Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mähriban Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen milli medeniýetimiz beýik ösüşlere beslenýär. «Türkmenistan — Bilaraplygyň mekany» ýylynda hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynyň elimize gowuşmagy aýratyn guwandyryjy wakalaryň biri boldy. Kitap mähriban Arkadagymyzyň ýurdumyzyň baş baýramy — mukaddes Garaşsyzlyk baýramçylygynyň öňýanynda halkymyza beren ajaýyp sowgady bolup, agzybirligiň, dostanalygyň, ynsanperwerligiň dabaralanmagynda möhüm ähmiýete eýe. Ajaýyp eserde eziz Watanymyzyň, mähriban halkymyzyň döwletli ýörelgeleri, ata-babalarymyzyň müňýyllyklaryň dowamyndaky durmuş tejribeleri giňden beýan edilýär. Halk döredijiliginiň, nakyllaryň we paýhasly pähimleriň çeperçilik bilen beýan edilmegi döwlet Baştutanymyzyň täze eseriniň ähmiýetini has-da artdyrýar, many-mazmunyny baýlaşdyrýar. Hormatly Prezidentimiziň halk döredijiligini we maddy däl gymmatlyklary yzygiderli toplamak, içgin öwrenmek hem-de wagyz etmek boýunça alyp barýan beýik işleri we ylmy-çeper eserleri ýurdumyzyň ösüşleriniň täze taryhynda aýratyn ähmiýete eýedir.
Mähriban Arkadagymyz halkymyzyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan asylly ýörelgelerine hem-de ruhy sütünlerine çuňňur sarpa goýmak bilen, bu ugurda häzirki wagta çenli gelip ýeten ylmy çeşmeleri we maglumatlary içgin öwrenip, eserinde olary has-da kämilleşdirip, täze röwüşlerde okyjylar köpçüligine ýetirdi. «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly gymmatly eseriň «Zeminiň abatlygy — ýaşaýşyň ebediligi» diýen bölüminde nygtalyşy ýaly, säher-saba dogan parlak Güni, täze Aýy, täze doglan bäbegi, bagtyň parasy ýaly täze gelni, mele-myssyk çöregi, halal gazanjyny türkmen ýüzüne sylýandyr. Asyl, türkmeniň göbek ganynyň daman ata Watanyna bolan beýik söýgüsi hem şular bilen dabaralanýar.
Her bir halkyň baky ýaşamagyna, Ýer ýüzünde öz ornuny tapmagyna itergi berýän uly güýç bar. Ol hem halkymyzyň milli däp-dessurlarynda, edim-gylymlarynda we häsiýetlerinde kök urýar. Türkmene mahsus bolan zähmetsöýerlik, dost-doganlyk, ynsaplylyk, agzybirlik ýaly milli häsiýetler hormatly Prezidentimiziň täze eseriniň içinden eriş-agaç bolup geçýär. Milli Liderimiz täze kitabynda halkymyzyň dünýä nusgalyk asylly ýörelgeleri barada özüniň parasatly oý-pikirlerini çuň beýan etmek bilen, däp-dessurlarymyza, olaryň eziz Watanymyzyň abadançylygyny üpjün etmekde, ýaş nesilleri terbiýelemekde eýeleýän ornuna möhüm ähmiýet berýär. Ajaýyp eserde halkymyzyň milli mirasyny düýpli öwrenmek, ony aýawly saklamak, giňden wagyz etmek hem-de geljekki nesillere ýetirmek bilen baglanyşykly meseleler esasy orun eýeleýär. Şu eseriň üsti bilen dünýäniň okyjylar köpçüligi eziz Watanymyzyň köpasyrlyk taryhy, halkymyzyň ajaýyp däp-dessurlary, ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünlikleri we dürli ugurlarda ýeten sepgitleri bilen tanşyp bilýär.
Täze kitap on iki bölümden ybarat bolup, onda durmuşyň gönezligi, Zeminiň abatlygy, ebedi ýaşaýşyň ugurlary, ylym-bilimiň ähmiýeti, sagdyn durmuş ýörelgeleri, zähmetsöýerlik, myhmansöýerlik, dost-doganlyk gatnaşyklary, agzybirlik, başlan işiňi abraý bilen tamamlamak ýaly düşünjeler barada giňişleýin maglumatlar berilýär.
Milli Liderimiziň täze eserinde türkmen taryhynyň çeşmeleri, toplanan maglumatlar ylmy esasda öwrenilip, rejelenip, has-da kämilleşdirilip jemlenipdir. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly täze kitaby diňe bir mähriban halkymyzda däl, eýsem, daşary ýurtly okyjylarda hem uly gyzyklanma döredýändigi aýratyn buýsandyryjydyr.
Babajan GOÇMYRADOW