Iňňeden döreýän sungat
Kökleri asyrlaryň jümmüşine uzaýan türkmeniň milli mirasy beýik ösüşleri başdan geçirip, şu günki gün ýaş nesiller üçin uç-gyraksyz ummany ýadyňa salýan gymmatly hazynadyr.
Keşde çekmek, gaýma gaýamak, haly dokamak ýaly milli hünärlerimiz türkmen gelin-gyzlarynyň durmuşynyň özenidir. Türkmen zenanlarynyň arasynda bu sünnä sungaty bilmeýäni ýokdur. Sebäbi gözellerimiziň ulalanda eli işli bolar ýaly, şeýle-de bu inçe sungatyň nesilme-nesil dowam etmegini gazanmak maksady bilen, ene-mamalarymyz gyzlaryna bu nepis senedi yhlas bilen öwredipdirler. Maşgalada gyz bäbek dogulsa, ony «Eli çeper, halyçy bolsun!» diýip, hala dolap, ýagşy yrym edipdirler. Sallançakda ýatan gyz bäbejigi hüwdülänlerinde, zähmetsöýer, eli işli bolmagyny arzuw edipdirler. Ene hüwdülerinde, arzuwly lälelerde we joşgunly gazallarda şeýle bentlere gabat gelmek bolýar:
Hünärli gyz sepinde,
El hünärin getirer.
El hünärini synlap,
Il waspyny ýetirer.
Ene-mamalarymyz gyz-gelinleriň eli çeper, tikin-çatyndan başy çykýan, haly-palas dokap bilýän ezber bolup ýetişmegi üçin alada edipdirler. Türkmen gözelleriniň nepisligi duýşy, çeperçilik babatyndaky zehin-başarnygy hemmeleri haýran galdyrypdyr. «El hünäri il gezer» diýleni. Üýtgeşik nagyşly geýimler, nepis keşdelenen egin-eşikler, ajaýyp halylar göreniň gözüni dokundyrýar. El keşdeleriniň inçeligi, halylarynyň nepisligi göreni özüne maýyl edýär. Kürte nagyşlary, milli lybaslaryň ýakalaryna we ýeňlerine salynýan keşdeler inçelik bilen sünnälenip ýerine ýetirilýär. Bu bolsa hysyrdyly hem irginsiz zähmeti, üns-aladany talap edýär. Zenanlaryň on barmagyndan çykýan, reňkleri sazlaşykly salynýan nagyşlar öz gözbaşyny türkmen tebigatyndan alyp gaýdýar. Üýtgeşik nepislik bilen dokalan owadan halylar türkmen gelin-gyzlarynyň sülük barmaklarynyň hünäri bolup, şu günki gün dünýäni haýrana goýýar.
Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen çap edilen «Paýhas çeşmesi» atly kitapda: «Gözelligi, nepisligi, öwşün atýan reňkleri bilen göreni haýrana goýýan halylar halkymyzyň ruhy ahwalydyr» diýilýär.
Türkmenistanyň medeniýetde at gazanan işgäri, ýazyjy Ogulgerek Ussaýewa «Keşdeler» atly goşgusynda «Inçejik iňňeden dörän sungat» diýmek bilen bu sünnä sungatyň waspyny ýetiripdir:
«Ak gaýmalar» goçak bilen bäsleşip,
«Älemi», «Gülleri» gelşigne getir.
Bu nagyşlaň —
Keşdeleriň astynda
Türkmen gözeliniň söýgüsi ýatyr.
Milli däp-dessurlarymyz, ýol-ýörelgelerimiz, ene-mamalarymyzdan gelýän inçe hem nepis sungatymyz bagtyýarlyk döwrümizde hem öz ähmiýetini ýitirmän, döwrebap görnüşde we gadymy nusgalarda dowam etdirilýär. Keşde ýakaly, ýanly köýnekler döwrebaplaşdyrylyp, häzirki döwürde hem ürç edip geýilýär. Gadymy döwürlerden bäri enelerimiz keşdeli we gaýmaly owadan ýakalaryna bagjyk edipdirler ýa-da gülýaka dakynypdyrlar. Il içinde bagjyk bilen baglanyşykly şeýle bir gadymy däp bolupdyr. Gudaçylyga gidýän aýallar gyzyň öýüne baryp, saçak başynda oturanlaryndan soň, söze başlamankalar, olaryň ekabyry bagjygyny çözüpdir. Bu däp olaryň näme maksat bilen gelendigini bildiripdir. Öý eýesi gyzyna gudaçylyga gelendiklerini şol hereketden aňlaýan eken. Halkymyzyň gepsiz-sözsüz düşünişýän käbir hereketleri türkmen zenanynyň agraslygyndan, az sözlüliginden, edep-ekramyndan habar beripdir.
Edep kadalarynyň ýene biri hem gelinleriň, garry eneleriň ýaşmak ýaşynmagydyr. Ýaşmak ýaşajyk gelinleriň edep-terbiýesini, sylag-hormatyny aňladypdyr. Gelinler gaýynatadan, gaýyneneden, gaýynagadan ýaşynypdyrlar. Bu bolsa ululara goýulýan hormatyň nyşanydyr. Zenan ýaşmagynyň berk we ykjam saklanmagy üçin zergärlerimiz nepis ýaşmagujy ýasapdyrlar. Nepisje bu şaý-sepe gaş goýupdyrlar. Ýaşmagyň ujuny berkitmekde bu kiçijik şaýyň ähmiýeti uly bolupdyr. Ol ýaşmagyň berk durmagyna ýardam edipdir we gelinler biş-düş, arassaçylyk işlerini ýerine ýetirenlerinde päsgel bermändir. Ene-mamalarymyz ýaşmagujy dakynypdyrlar. Şu günki günlerde hem ýaşmagujy dakynýan enelerimize gabat gelmek bolýar. Bu bolsa ene-mamalarymyzyň milli däp-dessurlarymyza, edim-gylymlarymyza ygrarlydyklaryny, gadymy ýol-ýörelgelerimizi saklap, olary ýaş nesillere miras goýmakda asylly işleri edýändiklerini görkezýär.
«Egin-eşigim — görküm-gelşigim» diýlişi ýaly, owadan egin-eşikler ynsany bezeýär, gelşigine getirýär. Ene-mamalarymyzyň yhlas bilen dokaýan gyzyl-ýaşyl ketenileri häzirki döwürde hem uly höwes bilen geýilýär. Täze biçüwde tikilýän şeýle milli matalarymyz gyz-gelinleriň gözelligine gözellik goşýar. Türkmen ketenisi özüniň owadanlygy bilen dideleri özünde kökerýär. Ketenileri gelin-gyzlarymyz owadan, gözel, nepis keşdeler bilen bezäp geýenlerinde, has gelşikli görünýär. Türkmen gelin-gyzlarynyň sungat derejesine ýetiren keşdeleri görenleri haýrana goýýar. Olar halkymyzyň mertebesini barha belende göterýär.
Şasenem HEKIMOWA