinji ýarymynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli daşary ýurtly estrada aýdymçylaryň konsertini guramak», ýylyň dowamynda «Türkmenistanyň daşary ýurtlarda, şeýle hem daşary ýurtlaryň Türkmenistanda geçirilýän Medeniýet günleriniň çäklerinde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň ähmiýeti wagyz etmek», «Daşary ýurtly teleýaýlymlar bilen bilelikde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk syýasaty netijesinde ýetilen sepgitler barada dokumental filmleri düşürmek.» ýaly birnäçe çäreleri guramak we degişli işleri alyp barmak göz öňünde tutuldy.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi ýurdumyzyň degişli ministrlikleri we pudak edaralary bilen bilelikde, «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli 2020-nji ýylda Türkmenistanda we daşary ýurtlarda geçiriljek dabaralaryň we çäreleriň Meýilnamasyny» üstünlikli ýerine ýetirmek üçin, birnäçe guramaçylyk işlerini alyp barýar. Meýilnamada göz öňünde tutulan çäreleriň–festiwallaryň, bäsleşikleriň Düzgünnamalary taýýarlanyldy, olar baradaky Bildirişler metbugatda çap edildi. Her bir çäräniň üsti bilen türkmen halkynyň dost–doganlyga, parahatçylyga, hoşniýetli gatnaşykara goýýan hormat–sarpasy beýan ediler, hemişelik Bitaraplygymyz çeper sözlerde, şirin aýdym–sazlarda has–da belent heňlerde wasp ediler.

Meýilnama esasynda «Bitarap Türkmenistan: parahatçylygyň we rowaçlygyň kepili» atly halkara foto sergisini we maslahatyny 2020-nji ýylyň 13-14-nji maýy aralygynda Aşgabat şäherinde geçirmek göz öňünde tutulýar. Bu halkara foto sergisine ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň foto suratçylary Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyna bagyşlanan, şeýle hem, parahatçylyk, dost-doganlyk, agzybirlik hakyndaky foto suratlary bilen gatnaşyp bilerler. Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde guraljak bu halkara foto sergisi we maslahaty hemişelik Bitaraplygymyzdan gelip çykýan hoşniýetli hyzmatdaşlyklarymyzyň özboluşly sungat baýramyna öwrüler.

Maý aýynda geçiriljek «Parahatlyk dünýäsi» atly wokal we hor sungatynyň festiwal-bäsleşiginiň maksady - türkmen medeniýetini we sungatyny ösdürmekden, milli gymmatlyklarymyzyň kämil nusgalaryny giňden öwrenmekden, türkmen aýdym-saz sungatyny dünýä ýaýmakdan, wokal we hor sungaty boýunça ýaş ýerine ýetirijileriň, kompozitorlaryň ussatlygyny ýokarlandyrmakdan, olary döredijilige höweslendirmekden ybaratdyr. Festiwal-bäsleşigiň wokal ugry boýunça ýörite orta we ýokary sazçylyk okuw mekdepleriniň talyplary, şeýle-de professional saz bilimi bolan, 18-35 ýaş aralygyndaky wokal aýdymçylary gatnaşyp bilerler. Hor sungaty ugry boýunça çagalar sungat mekdepleriniň we ýörite orta sazçylyk, sungat okuw mekdepleriniň 40-50 adamdan ybarat bolan hor toparlary gatnaşyp bilerler. Kompozisiýa ugry boýunça bolsa, ýörite orta we ýokary sazçylyk okuw mekdepleriniň talyplarynyň, şeýle-de professional saz bilimi bolan kompozitorlaryň gatnaşmaklary göz öňünde tutulýar.

Meýilnama esasynda, şu ýylyň oktýabr aýynda daşary ýurtly we türkmen arheologik ekspedisiýalarynyň wekilleriniň gatnaşmaklarynda «Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesiniň medeni mirasy öwrenmek boýunça halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekdäki ähmiýeti» atly ylmy duşuşygy we arheologik tapyndylaryň sergisi guralar. Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 14-nji ýanwarynda paýtagtymyzda geçirilen «Türkmenistan we halkara guramalary: parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahatynda eden taryhy çykyşynda «Häzirki wagtda «Gadymy Merw», «Köneürgenç», «Nusaýyň Parfiýa galalary», türkmen halkynyň «Görogly» dessançylyk sungaty, türkmen milli «Küştdepdi» aýdym we saz sungaty, türkmen halyçylyk sungaty ýaly medeni gymmatlyklar we ýadygärlikler ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna girizildi.» diýmek bilen, halkymyzyň asyrlar aşyp gelen milli medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň dünýä jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döredýändigini buýsanç bilen belläp geçdi.

Türkmenistanda taryhy medeni ýadygärlikleriň 1397-si bolup, döwlet taryhy-medeni goraghanalarynyň 8-si bar: olar «Gadymy Dehistan», «Gökdepe galasy», «Nusaý», «Abiwerd», «Köne Sarahs», «Gadymy Merw», «Kerki», «Köneürgenç» taryhy-medeni döwlet goraghanalarydyr. Gadymy Merw, Nusaý, Köneürgenç ýaly taryhy ýadygärlikler ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna girizilendir. Syýahatçylaryň, jahankeşdeleriň gelim-gidimli ýerlerine öwrülen taryhy-medeni döwlet goraghanalarynda halkymyzyň milli gymmatlyklary, geçmiş mirasy, täsin tapyndylar aýawly saklanylýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 15-nji dekabryndaky «Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Türkmenistanyň çägindäki taryhy-medeni ýadygärliklerde 2018-2021-nji ýyllarda gazuw-agtaryş işlerini geçirmegiň we medeni mirasy ylmy esasda öwrenmegiň hem-de wagyz etmegiň Döwlet maksatnamasyny tassyklamak hakynda» Kararyna laýyklykda, ýurdumyzyň ýadygärliklerinde geçirilen gazuw-agtaryş, barlag işleri netijesinde ýüze çykan arheologik tapyndylar geçen ýylda Halkara Bitaraplyk gününiň öňüsyrasynda Ahal welaýatyndaky Milli «Ak bugdaý» muzeýine, Lebap hem-de Mary welaýatlarynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýlerine dabaraly ýagdaýda tabşyryldy. Ýüze çykarylan taryhy tapyndylar - orta asyr kümüş teňňeler toplumy, keramika, bürünç önümleri, keramikadan ýasalan uly göwrümli halkalar, gap-gaçlar we beýleki gymmatlyklar muzeýleriň hazynalaryny has-da baýlaşdyrdy.

Şu babatda «Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesiniň medeni mirasy öwrenmek boýunça halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekdäki ähmiýeti» atly ylmy duşuşygynyň we arheologik tapyndylaryň sergisiniň bu ugurlarda ýola goýlan halkara hyzmatdaşlygyny kämilleşdirmäge uly ýardam berer. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň gozgalmaýan taryhy we medeni ýadygärliklerini goramak, öwrenmek hem-de rejelemek ulgamynda geçen ýylda «Köneürgenç» taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň çäginde ýerleşýän «Kerwensaraý» ýadygärliginde arheologik gazuw-barlag işleri, «Gadymy Dehistan» taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň çäginde ýerleşýän orta asyr Juma metjidiniň peştagyny ylmy-binagärlik taýdan öwrenmek we dikeltmek işleri hem-de Lebap welaýatynyň Dänew etrabynda ýerleşýän Daýahatyn kerwensaraýynda ylmy gözleg we rejeleýiş işleriniň II tapgyry amala aşyryldy. Şeýle hem Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda ýerleşýän orta asyr Abiwerd-Peşdag galasynda we Lebap welaýatyndaky Amul galasynda arheologik gazuw-barlag işleri alnyp baryldy. Mundan başga-da, ýurdumyzyň taryhy-medeni ýadygärliklerini halkara derejesinde ylmy taýdan öwrenmek we rejelemek çärelerini geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň we dünýäniň tanymal ylmy merkezleriniň aralarynda baglaşylan Ylalaşyklara laýyklykda daşary ýurtly we türkmen alymlarynyň we hünärmenleriniň gatnaşmagynda ekspedisiýalar yzygiderli işleri alyp barýarlar.

Şu ýylyň oktýabr aýynda hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli «Parahatlyk ýolumyz» atly tans festiwaly geçiriler. Festiwalyň maksady Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyny sungat eserleri arkaly wasp etmekden, tans sungatynyň milli mirasyny gorap saklamakdan we onuň hazynasyny has-da baýlaşdyrmakdan, tans sungatynyň milli äheňlerini wagyz etmekden, zehinli tansçylary ýüze çykarmaga giň ýol açmakdan, tansçylaryň hünär derejesini kämilleşdirmekden, iň gowy tans toparlaryny, tans goýujylary, baletmeýsterleri, tansçylary höweslendirmekden, ýaşlarda tans sungatyna bolan söýgini ýokarlandyrmakdan, şeýle hem tans eserlerini teleradioýaýlymlar, internet saýtlary hem-de gazet-žurnallar arkaly halk köpçüligine giňden wagyz etmekden ybaratdyr. Festiwalyň welaýatlar we Aşgabat şäheri boýunça 1-nji tapgyry öz ýerlerinde geçirilýär hem-de eminler toparynyň gelen netijelerine laýyklykda jemleýji tapgyra gatnaşmaga hukuk gazanýar. Festiwala tans toparlary milli tans eserleri, wakaly tans eserleri, daşary ýurtlaryň milli tanslary ugurlary boýunça gatnaşyp bilerler. Gahryman Arkadagymyz «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly çuňňur pähim – paýhasa ýugrulan kitabynda şeýle diýýär: «Türkmen jemgyýetinde Bitaraplyk hukuk ýagdaýy anyk jemgyýetçilik-syýasy jähtden taryhy-medeni mirasy wagyz etmek we ýaýratmak ýaly ugurlarda işjeň parahatçylygy söýüjilik garaýşynda has-da aýdyň ýüze çykýar.»

Hakykatdan-da, Hormatly Prezidentimiziň aýdyşy ýaly, türkmen halkynyň dost-doganlyga, parahatçylyga, agzybirlige, hoşniýetli gatnaşyklara goýýan hormat-sarpasy, asylly garaýyşlary milli sungatymyzda hem-de medeni mirasymyzda çeper şöhlelenýär. Şu babatda alanyňda, noýabr aýynda geçiriljek «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly türkmen nusgawy saz sungatynyň festiwaly döwletimiziň Bitaraplyk hukuk derejesinden gelip çykýan aýdyň maksatlaryň özboluşly waspyna öwrüler, «Türkmenistan–Bitaraplygyň mekany» ýylynda guralýan medeni çäreleriň many–mazmunyny has–da baýlaşdyrar.

Bu festiwal türkmen nusgawy saz sungatyny, kompozitorlyk döredijiligini has-da ösdürmek, ýurdumyzyň professional orkestrleriniň, ansambllarynyň we beýleki saz toparlarynyň ýerine ýetirijilik ussatlygyny kämilleşdirmek, professional saz sungatyna bolan gyzyklanmany artdyrmak, kämil saz eserlerini we täzeden işlenen türkmen halk sazlaryny halka ýaýmak, ýaş zehinleri ýüze çykarmak, olaryň döredijiligini höweslendirmek we ýerine ýetirijilik ussatlygyny kämilleşdirmek, saz toparlarynyň we sazandalaryň tejribe alyşmaklaryna mümkinçilik döretmek ýaly asylly maksatlar bilen bagly bolar. Festiwala saz guralynda ýekelikde ýerine ýetirmek ugry boýunça çagalar sungat mekdepleriniň okuwçylary, mugallymlary, ýörite sazçylyk we sungat okuw mekdepleriniň talyplary, mugallymlary, saz edaralarynyň professional saz bilimi bolan sazandalary gatnaşarlar. Şeýle hem, bu festiwalda toparlaýyn ýerine ýetirmek ugry boýunça çagalar sungat mekdepleriniň, ýörite sazçylyk, sungat okuw mekdepleriniň hem-de saz edaralarynyň saz toparlary çykyş ederler. Birinji saýlama tapgyrda saýlanan ýekelikde ýerine ýetirijiler we saz toparlary festiwalyň jemleýji tapgyryna gatnaşarlar. «2019-njy ýylda milli medeniýetimizi ösdürmek, mirasymyzy gorap saklamak hem-de wagyz etmek boýunça hem netijeli işler amala aşyryldy. 2019-njy ýylda türkmen milli halyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi biziň bu ugurda alyp barýan işlerimiziň aýdyň mysalydyr. Geljekde hem ruhy baýlygymyz bolan medeniýetimizi ösdürmäge uly üns bereris.» diýip, Hormatly Prezidentimiz Täze ýyl baýramy mynasybetli Gutlagynda aýratyn nygtap geçdi.

Gahryman Arkadagymyzyň bu parasatly sözleri ýurdumyzyň medeniýet ulgamynyň geljekde has-da uly ösüşlere beslenjekdiginiň anyk subutnamasydyr. Çünki, häzirki döwürde medeniýeti we sungaty ösdürmek, täze, döwrebap eserler bilen baýlaşdyrmak üçin ähli şertler, mümkinçilikler bar. Hormatly Prezidentimiz 14-nji ýanwarda paýtagtymyzda geçirilen «Türkmenistan we halkara guramalary: parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahatynda eden taryhy çykyşynda «Şu ýyl ýurdumyz dünýä bileleşigi bilen bilelikde, Türkmenistanyň Bitaraplygynyň halkara derejesinde ykrar edilmeginiň 25 ýyllygyny giňden bellär. Bu, hakykatdan-da, wajyp senedir, türkmen döwletiniň Garaşsyzlygynyň taryhynda ähmiýetli wakadyr, onuň daşary syýasatyndaky tapgyrlaýyn sepgitdir.» diýmek bilen, hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllygynyň ýurdumyzda hem-de dünýä bileleşiginde giňden baýram edilip belleniljekdigini uly buýsanç bilen belledi. Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy hem-de «Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany» ýyly mynasybetli 2020-nji ýylyň dowamynda halkara derejesinde geçiriljek çäreler Türkmenistan döwletimiziň dost-doganlyk, ynsanperwerlik, hoşniýetlilik ýörelgeleriniň dünýä ýüzünde giňden dabaralanýandygynyň aýdyň subutnamasyna öwrüler.

Akmyrat Rejebow,
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Döredijilik işgärleri bölüminiň baş hünärmeni