«Ýeňiş» sazynyň söhbedi


«Ýeňiş» sazynyň söhbedi



Golaýda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda halypa mugallymlaryň, talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda aýdym-sazly ýatlama dabarasy geçirildi. Onda Beýik Ýeňşe ýetmek üçin merdana gerçeklerimiziň görkezen edermenlikleri hakda söhbet edildi. Çykyşlar gahrymançylykly aýdym-sazlar bilen utgaşdyryldy. Türkmenistanyň halk artisti, mukamçy kompozitor, halypa mugallym, professor Ýolaman Nurymow şular ýaly terbiýeçilik ähmiýetli çäreleri guramaga ähli mümkinçilikleri döredýän hormatly Prezidentimize alkyşlaryny dabara gatnaşanlar bilen paýlaşdy. Sahy Jepbarow, Oraz Saryýew ýaly halypa bagşy-sazandalarymyzyň 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda söweş meýdanynda gahrymançylyk görkezýän frontçy esgerleriňkide bolup, olary öz aýdym-sazlary bilen ruhlandyrandyklary barada täsirli gürrüň berdi. Ýaňlanan aýdym-sazlar esgerlere egsilmez güýç beripdir. «Gökdepe mukamy», «At çapan», «Göroglynyň at oýnadyşy» ýaly halk sazlary bilen birlikde, dessanlarymyzdan, nusgawy şahyrlarymyzyň goşgularyndan aýdymlar hem ürç edilip aýdylypdyr.
Dabarada Türkmenistanyň at gazanan artisti, konserwatoriýanyň uly mugallymy Annaseýit Annamyradow garry atasy Mylly Täçmyradowyň ýalynly ýyllarda döreden, hiç haçan könelmejek sazlaryndan söz açyp, şol sazlardan çalyp berdi.
Mylly aga Ýeňşe çenli üç sany saz döredipdir. Olaryň ilkinjisini «Ugradyş» diýip atlandyrypdyr. Halypa şol eserinde öz ogullary bilen birlikde, köp sanly gerçek ogullaryň Watan goragyna ugradylyşyny sazyň dili arkaly beýan edipdir. Şol sazyň döredijilikli dowamy bolan «Hüjüm» sazy bolsa ýer-ýurt, Watan üçin gara başlaryny orta goýan millionlarça gerçekleriň batyrgaý söweşleriniň saz dilindäki teswiridir.
Beýik Watançylyk urşy bilen bagly sazlaryň üçünjisi «Gyzyl baýdak» sazydyr. Munda söweşjeň baýdagyny mäkäm tutup, hiç bir güýçden heder etmän, ýeňşe sary golaýlaýan, hüjüm edýän frontçy esgerler, baýdagyň mukaddesligi dutaryň şirin dilinde beýan edilýär.
Ýeňiş baradaky habar parahatçylyk söýüji adamzady begendirýär. Mylly halypa bolsa urşuň başynda döredip başlan ençeme bölümli saz eserini jemleýär. Ony-da «Ýeňiş» diýip atlandyrypdyr. Beýik Ýeňiş bilen ýaşytdaş şol eser şu günler hem belentden belent ýaňlanýar.

Rejepmyrat ANNAMYRADOW