AWAZA — MYHMANSÖÝERLIGIŇ TÜRKMEN NUSGASY


AWAZA — MYHMANSÖÝERLIGIŇ TÜRKMEN NUSGASY



Tolkunlary geriş-geriş goja deňziň güwwüldisine ýada gökde perwaz eýleýän çarlaklaryň owazyna bir pursat diň salyp gördüňizmi?! Ruhubelentlik eçilýän şol sesleri eger-de terjime etmeli bolsa, nämeleri diýip bolardy?! Megerem, misilsiz ol owazlar «Bu ýerler bagtyýarlygyň mesgeni”, «Bu kenarda dostlar birleşýär”, «Bu ýerde çagalaryň owazy, bagtyň senasy bar...” diýen jümleleri dile getirmelidir. Näme üçin?
Her bir türkmenistanla maglumdyr. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gün-günden özgerýän Watanymyzyň ajaýyp künjekleri, şol sanda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy häzirki wagtda diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, bütin dünýäniň, tutuş adamzadyň göz guwanjyna öwrüldi.
Gahryman Arkadagymyzyň bu jenneti mekanda adamzada hyzmat etjek syýahatçylyk merkezini döretmek baradaky başlangyjy Türkmenistanyň öz ykdysady mümkinçiliklerini ýokary derejede peýdalanmagynyň, ägirt uly taslamalaryň durmuşa geçirilmeginiň esasyny goýdy. Bu taryhy taslamanyň «terjimehaly” 2007-nji ýylyň maý aýynda Türkmenistanyň, Russiýanyň we Gazagystanyň Prezidentleriniň Türkmenbaşy şäherinde bolan duşuşygyndan gözbaşyny alyp gaýdýar. Şonda hormatly Prezidentimiz deňiz ýakasyndaky bu şähere «Erkin ykdysady zolak” diýlen derejäni bermek baradaky başlangyjy öňe sürüpdi. Şondan kän wagt geçmänkä, has anygy, şol ýylyň dekabr aýynda daşary ýurtlaryň belli kompaniýalarynyň gatnaşmagynda geçirilen biznes-forumda bu deňi-taýy bolmadyk başlangyjyň durmuşa geçirilip ugralmagyna badalga berlipdi. Hormatly Prezidentimiz ol ýerde: «Biz Hazaryň kenarynda peýda boljak milli syýahatçylyk zolagyna «Awaza” adyny berdik” diýip, milli syýahatçylyk pudagyny dünýä derejesine ýetirmek, şeýle hem, Hazar deňziniň ekologiýa taýdan arassa türkmen kenarynyň baý tebigy mümkinçiliklerini rejeli peýdalanmak barada anykdan maksatnamalaýyn çykyş edipdi. Gahryman Arkadagymyzyň täze döreýän milli syýahatçylyk zolagyna bu ajaýyp ady dakmak baradaky netijä gelmegi ýöne ýerden däl. Sebäbi ýerli adamlaryň gürrüňini diňleseň, şeýle-de, ylmy kitaplaryň sahypalaryny agtaryp görseň, «Awaza” sözüniň gelip çykyşynyň «Owaz edýän tolkunlar” manysyny aňladýandygyny bilmek bolýar. Hakykatdan hem, Awazanyň tolkunlarynyň çalýan heňi tebigy simfoniýanyň owazy bolup kalbyňa dolýar.

Häzirki döwürde «Awaza” milli syýahatçylyk zolagy diňe bir dynç almak üçin ähmiýetli merkez bolman, eýsem, halkara çäreleriň yzygiderli geçirilýän ýerine öwrülýär. Bu ýerde sebit we halkara ähmiýetli möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşylýar, olar boýunça degişli çözgütler kabul edilýär. Olardan diňe käbirini ýatlamak arkaly-da, goja Hazaryň türkmen kenarynyň ähmiýetine, asyl, döwletimiziň halkara gatnaşyklaryndaky ornuna aýdyň göz ýetirmek mümkin. Ýadymyzdadyr, 2019- njy ýylyň awgust aýynda «Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça Birinji Hazar ykdysady forumy geçirilipdi. Bu forum diňe bir Hazarýaka ýurtlary bilen däl, eýsem, tutuş Ýewraziýa, GDA döwletleri bilen hyzmatdaşlykda täze sepgitleriň başlangyjyna öwrüldi. Üstünlikli geçen forumyň netijeleri boýunça dürli ugurlara degişli jemi 57 resminama gol çekildi. BMG tarapyndan bolsa halkara çäreleriň netijelerini öz içine alýan Hazar ykdysady forumynyň jemleýji Beýannamasy çap edildi. Bu möhüm resminama abraýly halkara guramanyň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynyň resminamasy hökmünde yglan edilmek bilen, guramanyň resmi dillerinde hem çap edildi. Diňe şu mysalyň özi hem bu sebitiň geosyýasy we geoykdysady kuwwatynyň barha artýandygyna şaýatlyk edýär. Aslynda, Hazar «bäşligine” goňşy döwletler hem, çäk taýdan alysda ýerleşýän, ýöne bu ýerde ykdysady bähbitleri bolan döwletler hem şu sebitde bolup geçýän zatlaryň ählisine uly gyzyklanma bildirýärler. Hazaryň türkmen kenaryny taryhynda ýene sanlyja günden, has takygy,
6-njy awgustda ýene-de täze sahypa açylar. Ol ýerde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy geçiriler. Bu möhüm ähmiýetli çäräni ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek boýunça milli Liderimiz şu ýylyň 17-nji iýulynda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň dowamynda degişli ýolbaşçylara anyk görkezmeleri berdi.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ýakyn günlerde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda jemi 6 sany möhüm halkara çäre geçiriler. Olar:
Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyndan,
Sebitiň ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogyndan,
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň halkara sergisinden,
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysady forumyndan,
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň halklarynyň milli tagamlarynyň sergisinden,
Sebitiň ýurtlarynyň sungat ussatlarynyň dabaraly baýramçylyk konsertinden ybaratdyr.

Olaryň ählisi Türkmenistanyň Merkezi Aziýada halkara maslahatlaryň geçirilýän ýurdy hökmünde eýeleýän ornunyň barha pugtalanýandygyny görkezýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz halkara çäreleri ýokary derejede guramak maksady bilen, Guramaçylyk toparyny hem döretdi.
Meýilleşdirilen halkara çäreleriň düzüminde muzeý gymmatlyklarynyň we amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisini, Türkmenbaşy şäherindäki Ruhyýet köşgünde hem-de «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky deňiz suw çüwdürimli seýilgähde Türkmenistanyň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň medeniýet we sungat ussatlarynyň dabaraly baýramçylyk konsertini geçirmek göz öňünde tutulýar.
Halkara ähmiýetli çäreleri ýokary derejede guramak maksady bilen, ugurdaş düzümler bilen bilelikde, medeni maksatnamany taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Artistleriň çykyşlarynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ýeten belent sepgitleri, halkymyzyň abadançylygy we hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň üstünlikli ösüşi öz beýanyny tapar. Şeýle-de Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna degişli 9620 inedördül metr meýdanda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli önümleriniň sergisi üçin gurnama işleri alnyp barylýar. Onda milli pawilýonlary, ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň pawilýonlaryny ýerleşdirmek meýilleşdirilýär.
Milli Liderimiz Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň sebit we halkara ähmiýetli çäreleriň geçirilýän merkezine öwrülendigini nazara alyp, meýilleşdirilen halkara çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegine dahylly düzümleriň sazlaşykly işiniň ýola goýulmalydygyny belledi. Munuň özi «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny dabaralandyrýan ýurdumyzyň Merkezi Aziýa sebitinde eýeleýän ornuny has-da pugtalandyrar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe asuda we abadan ýurdumyzyň deňiz kenarynyň göwheri — «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny behişdi künjege öwren hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun.

Batyr Kuliýew