Törümiziň bezegi haly-palas, keçeler
Ençeme asyrlaryň dowamynda türkmen halky haly-palas dokamagyň, keçe salmagyň inçe syrlaryny, olaryň öz boluşly tilsimlerini örän aýawly saklap, biziň şu günlerimize ýetirdi. Her bir haly-palas gölleriniň, keçeleriň täsin nagyşlarynyň öz boluşly dünýäsi bar. Türkmen zenanlarynyň zehin-başarnygynyň, irginsiz zähmetiniň miwesi bolan bu senetleri synlanyňda, ajaýyp bir duýgyny başdan geçirýärsiň. Çünki gözelliklerden zynatly, özüne çekiji, mähir-yhlasdan doly bolan bu senet durşuna ykbal hem sungatdyr. Tebigat gözellikleri bolan gül-gunçalar bilen bäsleşýän haly-palaslaryň, keçeleriň nepislikde deňi-taýy ýokdur. Bu nepis sungat taryh sahypalarynda çeper elli gelin-gyzlarymyzyň ömür ýoly, ömür ykbaly bolup, durmuş menzillerine öwrülipdir. Türkmen zenanlary ähli döwürde-de el işlerini nusgalyk derejede sünnäläpdirler. El hünärini eneden-gyza geçirip dowam etdiripdirler. Ýyllar geçdigiçe, olara täze-täze öwüşginler çaýylypdyr.
Haly ýaly ýüwürdilip, ak toprakdan başlanýan palasdyr kilimler hem öz boluşly nagyşlary, üýtgeşik öýdümleri bilen tapawutlanýar. Köplenç, ýerligi gyrmyzy-narynç reňkli palaslaryň dokalyşy-da örän çylşyrymly. Palaslaryň esasy ýüzi aşak tarapda bolup, öýdümleri ýerbe-ýer öýdelip, argajy siňňitli berilýär. Eger-de argajyny gowşak dartyp berseň, ýaňky öýdümler bir-birine barmaýar, salnan nagşyň görküni gaçyrýar, artygrak dartyp berseň welin, palas kesilenden soň, nagyşlaryň azajyk gyşarandygyny görmek bolýar. Öýdümem, argajam ýerbe-ýer berlen palasa «Döwüp alybermeli» diýip, baha kesýärler. Şeýle bolansoň, nagyşlaryň ýerbe-ýerligi iki-üç öýdümden soňra, dokalýan palasyň aşagyna kiçiräk aýna salyp görülýär. Palaslara, esasan, «Bossany», «Burmaçigin», «Älem», «Gülýaýdy», «Tegbent», «Üýşürme», «Halyýaran», «Çüýe», «Ak gyry», «Sarygulak», «Para-para», «Sekiz-keşde»... ýaly nagyşlar salynýar. Halynyň dürli görnüşleriniň bolşy ýaly, palasda hem çuwal-torba, dutardaş, şeýle hem çanak-çemçe ýaly gündelik ulanylýan zatlary salmaga niýetlenen görnüşler bolýar. Kähalatlarda palaslary diňe bir goýun ýüňünden däl-de, eýsem, geçiniň çöpürinden saýyp, darap, egrip taýýarlanan ýüplüklerdenem dokamak bolýar. Ýa-da palasyň diňe argajyny geçi çöpürinden dokasaňam bolýar. Bu görnüşde, esasan, ak öýüň ýüpleriniň dürli görnüşleri dokalanda, ýele-güne çydamly, gaýym bolýar. Eger-de dokaljak palasyň ýüwürdimi geçiniň çöpürinden ediljek bolsa, onda ýaňky arassalanan geçi çöpürini egrip, iki gatlabam towuny gowy berip, mäşirik görnüşinde ýumak edip, bir-iki gün goýmaly. Şeýle edilende, iki gatlanan ýüwürdim ýüplügi ondan-oňa oklananda, ýygrylyp çolaşmaz ýaly towuny mazaly alýar. Ýene-de bir artykmaçlygy, ol hem geçi çöpürine salynýan nagyşlaryň öýdümide ýerbe-ýer, ondan taýýarlanan ýüplük siňňitli bolýar. Ýüwürdimi-de, argajy-da geçi çöpürinden edilen palas öwüşginliligi bilenem tapawutlanýar. Şeýle bolansoň, palas dokalanda, geçi çöpüri esasy ýüplükleriň biri hasaplanypdyr. Muny taýynlamakda ene-mamalarymyzdan dowam edip gelýän dürli tebigy boýaglar ulanylypdyr.
Haly-palas nagyşlary bilen birlikde, keçe nagyşlary hem bir-birinden owadan. Ir-ki döwürlerde keçe salmagyň ugruny tapan ene-mamalarymyz oňa ilki-ilkiler ýönekeýje, «Emzik», «Äşe», «Gül ýaýdy», «Çopanjyk»... ýaly nagyşlary salypdyrlar. Soň-soňlar öz başarjaňlygy bilen saýlanan zenanlar keçäni «Tüýnükli», «Goçak», «Bäş aýlam», «Sary içýan», «Buýnuzly», «Goşa ýürek»... ýaly nagyşlar bilen bezäpdirler. Bu häzirem şeýle. Tüýnükleriň, nagyşlaryň kesişýän ýerleriniň, şeýle-de «Äşe», «Sary içýan» ýaly nagyşlaryň hem daşyndan alajalar aýlanylýar. Nagyşlar doly çyzylyp bolnandan soňra, olary keçe salyşmaga gelen gyz-gelinler dürli reňkli ýüňler bilen bezeýärler. Keçäniň içki nagyşlary doly taýýar edilenden soňra bolsa, daşyna bir garyş inliliginde guzy ýüňüniň garasyndan gyra gara edilýär. Ine, şondan soňra keçe hasam owadan görnüşe gelýär. Nagşy çyzylyp, gyra garasy berlen keçe saýgyçda saýylyp, ýörite taýýarlanan, boýalmadyk ýüň bilen ýüzlenilýär. Ýüzlenmeli ýüňlerem iki gezek geçilenden soňra, keçe galňaýar. Şondan soň ýaňky keçäni çyzan zenan ýene-de keçäniň ikinji tarapyny çyzmaga oturýar. Ilki gara, sary ýüňler bilen salynjak nagşyň ýeri alnyp, ony belli bir ölçeglerde böleklere bölüp, çyzyp başlaýar. Ikinji nagyşlar, birinjä garanyňda, kyn bolýar. Sebäbi ozal nagyşlanyp, ýüzlenen keçäniň üstünden ýene-de nagyş çekilende, gaty seresaplylygy talap edýär. Öňki salnan nagyşlary eýläk-beýläk süýşürmän, üstüne nagyş salaýmak ýeňil-ýelpaý iş däl. Şeýle bolansoň, ýüzlemi ýeten keçäniň üstüne, ýagny arka tarapyna çylşyrymly nagyş salynmaýar. Ýene-de aýratyn bellenilmeli zat, ol hem keçäniň düýrlenip başlanyljak tarapynyň nagşy beýleki tarapynyňkydan azajyk ulurak edilip, ýüňide galyňrak ýüzlenilýär. Şeýle edilmegi keçäniň içki tarapynyň çalt giregen bolýanlygy bilen baglanyşyklydyr. Keçe salnyp, boldum edilenden soňra, ol gamşy bilen düýrlenip, garnaw ýüp bilenem mäkäm daňylsa, keçä suw guýup çekilende, nagyşlary üýtgemeýär. Bu iş köplük bolup edilýär. Ýaňky düýrlenen keçe çekilmeli ýere eltilip, üstünden ýyly suw guýlup, saman ýazylan ýerde ýuwaşlyk bilen çekilip başlanýar. Keçe çekmäge ýaş oglanlar, ýetginjekler kömege çagyrylýar. Üstünden suw sepelenip, bir-bir ýarym sagada golaý çekilýän keçäniň ýuwaş-ýuwaşdan ýüňleri basylyp, tekizlenip ugraýar. Keçäni çekip bolýançalar, onuň basylmaly ýeri taýýar edilýär. Gamyş ýazyp, iki gyrasyndan kiçiräk gyzjagazlara ýa-da keçä göz-gulak bolup oturan enelere sakladylyp oturdylýar. Iki gyrasyndan gamyş degip sürtülýän keçeleriň gyra garasy has gowy girýär. Gyrasy gowy degip, basymy ýetirilen keçä «oklaw ýaly» diýilýär.
Yhlasly, irginsiz zähmeti talap edýän keçeler gelin-gyzlaryň bilekleriniň aşagynda tekizlenýär. «Keçe bilekde bişer» diýdirýän keçeler basylyp bolunýança, bilekleriňem sürtülýär.
Gulpajygymyzy tasadyp ýören gyzjagazkak, keçäniň gamşyny saklamaga höwesekdik. Obadaşlarymyzyň günde biri diýen ýaly keçe salardy. Gelin-gyzlar gijesi bilen keçäniň ýüňüni, reňkini, gülüni taýýarlardylar. Şonda bizede özümizden kiçi çagalary sakladardylar ýa-da gül ýasamaly diýip, dürli reňkli ýüňlerden keçä salynjak gülleri taýýarladardylar. Keçe basmaga, ulularyňky ýaly bileklerimizi «bişirmäge», keçäniň uzynlygyna basylmagyna, ýagny «arkyrdylmagyna» sabyrsyzlyk bilen garaşardyk. Gelin-gyzlaryň bilekleriniň aşagynda düýrlenip ýazylýan keçe basdygyňça berkeýärdi.
Hawa, keçeleriň görnüşleride dürli-dürli. Goşma keçe, ýan keçe, tör keçe, gapy keçe, ojak başy keçeleri... Bularyň hersine salynýan nagyşlarda aýry-aýry. Ýöne şol keçeleriň ölçegleri, nagyşlary, reňkleri aýry bolsa-da, hemmesi-de gamyşda salnyp, çekilip basylýar.
Iş sapary bilen Esenguly etrabyna gidenimizde, keçäni matanyň üstüne salyp, taýýarlaýan gelin-gyzlaryň bu işiň ussadydygyna göz ýetirdik. Matanyň üstünde salnan keçe boldum edilenden soňra, onuň üstüni ýene-de ýukajyk mata bilen ýapyp, gap-gaç ýuwulýan serişdäni ýyly suwa garyp, keçe mazaly ezilýänçä sepeläp durmaly. Gowy ezilenden soňra, üstüne ýene-de galyň mata ýapyp, keçäni berk düýrlemeli. Elleriň aýasy bilen düýrlenilgi keçäni aýalamaly. Keçe birazrak wagtdan inçelip başlanyndan soň, daşyndaky matalary aýryp, iki sagada çenli aýalanan keçe mazaly ýylmanýar. Esasan, çaga tahýalary, joraplary, düýe ýüňünden bil guşaklar... ýörite ülňüler esasynda taýýarlanylýar. Ýöne matanyň üstünde salynýanlygy üçin, şol keçe önümlerine keçäniň çylşyrymly nagyşlary salynmaýar. Ol dürli görnüşli güller, alaja, goçak ýaly ýeňil nagyşlar bilen nagyşlanýar. Aýa bilen aýalanýan keçe önümleri gyşyna ýalazy meýdanlarda mal bakýan, nebit gaz ulgamlarynda, deňiz-derýada zähmet çekýän adamlara niýetlenendir.
Hawa, gelin-gyzlarymyz el işlerini her döwürde-de nusgalyk derejede sünnäläpdirler. El hünärini nesilden-nesle geçirip, dowam etdiripdirler. Bu sungat asyrlar aşyp, ýyllar geçdigiçe, täze röwüşlere beslenip, has-da kämilleşdirilýär. Zenanlaryň el işlerinde olaryň çäksiz ussatlygy, irginsiz zähmeti, yhlasy görünýär. Çeper elli zenanlarymyz nagyşlara öz halkynyň taryhyny, göwün matlabyny, arzuw-hyýallaryny siňdirip bilipdirler.
Haly-palas, keçe önümçiligi ýurt Garaşsyzlygy gazanylandan soňra, uly ösüşlere eýe boldy. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda milli gymmatlyklarymyz hakynda uly alada edilýär. Muňa mähriban Arkadagymyzyň öz halkyna peşgeş beren, milli sungatymyzy, medeniýetimiziň geçmişini, şu gününi we geljegini şöhlelendirýän «Türkmen medeniýeti», «Janly rowaýat», «Arşyň nepisligi» atly kitaplary hem aýdyň mysaldyr.
Goý, milli gymmatlyklarymyzy, el işlerimizi, däp-dessurlarymyzy kämilleşdirmäge, has-da ösdürmäge ak ýol açan mähriban Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun, halkymyzyň bagtyýar geljegini nazarlaýan beýik işleri barha rowaç alsyn!
Nursoltan DEPBIÝEWA