Bitarap mekan


Bitarap mekan



Bitarap sen, soňlanmajak dessanym,
Parahat sen, kalba beslän ynsabym.
Adamzat ähliniň köňül küýsegi,
Tumary sen päk niýetli ynsanyň.

Sähralaryň Hydyr gören ýaýladyr,
Badalgadyr göterilen ykbala.
Bitaraplyk bilen nurlanan mekan,
Gönezlikdir görkden zyýat ynsaba.

Nusgalykdyr döwre guran illeriň,
Bili polat, dili şirin-asaldyr.
Bu mekanyň bar baýlygy, buýsanjy,
Ynsana hormatdyr, döwre yhsandyr.

Tereňdir derýasy—binýady dürden,
Deňziniň kenary baky güzerdir,
Dost, dogana didargäh bu Diýara,
Owal-başda Hak nazaryn dözendir.

Kalbynyň senasy—niýeti-päli,
Eli açyk hemem ýoly açykdyr.
Jahanşa tagtynda Bitarap mekan,
Bu gün saňa yklym bary aşykdyr.

Bu Watanda «Döwlet adam üçindir!»,
Aýgytdyr her daýym myradyn tapan.
Türkmen Diýaryna Serwerpaýhasy,
Baky Bitaraplyk serpaýyn ýapan.

Baýramyň — toýlaryň töresi bu gün,
Tuguň barça Baýdaklaryň seresi.
Saňa gonak bolan jahankeşdäniň,
Her dem geler durar seni göresi.

Zemin—Arş arada köňül tagty sen,
Aýdan aýdyň, nurly Günden ýagty sen.
Bir halal çeşmäm sen, aýnyl-baky sen,
Arkadagyň saýasynda baky sen.
Mukaddes topragyň tylla-zer, Watan!
Göterlen ykbala serbe-ser Watan!
Owal-ahyr dünýä döräp ýazylan,
Äleme nusgalyk bir eser Watan!

Ýollaryňa ýazylandyr nazarym,
Soňsuz yhlasym bar ýaýlalaryňda.
Başyma täç edip ýaşyl Tuguňy,
Sürerin döwrany aý-ýyllaryňda.

Gitsem, huzuryňa gelerin ýene,
Ene süýdi kimin halal mekanym.
Sensiň meniň genji-känim, hazynam,
Sende mydam artar durar tapanym.

Arkadagly Diýar, Bitarap Diýar,
Syrym saklap bilmän, zahyr boldum men.
Watan, saňa siňen yşkyma bu gün,
Özge alaç tapman, şahyr boldum men.

Serwerimiň kerem-sahawatyndan,
Türkmeniň oýanan ykbal, bagty sen!
Döwlet guşy dowam gondy başyňa,
Berkarar sen, Bitarap sen, baky sen!

Şonuň üçin öpüp ýaşyl Tuguňy,
Hem söýdügim belent tutup bu seri.
Bir Başa baş egen Berkarar Diýar,
Sensiň dünýäň Bitaraplyk eseri.

Badyňa bat bilip bedew aty sen,
Jennete öwrülen gül-gülüstanym!
Arkadagly ak ýollaryň dowamat,
Bitarap mekanym Türkmenistanym!

Hojaberdi BAÝRAMOW