Bitarap Türkmenistanyň medeniýeti
1995-nji ýylyň 12-nji dekabry Garaşsyz Türkmenistanyň durmuşynda täze bir altyn sahypany açypdy. Şol gün Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesini ykrar edýän, onuň garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny we çäk bitewüligini hormatlaýandygyny alamatlandyrýan «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Rezolýusiýasyny kabul etdi.
BMG-niň şu mesele boýunça ýörite resminamasynyň kabul edilmegi milletler bileleşigi tarapyndan Türkmenistanyň parahatçylyksöýüjilikli syýasatynyň, onuň halkara işlerinde konstruktiw ornunyň giňden ykrar edilmeginiň subutnamasy boldy. 2020-nji ýylda Türkmenistan Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyny ýokary derejede dabaraly belläp geçer. 2020-nji ýyl «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» ýyly diýlip yglan edildi. Şunuň bilen baglylykda ýurtda bu şanly sene ähli ugurlarda dabaralandyrylýar.
Hormatly Prezidentimiziň döwleti ösdürmegiň täze tapgyrynda öňe sürýän başlangyçlarynyň hatarynda ýurduň medeniýetini, ylmyny kämilleşdirmek, halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek wezipeleri bolup, olar adamzadyň ruhy genji-hazynasyna uly goşant goşan türkmen halkynyň baý medeni mirasyny hemmetaraplaýyn öwrenmäge we dünýä ýaýmaga ýardam edýär. Türkmenistanyň medeniýet ulgamynda giň gerimli özgertmeleriň ýaýbaňlandyrylmagy netijesinde, bu ugurda alnyp barylýan syýasatyň üstünligi, jemgyýetiň sungata bolan gyzyklanmasynyň artmagynda, medeniýet, sungat işgärleriniň döredijilik başlangyçlarynda beýanyny tapýar. 2010-njy ýylda «Medeniýet hakynda» Türkmenistanyň kanunynyň kabul edilmegi bu ulgamy kämil, döwrebap hukuknama bilen üpjün etdi.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan dünýä döwletleri bilen ysnyşykly medeni gatnaşyklary pugtalandyrýar. Medeniýet, sungat dostluk köprüsini gurup, adamlara kalplary hemişe ýyladyp durjak mähir paýlaýar. Türkmen medeniýeti, sungaty parahatçylygyň, dost-doganlygyň owazyny dünýä ýaýýar. Milli Liderimiziň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly kitabyny okanyňda, munuň şeýledigine göz ýetirýärsiň. Adamyň durmuşda bagtly ýaşamagy üçin ilkinji zerurlyk parahatçylykdyr. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda bolsa adamlaryň erkana durmuşyny üpjün edýän bagtyýar, parahat durmuş höküm sürýär. Şu uly gymmatlyk ýurdumyzda halkara derejesindäki çäreleriň üstünlikli geçirilmegine oňyn täsirini ýetirýär. Bitarap Türkmenistanda halkara sungat festiwallary, forumlary, sergileri yzygiderli geçirilip, şol halkara çärelerine dünýäniň ençeme döwletlerinden gatnaşýan wekiller türkmen döwletiniň ýeten derejesi, dostlukly gatnaşyklara gadyr goýýan halkymyzyň däp-dessurlary bilen içgin tanyşýarlar. Halkara çäreleri Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň dünýä halklary bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmagyň, ösdürmegiň tarapdarydygyny äşgär edýär.
Türkmen halkynyň taryhynyň gadymyýete uzap gidişi ýaly, onuň medeniýeti, sungaty-da gözbaşyny irki döwürlerden alyp gaýdýar. Türkmenistanyň çäginde halkyň manyly geçmişini özünde jemleýän taryhy-medeni ýadygärlikleriň ençemesi ýerleşýär. Olardan Gadymy Merw, Nusaý, Köneürgenç ýadygärlikler toplumy ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň görnükli sanawyna girizildi. Şol taryhy-medeni ýadygärlikler türkmeniň şöhratly geçmişini bütin dünýä aýan edýär.
Medeniýet ulgamyna döwletiň ykdysadyýetinde, medeni-durmuş ulgamynda amala aşyrylýan düýpli özgerişlikler öz täsirini ýetirdi. «Türkmenistanyň taryhy we medeni ýadygärliklerini goramak hakynda» Türkmenistanyň kanuny Garaşsyz döwletde kabul edilen ilkinji resminamalaryň biridir. Resminama laýyklykda, ýurduň çägindäki dürli taryhy-medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek boýunça «Nusaý», «Köneürgenç», «Gadymy Merw», «Atamyrat», «Köne Sarahs», «Gadymy Dehistan», «Abiwerd», «Gökdepe galasy» ýaly taryhy-medeni döwlet goraghanalary döredildi.
Hormatly Prezidentimiz dürli ugurlara degişli ençeme kitaplaryň awtorydyr. Olardan «Türkmen medeniýeti», «Ile döwlet geler bolsa...», «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly kitaplary göniden-göni türkmen medeniýeti, sungaty bilen baglanyşyklydyr. Mähriban Arkadagymyzyň «Türkmen medeniýeti» atly kitabynda halkyň köp asyrlyk medeni mirasy hem-de medeniýet ulgamynda häzirki zaman döwlet syýasatynyň wezipeleri hakynda giňişleýin maglumatlar ýerleşdirilendir we bu kitap häzirki wagtda medeniýet, sungat işgärlerine ähli babatda gymmatly gollanma bolup hyzmat edýär.
Medeniýetiň yzygiderli ösdürilmegi ynsanperwer ulgamda halkara gatnaşyklary işjeňleşdirmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarydyr. 2015-nji ýylda «Görogly» dessançylyk sungatynyň, 2016-njy ýylda Nowruz baýramynyň, 2017-nji ýylda küştdepdi aýdym we tans dessurynyň, 2019-njy ýylda bolsa, halyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi alnyp barylýan giň gerimli işleriň netijesidir.
2010-njy ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 64-nji mejlisinde her ýylyň 21-nji martyny Halkara Nowruz güni diýip yglan etmek barada ýörite Rezolýusiýa kabul edildi.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan halkara forumlaryň geçirilýän ýurduna öwrüldi. Olaryň esasy maksady medeniýeti, sungaty geljek nesillere ýetirmek ýörelgesinden ugur alýar. Halkara ylmy maslahatlara, festiwallara gatnaşýanlar halk döredijiliginiň egsilmez çeşmesiniň köpöwüşginlidigine, halklaryň taryhyna, filosofiýasyna, milliligine düşünmek üçin ägirt uly mümkinçiliklere eýedigine, dürli medeniýetleriň wekillerini birleşdirýändigine, dostluk ýörelgelerini berkidýändigine has aýdyň göz ýetirýärler.
Ýurduň medeniýetiniň ähli ugurlary boýunça ägirt uly mümkinçilikler dünýä halklarynyň köpöwüşginli ulgamynda özboluşlylyga eýedir hem-de ol ruhy köklere, köpasyrlyk milli mirasy aýawly saklamaga, pederlerimiziň paýhasy bilen döredilen özboluşly dessurlara bolan ygrarlylygy alamatlandyrýar. Olaryň hatarynda aýdym-saz sungaty aýratyn orun eýeleýär.
Türkmenistanyň medeniýet ulgamyndaky döwletara gatnaşyklary türkmen halkynyň baý taryhy-medeni mirasyny çuňňur we ählitaraplaýyn öwrenmek üçin täze mümkinçilikleri döredýär. Ýurtlaryň arasynda medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň ösdürilmegi halklaryň ruhy taýdan özara baýlaşmagynda ähmiýetlidir. Medeni-ynsanperwer ulgamdaky döwletara gatnaşyklar Türkmenistanyň okgunly ösüşi, ýurduň medeniýetiniň, sungatynyň ýeten belent derejesi bilen ýakyndan tanyşmak babatda ajaýyp mümkinçiliklere ýol açýar. Medeni hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen oňyn başlangyçlar halklaryň arasynda ynsanperwer gatnaşyklaryň köprülerini gurmaga, türkmenistanlylary dünýä medeniýeti bilen tanyşdyrmaga hem-de dünýä giňişliginde halklaryň ruhy gymmatlyklaryny ýaýmaga hyzmat edýär.
Türkmenistanda wekilçilikli döredijilik forumlarynyň yzygiderli geçirilmegi ýurtda milli medeniýeti, sungaty ösdürmäge bolan ünsüň we çemeleşmeleriň, köpugurly halkara ylmy hem-de medeni alyşmalary ýola goýmagyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrülendigine şaýatlyk edýär.
Daşary ýurtlaryň syýahatçylarynyň, jahankeşdeleriniň, alymlarynyň we hünärmenleriniň gadymy türkmen topragyna gelip görüp, syýahat etmekleri hem-de dünýä medeniýetini ösdürmek, parahatçylyk, dostluk gatnaşyklaryny berkitmek, dünýäniň dürli halklarynyň özara medeni gatnaşyklaryny baýlaşdyrmak üçin möhüm ähmiýetli meseleleri ara alyp maslahatlaşmaklary babatda giň mümkinçilikler döredilýär.
Türkmenistan syýahat etmek üçin täsin tebigy ýerlere diýseň baýdyr. Olardan Köýtendagyň täsinliklerini, ol ýerdäki dinozawrlaryň aýak yzlaryny, birnäçe syrly gowaklary, dag belentliginden gaýdýan suw şaglawugyny, Köpetdagyň etegindäki Köwatanyň hem Aý daglarynyň täsinliklerini, syrly medeni-taryhy ýadygärlikler toplumyny, kerwensaraýlary görkezmek bolar.
Häzirki döwürde milli taryhy öwrenmek, halkyň taryhy, ruhy-medeni, maddy gymmatlyklaryny gorap saklamak, dünýäde wagyz etmek işleri täze many-mazmuna, döwrebap derejä eýe boldy. Bu işleriň amala aşyrylmagynda taryhy-medeni gymmatlyklaryň aýawly saklanylýan ýerleri Türkmenistanyň iri ylmy we aň-bilim merkezleri bolan muzeýlere aýratyn orun degişlidir. Soňky ýyllarda Türkmenistana daşary ýurtlardan dürli derejedäki wekiliýetleriň, myhmanlaryň, alymlaryň we jahankeşdeleriň köp gelýändigini nazara alanyňda, bu işler has-da ähmiýetlidir. Jahankeşdeleriň ýurdumyzyň muzeýlerine baryp görmeklerini guramak boýunça işler giňden ýaýbaňlandyrylýar. Türkmen muzeýleri täsin tapyndylara, gymmatlyklara baý bolup, adamlaryň uly gyzyklanma bilen gelýän ýeridir. Muzeýe gelen her bir adam bu ýerde halkyň geçmiş-taryhy, medeniýeti bilen tanyşýar. Muzeýlerde Wirtual muzeýleri döretmek boýunça häzirki wagtda guramaçylyk işleri işjeň ýagdaýda dowam edýär. «Muzeýler we muzeý işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi, muzeýleriň hukuk binýadyny has-da kämil derejä eýe etdi.
Türkmen medeniýetinde aýratyn orun eýeleýän halk döredijiligi dürli görnüşlere bölünýär. Halk döredijiliginiň läleler, monjugatdylar, hüwdiler, ýaňyltmaçlar, matallar ýaly görnüşleri häzirki nesiller tarapyndan hem dowam etdirilýär. Häzirki wagtda gelin-gyzlar halkara Nowruz baýramynda läle kakyp, monjugatdy oýnuny ýerine ýetirýärler. Halk döredijilik eserleriniň aýawly saklanyp, geljekki nesillere gymmatly miras hökmünde ýetirilmegi babatynda döwlet Baştutanymyz uly tagallalar edýär. Halkyň gymmatly mirasyny aýawly saklap, geljekki nesillere ýetirmek maksady bilen Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginde Maddy däl medeni miras müdirligi döredildi. Bu müdirligiň işgärleri häzirki wagtda ýurduň welaýatlarynda, etraplarynda, obalarynda ylmy-döredijilik ekspedisiýalarynda bolup, maddy däl medeni mirasa degişli gymmatlyklarymyzy toplaýarlar. Şolaryň arasynda halk döredijiligine degişli gymmatly maglumatlaryň köpdügini bellemek gerek. Ýurtda halk döredijiliginiň gymmatlyklaryna aýawly çemeleşilmegi, milli ýol-ýörelgelere, däp-dessurlara, edim-gylymlara goýulýan sarpadyr.
Elbetde, ýurda, halka bähbitli iş amala aşyrylanda, onuň il-ýurt üçin peýdaly tarapy nazarlanýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda dünýä döwletlerinde Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň, Türkmenistanda bolsa daşary ýurtlaryň Medeniýet günleriniň geçirilmeginiň ýola goýulmagy, ilkinji nobatda medeniýet, sungat ussatlarynyň birek-biregiň medeniýeti, sungaty bilen ýakyndan tanyşmaklaryna döredilýän oňyn şertdir. Her bir halkyň medeniýeti, sungaty, şol halkyň ruhy derejesini açyp görkezýär. Ruhy ýakynlyk halklary ysnyşykly gatnaşyklara atarýar. Ysnyşykly gatnaşyklar bolsa doganlyk gatnaşyklarynyň özenini düzýär. Diýmek, medeniýet, sungat halklaryň dostlukly gatnaşyklaryna ýol açýan güýç bolup hyzmat etmek bilen, ýer ýüzünde mähribanlygy dabaralandyrýar.
Mähriban Arkadagymyzyň tagallasy bilen her ýylyň 27-nji iýunynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni Türkmenistanda sungatyň toýy hökmünde bellenilýär. Meşhur türkmen şahyry Magtymguly Pyragy manyly şygyrlary bilen türkmen edebiýatynyň, şygryýetiniň ösmegine, kämilleşmegine uly goşant goşan şahsyýetdir. Ussat şahyryň kämil şygyrlary türkmen halkynyň diliniň senasydyr. Şeýle-de Medeniýet hepdeliginiň türkmen toýuna mahsus guralyp, çeper döredijiligiň, sungatyň dürli görnüşleri boýunça medeni çärelere beslenmegi, ýatdan çykmajak täsirli pursatlary bagyşlaýar. Medeniýet, sungat, döredijilik işgärlerini höweslendirmek maksady bilen döwlet tarapyndan ençeme bäsleşikler yglan edilýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşigi indi yzygiderli yglan edilip, ýeňijiler degişli sylaglar bilen sylaglanylýar. Türkmen medeniýetiniň, sungatynyň ösmegine saldamly goşant goşan ussatlara hormatly atlar dakylyp, döwlet sylaglary gowşurylýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde geçirilýän «Ýaňlan, Diýarym!», «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» atly bäsleşikler sungata höwesek ýaşlary, höwesjeň aýdymçylary ýüze çykaryp, olaryň sungat älemine ymykly aralaşmaklaryna ak ýol açýar.
Medeniýetiň, sungatyň ösmegine, kämilleşmegine üns berýän döwlet ýagty geljegini gurýandyr diýsek, hakykatdan daş düşmesek gerek. Çünki medeniýet, sungat adamyň ruhuna ýagty nur saçýar. Adamyň ruhy sagdyn, kämil bolsa, ol adamyny bezeýän belent işleri bitirmäge ukyply bolýar. Şol belent işler adamyň özüniňem, Watanyňam mertebesini belende göterýär.
Türkmenistanda medeniýet ugurly ýokary, ýörite hünär we sungat mekdeplerinde bilim alýan talyplara hünärine ussat mugallymlar bilim berýär. Häzirki wagtda halypa-şägirtlik gatnaşyklaryna-da giň ýol açyldy. Pederlerden gaýdýan halypa-şägirtlik gatnaşyklarynyň dowam etdirilmegi, kämil hünärmenleri ýetişdirmekde oňyn netijesini berýär. Türkmenistanyň medeniýet ugurly ýokary, ýörite hünär we sungat mekdeplerinde daşary ýurtly raýatlaryň bilim almaklary üçin ähli zerur şertleriň döredilýändigi guwançly ýagdaýdyr.
Her bir işiň kämil ýerine ýetirilmegi üçin öz işine ussat hünärmenleriň zerurdygy öz-özünden düşnükli. Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan ýurduň medeniýet ulgamynda, şol sanda kitaphana we muzeý işlerinde, döwrebap, kämil hünärmenleri taýýarlamakda milli sungatyň, senetçiligiň gülläp ösmegini, şeýle-de bu ugurda gazanylanlaryň mynasyp wagyz edilmegini üpjün etmekde tutumly işler alnyp barylýar. Milli Liderimiziň tagallalary netijesinde ýurduň kitaphana işi ulgamynda täze bir döwre gadam basyldy. Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky merkezi kitaphanalarda Bitewi Elektron Kitaphana ulgamynyň döredilmegi, kitaphana ulgamynda uly özgertmeleri amala aşyrmakda möhüm ähmiýetli wakalaryň biri boldy. Bu uly özgertme kitaphana işini dünýäniň ösen ülňülerine doly laýyk getirmekden ybaratdyr. Türkmen kitaphanalary taryhy golýazmalara, dürli temalardan ýazylan kitaplara örän baýdyr. «Kitaphanalar we kitaphana işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi, kitaphana ulgamynyň kanunçylyk-hukuk binýadyny berkitdi.
Adamyň ruhy aň-düşünjesini kämilleşdirmekde teatrlara uly orun degişli. Döwrüň keşbini açyp görkezmekde teatrlaryň alyp barýan işleri wajypdyr. Paýtagt şäher gözel Aşgabatda geçirilýän «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly halkara festiwaly dünýä teatrlarynyň döredijilik derejesini açyp görkezmek bilen bir hatarda, iş tejribesini alyşmaga-da mümkinçilik berýär. Ýurtda teatr işini has-da kämilleşdirmek we düzgünleşdirmek maksady bilen «Teatr we teatr işi hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi, ýurduň ähli teatrlary döwrebap binalar bilen üpjün edildi.
Sirk sungatynyň ösüşleri Bitarap Türkmenistanyň dünýädäki medeni abraýyny belende göterýär. Türkmenistanda hereket edýän «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň 2013-nji ýylda Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde geçirilen sirk sungatynyň VI Bütindünýä festiwalynda, 2014-nji ýylda Italiýanyň Latina şäherinde geçirilen XVI Halkara sirk festiwalynda, 2015-nji ýylda Hytaý Halk Respublikasynyň Guandun welaýatynyň Çžuhaý şäherinde geçirilen II Halkara sirk sungaty festiwalynda, festiwalyň baş baýragyna – Gran-pri Altyn kubogyna mynasyp bolup, buýsançly ýeňiş gazanmaklary, ýurdumyzda atçylyk sportuny ösdürmekde, ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda taýsyz tagalla edýän hormatly Prezidentimiziň oňyn başlangyçlarynyň şowlamasydyr. Şonuň ýaly-da 2018-nji ýylda Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen «Fontankadaky» sirk sungatynyň I halkara sirk sungaty festiwalynda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň hem-de Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň «Türkmen jigitleri» toparynyň agzalaryndan ybarat birleşen topar «Altyn Gaetano» heýkeljigine mynasyp bolup uly üstünlik gazandylar. Bu üstünlik toparyň halkara ýaryşlarynda we festiwallarynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimize mynasyp wekilçilik edýändigini ýene-de bir gezek subut etdi.
Medeniýet ulgamynda alnyp barylýan giň gerimli döwrebap işleriň many-mazmunyny açyp görkezmekde « Medeniýet», «Garagum», «Dünýä edebiýaty» žurnallarynyň, «Edebiýat we sungat» gazetiniň orny uludyr. Medeniýet ulgamynda alnyp barylýan işler, ýetilen sepgitler şol gažet-zurnallarda giňden beýan edilýär.
Her bir ýurduň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, şol ýurduň ýüzi hasaplanylýar. Çünki ýurduň habar beriş serişdeleriniň maglumatlary arkaly döwletiň ähli ugurlardaky ýeten derejelerine göz ýetirmek mümkin. Türkmenistanyň habar beriş serişdeleri hem Bitarap döwletiň syýasatda, ykdysadyýetde, ylym-bilim, saglygy goraýyşda, medeniýetde, oba hojalygynda, ulag ulgamlarynda we beýleki ugurlarda ýeten belent sepgitleriniň many-mazmunyny dürli görnüşli gepleşikleriň, metbugat makalalarynyň üsti bilen açyp görkezýärler. Halkyň ruhuny kämilleşdirmekde möhüm orun eýeleýän köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini döwrebaplaşdyrmakda döwlet Baştutanymyzyň tagallalary netijesinde häzirki wagtda uly işler amal edilýär. Her bir gazet-žurnalyň elektron görnüşi döredildi.
Häzirki döwür bütin dünýäde ösen tehnologiýalaryň, innowasiýalaryň öz ornuny pugtalandyrýan eýýamy. Türkmenistanda-da ähli ugurlary sanly ulgama geçirmek işleri işjeň ýagdaýda alnyp barylýar. Ähli ministrlikleriň, edara-kärhanalaryň ýörite internet-saýtlarynyň döredilip, her bir ulgamyň alyp barýan işleri internet-saýtlarynda ýerleşdirilip, diňe bir öz halkymyza däl, bütin dünýä ýaýylýar. Medeniýet ulgamynyň medeniyet.gov.tm, metbugat.gov.tm, turkmentv.gov.tm, turkmenteatrlary.gov.tm, tdh.gov.tm, museum.gov.tm ýaly internet saýtlarynda hem şeýle maglumatlar yzygiderli ýerleşdirilýär.
Milli medeniýet, däp-dessurlar, ýörelgeler türkmen halkynyň ýaşaýşynyň esasyny düzýär. Halkyň ruhy, asyrlaryň dowamynda medeniýetiň jümmüşinde has berkäp, sünnälenip, ajaýyp binagärlik, edebi we sungat nusgalarynyň ençemesini peşgeş beren halk döredijiliginde beýanyny tapýar. Türkmen halkynyň ýaşaýşynyň aýrylmaz bölegi bolan milli medeniýet Arkadag Prezidentimiziň tagallalary bilen täze sepgitlere ýetmek arkaly müdimi derejä eýe bolýar.
Hut şonuň üçinem medeniýet ulgamynyň işgärleri türkmen halkyny bagtyýar durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyza alkyş aýdýarlar. Mähriban Arkadagymyzyň janynyň sag, başynyň dik, il-ýurt, umumadamzat bähbitli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýärler.
Ogulgurban GAŞLAKOWA