Bitaraplyk - Arkadagyň paýhasy!


Bitaraplyk - Arkadagyň paýhasy!



(Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany» atly kitabynda baky Bitaraplyk hukuk derejämiziň halkara medeni hyzmatdaşlygy ösdürmekdäki ähmiýetiniň çeper beýan edilişi)

Baky Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllyk baýramçylygynyň öňüsyrasynda Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany» atly çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan kitabyny agzybir halkymyza sowgat bermegi, ýurdumyzyň ähli kärdäki raýatlary bilen birlikde, medeniýet we sungat işgärlerini hem örän begendiren şatlykly waka boldy.
Gahryman Arkadagymyzyň dana paýhasyndan dörän kitaplaryň her biri biziň üçin nusgalyk ýol-ýörelge bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň kitaplary bagtyýar nesillerimizi agzybirlik, watançylyk, ynsanperwerlik, halallyk ruhunda terbiýelemekde, watandaşlarymyzy berkarar döwletimiziň gülläp ösmegi ugrunda beýik işlere ruhlandyrmakda möhüm ähmiýete eýedir.
Gahryman Arkadagymyz on bölümden ybarat bu kitabynda baky Bitaraplyk hukuk derejämizden gelip çykýan aýdyň maksatlaryň many-mazmuny, berkarar döwletimiziň dünýä döwletleri bilen dost-doganlyk gatnaşyklary, türkmen halkynyň gadymy döwürlerden şu günlere gelip ýeten döwletlilik, ynsanperwerlik, agzybirlik, dost-doganlyk, parahatçylyk ýörelgeleri hakynda çuňňur manyly gürrüň berýär. «Türkmenistan—Bitaraplygyň mekany» atly kitabyň «Bitaraplyk: gadymy geçmişden şu güne çenli», «Türkmenistan we halkara guramalar: parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk», «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň syýasy ähmiýeti», «Türkmen Bitaraplygy we medeni, ynsanperwer ulgamlar», «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň ykdysady ähmiýeti», «Türkmenistanyň Bitaraplygy: döwrüň hakykaty», «Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasaty — dünýäniň abadançylygyna, halklaryň bagtly geljegine gönükdirilen syýasat», «Bu gün toý donuna beslenip Diýar, şanly Bitaraplyk toýun toýlaýar!», «Taryhy resminamalar», «Bitaraplyk bilen bagly edilen çykyşlar» ýaly bölümlere bölünmegi, kitabyň suratlar bilen bezelmegi onuň taryhy ähmiýetini has-da artdyrýar. Kitapdaky bölümler biri-biri bilen özara baglanyşyp, hemişelik Bitaraplygyň many-mazmunyny düýpli açyp görkezýär. «Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany» atly kitabyň her bir bölümi biziň üçin nusgalyk mekdepdir.

Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany» atly kitabynda hemişelik Bitaraplygymyzyň halkymyzyň köp asyrlaryň dowamynda döreden durmuş mekdebiniň binýadynda kemala gelendigini nygtamak bilen, Döwletmämmet Azadynyň, Magtymguly Pyragynyň, Mollanepesiň goşgularyna ýüzlenip, bu barada anyk mysallary getirýär.
Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany» atly kitabynda «Türkmen nusgawy şahyrlarynyň biri Mollanepesiň «Ner gezgin» goşgusynyň tutuş mazmuny hem adam mertebesi bilen bagly joşgunly pikirlerden ybarat. Şahyryň şol goşgusyndaky:

«Iki adam uruşsa, öter ýaly ýol berme,
Birisine gep berip, ol birine al berme»

diýen setirlerinde parahat durmuşda ýaşamagyň durmuş esaslary aýdyň teswirlenýär.» diýip, (18 sah) jaýdar belleýär.
Hormatly Prezidentimiziň parasatlylyk bilen belleýşi ýaly, Mollanepes «Ner gezgin» goşgusyndaky bu setirleriň üsti bilen, sözi azaşan iki adamyň arasynda agzybirligi kemala getirmegiň ýoluny salgy berýär, olary ýaraşdyrmagyň möhümdigini, hiç birine gep bermän, diňe pähim-paýhasyň, hoş sözüň güýji bilen adamlaryň arasynda agzybirligi ýola goýmagyň zerurdygyny nygtaýar. Türkmen halkynyň ýörelgesine öwrülen bu durmuş pelsepesinde urşany ýaraşdyrmak, iki kişiniň arasyna al salyp, gep bermekden daş durmak ýaly adamkärçilige mahsus ýagşy gylyk-häsiýetler açylyp görkezilýär.
Hormatly Prezidentimiz «Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany» atly kitabynda «BMG-niň 2030-njy ýyla çenli Gün tertibini ýerine ýetirmek bilen baglylykda, ýurdumyzyň ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygy Türkmenistanyň halkara syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. ÝUNESKO-nyň düzümleri, onuň bilermenleri bilen bilelikdäki köpýyllyk işiň netijesinde uly netijeleri gazanandygymyzy aýratyn nygtamak isleýärin. Häzirki wagtda «Gadymy Merw», «Köneürgenç», «Nusaýyň Parfiýa galalary», türkmen halkynyň «Görogly» dessançylyk sungaty, türkmen milli «Küştdepdi» aýdym we saz sungaty, türkmen halyçylyk sungaty ýaly medeni gymmatlyklar we ýadygärlikler ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna girizildi.» (83 sah) diýmek bilen, berkarar döwletimiziň Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň taryhy-medeni mirasy wagyz etmek we ýaýratmak ýaly ugurlarda işjeň parahatçylygy söýüjilik garaýşynda has-da aýdyň ýüze çykýandygyny parasatlylyk bilen belleýär.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Türkmenistan döwletimizde dünýäde parahatçylygy, dost-doganlygy, agzybirligi has-da pugtalandyrmak, şeýle hem halkara medeni gatnaşyklary ösdürmek ugrunda giň möçberli işler amala aşyrylýar. Häzirki döwürde Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasy (ÝUNESKO), türki dilli döwletleriň TURKSOÝ halkara guramasy bilen özara hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýär.
Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany» atly kitabynyň «Türkmen Bitaraplygy we medeni, ynsanperwer ulgamlar» atly bölüminde «Mähriban Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi bilen birlikde, Diýarymyzyň milli-medeni, taryhy-arheologik gymmatlyklary hem giň ykrarnama eýe boldy.» (139 sah.) diýip, parasatlylyk bilen beýan edýär. Şeýle hem, 1999-njy ýylda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasy komitetiniň ХХIII mejlisinde «Gadymy Merw» döwlet goraghanasynyň, 2005-nji ýylda onuň ХХIХ mejlisinde «Köneürgenç» döwlet goraghanasynyň, 2007-nji ýylda bolsa ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasy komitetiniň ХХХI mejlisinde Nusaýyň Parfiýa galalarynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilendigini aýratyn belleýär.

Mälim bolşy ýaly, 2015-nji ýylda «Görogly dessançylyk sungaty», 2017-nji ýylda türkmen milli tans sungatynyň ajaýyp dessurlaryny özünde jemleýän «Küştdepdi aýdym we tans dessury», 2019-njy ýylda bolsa nepis sungatymyz bolan «Türkmen milli halyçylyk sungaty» ÝUNESKO-nyň «Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna» goşuldy we umumadamzat gymmatlygy hökmünde ykrar edildi. «Görogly» dessançylyk sungatynda öňe sürülýän belent pikirler, ündelýän ýagşy gylyk-häsiýetler diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem dünýä halklarynyň hem bähbidine gönükdirilen, ynsanperwerligi, agzybirligi, hoşniýetli gatnaşyklary ündeýän çuňňur paýhaslar dünýäsidir. «Küştdepdi» aýdym we saz sungatymyz bolsa, türkmen halkynyň milliligini, özboluşly däplerini, medeni mirasyny çeper wasp edýän, agzybirlige, parahatçylyga ündeýän joşgunly owazdyr.
Halkyň şöhratly geçmişine, medeni mirasyna uly hormat goýlup, olary gorap saklamak, nesilleri watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek, sungatyň gadymy çeşmelerini, ruhy-ahlak gymmatlyklarymyzy çuňňur öwrenmek we dünýä ýaýmak häzirki döwürde baky Bitaraplyk hukuk derejämizden gelip çykýan medeni-ynsanperwer ýörelgelerimiziň esasy binýadyna öwrüldi.
Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany» atly kitabynyň «Türkmen Bitaraplygy we medeni, ynsanperwer ulgamlar» atly bölüminde öňe sürülýän gymmatly pikirler ýurdumyzyň dünýä döwletleri bilen alyp barýan medeni gatnaşyklarynyň ählumumy parahatçylyk ýörelgelerini, dost-doganlygy dabaralandyrmakda möhüm ähmiýetlidir. Parahatçylyk, dost-doganlyk, hoşniýetlilik, hyzmatdaşlyk ýörelgelerini giňden ösdürýän türkmen Bitaraplygy häzirki döwürde dünýäde medeni gatnaşyklary ösdürmegiň, medeniýetleri ýakynlaşdyrmagyň hem esasy binýadyna öwrülýär. Medeniýeti gatnaşyklaryň rowaçlanmagy dostlugy, doganlygy kemala getirýär, halklar arasynda agzybirligi pugtalandyrýar. Medeniýetleriň ýakynlaşmagy dünýäde ählumumy parahatçylygyň üpjün edilmegine uly ýardam berýär. Häzirki döwürde ýer ýüzünde parahatçylyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagynda medeni gatnaşyklary ösdürmegiň zerurdygy aýdyň hakykat. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda dünýä döwletleri bilen özara medeni hyzmatdaşlygy kämilleşdirmek, döwletimiziň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan gelip çykýan dost-doganlyk ýörelgelerimizi giňden wagyz etmek boýunça toplumlaýyn işler alnyp barylýar. «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli 2020-nji ýylda Türkmenistanda we daşary ýurtlarda geçiriljek dabaralaryň we çäreleriň Meýilnamasyna» laýyklykda, şu ýylyň dowamynda medeni çäreleriň birnäçesi guraldy. Geçirilen çäreleriň üsti bilen baky Bitaraplygymyzdan gelip çykan aýdyň maksatlar çeper şöhlelendirildi. Halkymyzyň dost-doganlyga, parahatçylyga, hoşniýetli gatnaşyklara goýýan hormat-sarpasy özboluşly beýan edildi.
Häzirki döwürde milli ruhly medeniýet ýurtda amala aşyrylýan maksatnamalaryň aýrylmaz bir bölegine öwrülmek bilen, taryhy tejribäni, milli mirasy we jemgyýetiň häzirkizaman ösüşini özünde jemleýär, hemişelik Bitaraplygymyzyň hukuk ýagdaýynyň many-mazmunyny giňden wagyz edýär.

Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany» atly kitaby taryhy-medeni mirasy wagyz etmekde, türkmen jemgyýetiniň ruhuny berkitmekde, onuň aň-bilim kuwwatyny artdyrmakda, medeni-ahlak gymmatlyklarymyzy we halkymyzyň ruhy bitewüligini aýawly saklamakda aýratyn ähmiýete eýedir. Hormatly Prezidentimiziň umumadamzat ähmiýetli uly tutumlarynyň, halkymyzyň abadançylygy ugrunda alyp barýan ägirt uly işleriniň netijesinde medeniýet ulgamynyň şu günki gazanan üstünlikleri ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda täze durmuş-medeni maksatly desgalaryň gurluşygynda, medeniýet edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmakda, sungatyň dürli görnüşlerini gaýtadan dikeltmekde we ösdürmekde öz aýdyň beýanyny tapýar. Türkmen medeniýeti milletimiziň ruhy özboluşlylygyny beýan etmek bilen dünýä bileleşiginiň köpugurly gymmatlyklaryny şöhlelendirýär we adamzadyň medeni-taryhy mirasynyň bir bölegi bolup durýar. Mähriban Arkadagymyz täze kitabynda «Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynda ata-babalarymyzyň adamzadyň şöhratly taryhyna ýazan durmuş hakykaty ýaşaýar. Türkmen Bitaraplygy halkymyzyň Tug deýin belent saýýan mertebe sütünidir.» ( 33 sah) diýip nygtamak bilen, hemişelik Bitaraplygymyzyň hukuk ýagdaýynyň çuň manysyny, Bitaraplygymyzdan gelip çykýan aýdyň wezipeleri merdana milletimiziň ýol-ýörelgeleri, milli aýratynlyklary, taryhy-medeni mirasy bilen berk baglanyşdyrýar. Parahatçylygy söýmek, dostluga hormat goýmak, doganlyk gatnaşyklaryny saklamak türkmen halkynyň heňňamlara uzaýan şöhratly taryhynda, milli ýol-ýörelgelerinde aýratyn orny eýeleýär. Merdana ata-babalarymyz özleriniň pähim-paýhasly çözgütleri, asylly ýörelgeleri bilen ençeme müňýyllyklaryň dowamynda dünýäde parahatçylygyň pugtalanmagyna, halklaryň arasynda agzybirligiň rowaçlanmagyna uly goşant goşupdyrlar.
Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany» atly kitabyny okanymyzda, halkymyzyň dost-doganlyga, hoşniýetli gatnaşyklara goýýan hormat-sarpasynyň, baky Bitaraplygymyzyň taryhy kökleriniň asyrlaryň jümmüşine uzap gidýändigine has-da aýdyň göz ýetirýäris. Çünki, çuň paýhasa, kämil garaýyşlara esaslanýan bu kitapda bellenilişi ýaly, Türkmenistan döwletimiz bilen dünýä döwletleriniň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklarynyň yzygiderli ösdürilmegi, netijeli halkara hyzmatdaşlygynyň kämilleşdirilmegi, hemişelik Bitaraplygymyzdan gelip çykýan aýdyň maksatlaryň barha rowaçlanýandygynyň özboluşly beýanydyr. «Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany» atly täze kitabynyň neşir edilmegi hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli Gahryman Arkadagymyzy, ähli halkymyzy tüýs ýürekden gutlaýarys!
Hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli döwletli işleri hemişe rowaç bolsun!

Orazsoltan EMINOWA