Arassa wyždan — kalbyň rahatlygy


Arassa wyždan — kalbyň rahatlygy



Ynsany tapawutlandyrýan esasy aýratynlyklarynyň biri oňa mahsus bolan ruhy-ahlak hӓsiýetlerdir. Şahsyýetiň ahlak borçlaryny özbaşdak kemala getirmek ukybyna we olary ýerine ýetirip bilmegi öz-özünden talap etmegine wyždan diýilýär. Başgaça aýdylanda wyždan şahsyýetiň içki gözegçilik terezisidir. Ol ynsanda ahlak ýörelgelerine görä hemme eden işleriniň jemgyýetde kabul edilen nusgalara gabat gelýänligine baha kesende ýüze çykýar. Ýagny, haçanda adam eýýäm amala aşyran hereketleriniň ahlak ähmiýetine aň ýetirip bilen pursatlarynda gynanç, ökünç görnüşinde ýüze çykýar.

Wyždan — adamyň öz edýän hereketlerine jogӓpkärçilikli çemeleşmegi üçin belli bir zerurlykdyr. Onuň ahlaga gös-göni gatnaşygy bardyr, çünki adam ahlak ýörelgelerinden daşlaşanda wyždan ýüze çykýandyr. Wyždan jemgyýetçilik gatnaşyklaryna hem dahyllydyr.

Wyždan adamyň erki bilen hem aýrylmaz baglanyşyklydyr. Erk diýip belli bir maksada gӧnükdirilen we oňa ýetmekde dӧreýӓn kynçylyklary ýeňip geçmӓge zerur bolan güýji sarp etmek bilen baglanyşykly aňly hereketlere aýdylýar. Erk adam işjeňliginiň aýratyn gӧrnüşidir. Erkde adam ӧzüni dolandyrýar, maksada ýetmek üçin ӓhmiýetsiz beýleki islegleri, meýilleri togtadýar we bu ugurda dürli hereketleriň zerur yzygiderliligini guraýar. Şahsyýetiň erkli hereketleri amala aşyrmagy aňyň gatnaşmagynda geçýӓr. Dӧrӓn ýagdaýa baha bermek, indiki etmeli hereketiň ýoluny kesgitlemek, oňa serişde agtarmak, netijӓ gelmek we başgalar. Bularyň hemmesi aňlamak esasynda guralýar. Kӓbir ýagdaýlarda erkli gelnen netije adamyň bütin durmuş ýoluny, onuň jemgyýetçilik ornuny, ahlak sypatyny kesgitleýӓr. Bu ýagdaýda adam ӧz durnukly ynançlaryndan, durmuş maksatlaryndan we ahlak düzgünlerinden ugur alýar. Jogapkӓrli erkli hereketleri ýerine ýetirmekde adamyň aňynda ynançlar, gӧnükdirilmeler, aýry-aýry pikir, duýgy hӧkmünde janlanyp, ýagdaýa baha berşine, netijӓ gelmegine, ony amala aşyrmak üçin serişde saýlaýşyna ӧz düýpli tӓsirini ýetirýӓr. Erkli işiň esasy aýratynlygynyň biri — amala aşyrylan işiň erkinligini, azatlygyny aňlamak bolup durýar. Bu ýerde erkinlik jogapkӓrçilik duýgusy bilen utgaşýar. Gynansakda, adamyň özüne bagly bolmadyk käbir ýagdaýlarda, hakykatdan islemeýän hereketini etmeli bolýar. Eger ol öz wagtynda gowşaklyk etmedik bolanda şol ters hereketleri amala aşyrman hem bilerdi. Emma boljak iş boldy. Şondan soň adamyň wyždany ony ýazgarýar, utandyrýar, öz-özüni ýigrendirýär. Bu hili ýagdaýlara durmuşdan näçe mysallary alsaň alybermeli. Aýdaly, oýnap ýörkäň dostuňa gödek hereketiň bilen duýdansyz şikes ýetirmek, ýa-da bolgusyz degişmeler bilen işdeş ýoldaşyň göwnüne degmek we başgalar. Şeýle pursatlardan soň adamyň wyždany ony öz erkine goýmaýar. Sebäbi, şahsyýet tarapyndan tötänleýin bolan bir hereketiň onuň özüni alyp barşynda adaty bir ýörelgä öwrülmegine böwet bolmakdyr. Diýmek, wyždan bar zat bilen bolmaly zadyň arasynda gabat gelmezlikden döreýän emosional bir ýagdaýdyr. Wyždan kähalatlarda ýalňyş niýetler, etsem-goýsamlar ýa-da baha kesmeler zerarly hem döräp bilýär. Meselem, bir adam hakynda erbet pikir edenligiňe ökünmek.

Elbetde başga hili ýagdaýlar hem bolup biler. Durmuşda dilinde bir zat gepläp, iş ýüzünde bolsa başga hili hereket edýänler hem gabat gelýär. Beýle bolanda aýdylýan sözler hakyky pikir edilýän zady aňlatmaýar. Gaýta tersine, ýalan-ýaşrygy, ýaranjaňlygy döredýär. Şu zeýilli hereket edýän adamda wyždanyň sesi, ýazgarmagy diňe tötänden, ýalňyşyp şol diýýän sözlerine gabat gelýän hereketleri edäýen ýagdaýynda bolup biler.

Arassa wyždan — şahsyýetiň arassa ahlak durmuşyny alamatlandyrýar. Käbir pursatlarda biziň özümize bagly däl ahwalatlar bolýar. Dörän meseläni elimizde baryny edip, näçe oňyn çözmäge çalyşsak-da, «boljak işe çäre ýok» diýlişi ýaly, tersine bolup duruberýär. Munuň ýaly ýagdaýlarda wyždan özüni arkaýyn, arassa duýýar. Umuman, ӧz-ӧzüň bilen gӧreşmekde üstün çykmak oňyn duýgy dӧredýӓr. Özüňe erk edip bilýӓnligiňe, goýlan maksada ýetjekdigiňe gӧz ýetirmek, adamyň ӧz-ӧzünden gӧwnühoşlugyny dӧredýӓr. Adam garaýyşlaryna, ynançlaryna baha berşine gabat gelmeýӓn meýilleriň we hereketleriň dӧremeginiň ӧňüni alýar hem-de olaryň ýerine ýetirilmegini togtadýar. Bu ýerde ynsanyň ӧzbaşdaklyk, tӧwekgellik, erjellik, tutanýerlilik ýaly ençeme hӓsiýetleri ýüze çykýar. Şeýle hӓsiýetleri bolsa kiçilikden terbiýelӓp başlamalydyr. Jemgyýetiň iň kiçi düzüm bӧlegi bolan maşgaladan başlap, çagalar bagy, mekdep, ýokary okuw mekdepleri we zӓhmet toparlary ynsanda şu hili oňat ruhy-ahlak hӓsiýetleri terbiýelemek işi bilen meşgullanýar.

Güljeren Karaýewa