Ak ýaýlanyň arwanasy
Ulgam-ulgam gum depeleriniň arasyndan uzalyp gidýän sähra ýodalaryny yzarlap, uzak örüden dolanyp gelýän arwana düýeler ak ýaýlanyň esasy aýratynlyklarynyň biri. Garagumuň jümmüşinde ýaşaýan islendik hojalygy düýesiz göz öňüne getirmek kyn. «Düýe maly-dünýe maly» diýlişi ýaly, düýäniň eýesine wepalylygyna, hamraklygyna haýran galaýmaly. Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Merkezi Garagumdaky obalarynda bolanymda, Garagumuň tebigy täsinlikleri bilen tanyşmagyň, sonarly ýaýla-da aga-ýana otlap ýören düýeleri synlamagyň tükeniksiz lezzetdigine doly göz ýetirdim. Çarwa obalarynda düýe bakmak ýaly asylly kär bilen meşgullanýan döwletli çopanlaryň ençemesi bar. Olar bilen söhbetdeş bolanymda, ýurdumyzda düýedarçylygy ösdürmäge uly üns berilýändigini, kärende usulynda zähmet çekýän düýe çopanlarynyň baýamagy, bagtyýar durmuşda ýaşamaklary üçin diýseň amatly şertleriň döredilýändigi uly buýsanç bilen gürrüň berdiler. Düýe çopanlarynyň bu arwana malymyz hakdaky gürrüňleri çarwa durmuşynyň aýratynlyklaryna gyzyklanmamy has-da artdyrdy.
Düýe çopanlarynyň gürrüň berişi ýaly, düýe maly Hakyň halkymyza eçilen bibaha baýlyklarynyň biri. Düýe çopanlarynyň biriniň bu baradaky gürrüňi şeýle:
-Düýäni bakmagyň, saklamagyňam lezzeti başga. Dogrusy, düýe janaweriň yzyna düşüp bakmagyň zerurlygy ýok. Özi otlamaga gidýärem, soňra ýataga dolanýaram. Daýhan birleşiginden kärendesine alan düýelerimizi gyşyn-ýazyn tükelläp bakýarys. Çarwa obalarynyň durmuşynda şeýle ýagdaýlar bar: Käbir hojalyklar şahsy düýelerini güýzüň ahyrynda köşegi bilen örä kowýarlar. Soňra şol düýeler obalardan 60-80 kilometr uzaklyga gidip, erkin gezýärler. Arly gyşy meýdanda geçiribem, ýazyň ahyrynda – tomsuň başlaryna eýesiniň ýanyna ýatagyna dolanýar. Düýe eýesine wepalylygy, ýatkeşliligi haýran galdyrýar. 7-8 aýlap meýdanda gezen düýeler öňki otlan-suwlan ýatagyna göni geläýýär. Her kim öz malynyň gylyk-häsiýetine belet. Şonuň üçin, çarwalar haýsy düýesiniň haçan geljegini çak bilen aýdar oturar. Çaky dogry-da çykýar. Ýene bir ýagdaý. Çarwada düýelere alyk almak, tagma basmak ýaly düzgünler bar. Her kimiň öz düýesiniň ýaňagyna, buduna basýan tagmasy, gulaklaryna alýan alygy meňzeş däl. Şol alyk tagmalar boýunça tanap bolýar. Käte biriniň öri meýdanynda başga biriniň düýesi görünse, ol derrew şol düýäniň eýesine habar berýär. Garagumuň jümmüşinde biri-birinden 100-200 kilometr uzaklykda ýerleşýän obalaryň ýaşaýjylary ähli obalaryň alyk-tagmasyna beletdir. Ýat, del düýäni gördükleri, «Hä, büý-ä pylan obadaky pylanyň düýesidir» diýip, şol malyň eýesine gowşar ýaly edýärler.
Uzak ýaýladan oba ýaşaýjylarynyň düýelerini getirmekde bu ugurda tejribeli maldarlaryň hyzmaty aýratyndyr. Bu barada şeýle gürrüşi eşitmek has-da ýakymly:
- Garagumda düýäniň saklanylyşy, bakylyşy dürli-dürli. Käbir hojalyklar güýzüň ahyryndan ýazyň başyna çenli düýeleri duşaklap, yzyna düşüp bakýarlar. Köp hojalyklar güýzüne düýesiniň, köşeginiň nogtasyny aýryp, erkin örä goýberýärler. Şeýle düýeler kähalatda obadan 60-70 kilometr, käteler, 150-200 kilometr çemesi uzaklara gidip, 6-7 aýlap öz başyna, erkin gezýärler. Biz güýzüň ahyrlaryna özbaşyna goýberilen düýeleri gözlemek üçin ýazyň soňragynda – maý, iýun aýlarynda obamyzdan uzakdaky ýerlere ýola düşýäris. Ýörite tutulan ýük maşynyna motorymyzy ýükläp, suw-iýmitimizi köpräk alyp, on adam dagy bolup, düýe gözlemäge gidýäris. Düýeler bir gijede uzakdan çykyp bilýär. Güýzde giden düýeleri ýazdan soň nireden tapjak? Şonuň üçinem, köp obalary, kän ýaýlalary gözlemeli bolýar. Düýe gözlemäge gidilende, esasy ýatkeşlik gerek. Maly tanamaga ukyply bolmaly.
Aýdaly, obadan 150 kilometr uzaklykda ýerleşýän obalara barsaň, şol ýeriň düýelerini tanaman alyp gaýdybermeli däl. Düýe özüňkimi, goňşyňkymy ýa-da başga biriniňkimi, şony mazaly anyklamaly.
Biz düýe gözlemäge giden wagtymyz meýdanda bir aý töweregi bolup, 500-700 töweregi düýe getirýäris. Şolaryň ýarysyna golaýy köşekli düýe bolýar. Düýäni köşeginde aýrylyşdyrmaly däl. Haýsy köşegiň haýsy düýäniňkidigini nädip biljek?! Dogrusy, 100-e barynça köşegiň haýsy düýä degişlidigini tagmasyna, reňkine, ýüňüne görä tanaýarys. Merkezi Garagumda 30-40 töweregi oba bar. Şol obalaryň ýaşaýjylarynyň köpüsiniň düýelerine alýan alygyny, basýan tagmasyny ýatdan bilýäris. Şony bilmeseň, mal tanap bolanok.
Uzak ýerlerden mal getirenimizde-de, kişiniň malyny öz malymyz ýaly görüp, köşegi enesinden tazykdyrman , düýeleri maýdalyna sürüp getirýäris. Soňra düýeler alyk-tagmasy boýunça anyk eýelerine gowşurylyp, ýeke köşek enesini tapman bozlap ýörenok. Ähli getirilen düýeler ýerbe-ýer eýelerine gowşurylansoň, şondan soň öýde arkaýyn oturýarys.
Garagumda bolanymda, düýeleriň örä gidip-geliş düzgünleri bilen hem gyzyklandym. Çopanlaryň aýtmaklaryna görä, çölde düýeleriň örä gatnaýan öz ýodalary bar eken. Isle oba ýerinden örä gidip-gelsin, isle-de çopan goşundan, tapawudy ýok, düýeleriň belli bir gatnaw ýoly bolýar. Düýe janawer gum depelerinden dikligine aşak hem inmeýär, göni ýokarlygyna-da çykmaýar. Ulgam-ulgam depeleriň bilinden keseligine geçip, tekiz ýerleri saýlap ýol ýasaýan arwana malyň tebigy gylyk-häsiýeti akylyňy haýran galdyrýar.
Daňdan sagylyp, köşegi ýatakda alnyp galynansoň, düýe örä gidýär. Sähranyň jümmüşinde otlamaga barýan düýeler bir-biriniň öňüne geçjek bolup, hersi bir ýolda patanaklaşyp ýörenok. Olar äwmän, howlukman, biri-biriniň yzyna düşüp, bir ýodany yzarlap barýandyrlar. Gün öýleden agansoňam, ýene-de şol kadalaryna eýerip, yzlaryna-ýatagyna dolanýarlar.
Düýäniň asylly hereketleri köp. Olar otlap ýörkä-de, selin-sazak ýaly sähranyň ösümlik-agaçlaryny basalap döwüşdirip ýörmeýärler. Örüdäki düýeleri keseden synlap görüň. Çerkez, sazaga boýunlaryny uzadyp, agaç pürleriniň ujundan az-azdan alyp, iýmitlenip ýörendirler. Düýeler tebigatyň ot-çöplerine, agaç-ösümliklerine şeýle aýawly, şeýle eserdeň çemeleşýär. Bu ýagdaý olara öwredilenok. Olaryň tebigy ýaradylyşy şeýle.
Düýeleriň gatnaýan ýodalary sährada motorly ýöremek üçinem, pyýada aýlanmak üçinem diýseň amatly. Sebäbi ol ýodalarda kertden, gorpdan dikligine eňmek, uly depelere göni dyrmaşmak ýaly päsgelçilik ýok. Şol ýodalaryň ýene bir aýratynlygy – olam düýeler suwly kaklardan, takyrlardan aňsat daşlaşmaýar. Yzarlap gitseň, şeýle ýodalar hökman takyryň gapdalyndan, kakyň golaýyndan geçýändir. Bardy-geldi, sährada gezip ýörkäň, suwa teşnelik ýüze çyksa, düýeleriň täze yzlary bildirip duran ýodalary yzarlaber. Tolkunyp ýatan mele suwly kakyň üstünden bararsyň.
Düýeleriň gatnaýan ýol-ýodalary gum depelerinde-de, gyrlaryň üstünde-de, adyrlyk tekiz meýdanda-da duş gelýär. Buýsançly tarapy-berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe arwana malymyzyň has köpelmegi bilen sähranyň jümmüşindäki ýol-ýodalarda uzak örä gidip gelýän düýe gatnawy hasam artdy.
Elbetde, düýe barada gürrüň edilende, gaňşyrawugyňy kükedip duran düýe çalynyň ähmiýetiniň uludygyny nygtap geçmezlik mümkin däl. Asyrlar aşyp gelen halk tebipçiliginde-de, lukmançylyk ylmynda-da düýe çalynyň ençeme dertlere dermandygy ykrar edilen. Aşgazanyň iýmit siňdirijilik ukybyny sazlaşdyrmakda, öt haltajygyny we bagryň çişmesini, sary getirme keselini bejermekde, bedeni dürli kesellerden goramakda, bedeniň içki agzalarynyň sazlaşykly işlemegini üpjün etmekde düýe çalynyň ähmiýeti, gadyr-gymmaty bimöçberdir. Paşyrdap duran düýe çaly, agarany gündelik kadaly içýän adamyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagynda bahasyna ýetip bolmajak tebigy içgi hasaplanýar.
Düýe çalynyň ynsan saglygyny berkitmekdäki ähmiýetiniň uludygyny gadymyýetden şu günlere gelip ýeten rowaýatlaram, halkyň hakydasynda mäkäm orun alan ynaçlardyr ýörelgelerem doly tassyklaýar. Rowaýatlara görä, Lukman hekim garrap, tapdan düşüp, agyr ýagdaýda ýatyrka, adamlar onuň ýanyna halyny soramaga gelipdirler. Lukman hekimiň salgy berýän melhem otlaryndan dertlerine şypa tapyp ýören adamlar onuň agyr ýagdaýdadygyna göz ýetirip, uly alada bilen oňa ýüzlenipdirler:
- Eý, Lukman hekim, siziň barlygyňyzda biz derdimize melhem tapman kösenmändik. Biz sizsiz nädip ýaşap bileris?
Şonda Lukman hekim, ümezlän gözlerini bir nokada dikip ýatyşyna, olaryň bu sowalyna parasatlyk bilen şeýle jogap berenmiş:
- Adamlar, men bakyýete göç etsem, siz derdiňize melhem tapmarys diýip, gaýga galyp oturmaň. Düýe çaly siziň ähli derdiňize dermandyr. Düýe malynyň gudratyna ynanyberiň. Ol sizi hiç zada hor-har etmez.
Üstünden asyrlar aşyp gelen bu rowaýat düýe çalynyň melhemlik häsiýetiniň üýtgeşikdigini, halkyň düýe malyna sarpasynyň müňýyllyklaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýandygyny aňladýar.
Ylmy maglumatlara görä, düýe süýdüniň bir litrinde S ýokumynyň (witaminiň) 41,85 milligramy bar eken. Haçanda düýe süýdi gor küýzede basyrylyp, çal bolanda A we S ýokumlarynyň şol durşuna galyp, ýokumlaryň W topary iki esse artýar. Düýe çalynda S ýokumynyň köp bolmagy aşgazanyň iýmit siňdirijilik ukybyny artdyrmakda bimöçber ähmiýete eýedir. Düýe çalynyň melhemlik häsiýetiniň ýokary derejede bolmagy halkymyzyň bu tebigy içgä ynanjynyň uludygyny gadymyýetden şu günlere uzan sarpaly garaýşyndanam aňmak bolar.
Mundan üç-dört ýyl öň Kaka etrabynyň Duşak şäherçesiniň ýaşaýjysy Nurnazar Jumanazarowyň düýe malynyň aýratynlyklary, görnüşleri, häsiýetleri barada «Watan» radioýaýlymynyň Ahal welaýaty boýunça habarçysy Ylýas Abdyllaýewe beren gürrüňi häzirem hakydamda. «Düýe maly-dünýe maly» diýen milli paýhasdan ugur alýan halkymyzyň bu arwana mala özboluşly garaýşynyň, söýgüsiniň gadymlardan gelýändigine Nurnazar aganyň gürrüňlerini diňlänimde şonda aýdyň göz ýetiripdim.
- Türkmeniň ahalteke aty, arwana düýesi, saryja goýny – bular taýsyz milli gymmatlyklarymyz. Türkmen bu mallara taýagam salmaýar, gaňrylyp, gyýa göz bilenem seretmeýär. Halkymyz «Gök baýlygy bir aýlyk, goýun baýlygy bir gaýlyk, düýe baýlygy hemişelik» diýýär. Ýa-da bolmasa «Ýaňylsaň ýasy daban» «Topulsaň düýä topul» diýip aýdypdyrlar.
Türkmen düýe süýdüni, düýe ýüňüni hiç zat bilen deňemeýär. Demgysma, aşgazan-içege kesellerine ýolugan adamlar irden turup, düýe süýdünden az mukdarda içip, dertlerinden saplanyp gidýärler. Düýe çaly öýken kesellerine-de gowy täsir edýär. Düýe süýdi bişirilmeýär, asla oda tutulmaýar. Düýäň ýüňünden düşek edinip, aşagyňa düşenip ýazmagam halk arasynda iň erbetlik hasaplanýar. Mele-myssyk çöreklerimizi dolap goýýan saçaklarymyz düýe ýüňünden edilýär. Täze çatynjalara nika gyýlanda, «Bela-beterden gorasyn» diýlip, düýe ýüňi saklanylýar. Düýe ýüňi reňklenilmeýär, reňki kabulam etmeýär. Düýe ýüňünden taýýarlanan agar çäkmen hiç zat bilen deňär ýaly däl. Agar çäkmen torumyň gapdal ýüňünden edilýär. Ol hiç ygaly geçirmeýär. Bilagyryly adamlar düýe ýüňünden edilen guşagy biline daňynyp, dertlerine şypa tapýarlar.
Türkmende bir ýagşy ýigidi gowy taryplamakçy bolsalar, «Iner ýaly ýigit» diýýändirler. «Hatarda ner bolsa, ýük ýerde galmaz», «Arwananyň kuwwaty ner ýanynda bellidir» diýýärler. Gelin-gyzyň gowusyna «Maýa ýaly gelin» diýip, halkymyzyň milli ýol-ýörelgelerinden şeýle meňzetmeler özboluşly şöhlelenýär.
Ýaşlyk ýyllarymda ir döwürlerde uzak ýerlere argyşa giden adamlardan, kakamdan düýe bilen baglanyşykly kän zatlary ýazyp aldym. Düýe barada aýdylýan zatlar gaty kän. «Düýe çökerip, çemmer işme», «Guşgunyňy syraber», «Düýä münüp, hataba bukma» ýaly ençeme aýtgylar bar.
Indi iner barada aýdaýyn. Arwana erkegi alyp, aýry (iki örküçli) düýäniň ineni bilen garyşdyryp, şundan köşek alynýar. Munuň erkegine bugra diýýäris. «Bugra boýunly goç ýigit» diýip aýdýandyrlar. Dessanlarda «Bugra» ady kän duş gelýändir. Mysal üçin, «Gorkut ata» şadessanynda «Baý Bugra beg ogly Bamsy Birek boýy» şahasynda hem bar. Onsoň «Heşdek» diýibem bardyr. Iki örküçli düýäniň köşegine «Heşdek» diýilýär. Arwana erkegi bilen iki örküçliň inenini çakyşdyryp, şundan bolan inen köşege «Maýa», erkek köşegine «Iner» diýilýär. Şu ikisiniň ýerini çalyşmaly däl. Erkegi iki örküç bolup, ineni arwana bolsa, şunda düýe botlap bilmän heläk bolýar. Iner, maýa almak üçin ýerine çalşyraýsak, eger erkegi iki örküç bolup, ineni arwana bolaýsa, ýaňky aýdyşym ýaly, düýe botlap bilmeýär. Şu ata-baba bilinýän zat. «Aý, şu bolar-la» diýeniň bilen bolmaýar. Şonda köşegini kesip alyp, düýäni halallamaly bolýar. Türkmen beýle ýagdaýda düýesiniň halallanmagyna ýol bermeýär. Ýaňky arwananyň erkeginden çykan iki örküç düýe botlansoň, erkegi iner, ineni maýa boldy. Gadym wagtlarda 5-den 7-ä çenli erkek bolsa, «Bir hatar» diýýän ekenler. Erkek dört ýaşynda ýüke tutulýar. Bäş ýaşynda azy ýarýar. Azy ýaransoň, erkek uzak ýollara, alys menzillere ýük äkidip bilýär. Bir menzil ýol 35-den 45 kilometre çenli bolýar.
Dag ýerinde 25-30 kilometre çenli aralyga bir menzil ýol diýilýär. Bäş ýaşyndan geçen arwana erkek 240 kilogram ýüki bir menzile äkidip bilýär. Iner bolsa 500 kiloram ýüki äkidip bilýär. Iner bilen arwanany deňeşdirseň, ynha, bir 18-20 ýaşly jahyl ýigit bilen 10-12 ýaşly oglanjygy deňeşdiren ýaly bolýar. Iner gaty güýçli mal. Munuň sypatam, häsiýetem üýtgeşik. Bir gören adam deňesinden geçip bilmeýär. Örän owadan mal. Ýüňem beýleki mallara garanyňda iki esse.
«Hatarda ner bolsa, ýük ýerde galmaz» diýlişi ýaly, arwana erkege argyşda bir zat bolaýsa, onuň ýüküni inere ýükläp ýol aşypdyrlar. Iner arwana bilen güýç taýdan deň däl. Iner, inerligini saklamak üçin arwana çökmeli. Arwana erkek sürüde ineri görse, gaçyp gidýär. Bu ikisi gaty tapawutly. Iner hiç zada göwni ýetmän duran arwana erkegiň kellesine şikes ýetirip, injigini şarpa döwüp bilýär.
Nurnazar aganyň iner bilen baglanyşykly gürrüňlerini diňläp otyrkam, Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň ýaşaýjysy Kerim Geldiýewiň şu babatda beren gürrüňi ýadyma düşdi. Kerim Geldiýewiň aýtmagyna görä, olaryň düýeleriniň arasynda inerem, arwana erkegem bar eken. Bir gezek örüde düýeler otlap ýörkä, iner bilen arwana erkek urşupdyr. Iner güýç bilen topulyp, arwanaň aýagyndan agyz urýar. Şol gaharyna-da esli wagtlap dişläp durýar. Şonda arwana erkegiň aýagyna agram düşen bolmaly, ol üç-dört günläp ýöräp bilmän oturypdyr.
Ir döwürler argyşdan dolanyp gelýärkäler, bir adamyň arwana erkegi ýolda ýaraman ýüküni göterip bilmeýär. Arwanyň ýüküni inere ýükläp, şol adamyň özem inere münýär. Barmaly menzile barylansoň, düýeleriň ýüki düşürilýär. Şonda üstüne agyr ýük basylan iner şol adama topulyp, ony kowalap başlapdyr. Ol haý-küş bilen saklatmaýar. Inerden gaçyp başlan adam ondan zordan sypyp ýetişýärr.
Häzir ýene-de Nurnazar aganyň gürrüňlerini siziň dykgatyňyza ýetirýärin:
– Iner, maýa adam belleýär. Eýesine gaty wepaly. Birden iner ýene arwananyň inenine çökäýse, mundan göhert dogýar. Göherde gaharyň gelip, bir çybyk çalaýdygyň, on ýyldan soň gabat gelse-de, kowalap, topulyp başlaýar. Degmeseň degmeýär. Ýönekeý ötüp barýana topulyp duranok. Ar saklaýar, degdigiň soň aryny almakçy bolýar. Güýji ineriňkiçe bolmasa-da, bäri ýany bar. Syratam gelşikli, gowy. Ýöne ýaňky häsiýetiň bolanlygy üçin adamlar ondan çekinýärler. Iner ýaly gowy görenoklar. Sebäbi, iner eýesine juda yhlasly. Eýesiniň birgiden ýaňky ýaly «haýt-hüýünem» bagyşlaýar. Ýöne göhert bagyşlamaýar. Göherdiň güýji ineriňkiçe bolmasa-da, arwana erkegiň iki esse ýüküni olam göterip bilýär.
Düýe çopany bolmak gaty kyn, jogapkärli iş. Türkmende «Goýun bakdym, ýag ýuwutdym, ýylky bakdym ýel ýuwutdym, düýe bakdym, gan ýuwutdym» diýen aýtgy bar. Düýäň bakmasy gaty kyn. Erkegiň esrän wagty sürini özi alyp-gidip, özi getirýär. Höwür wagty erkek kän ot iýmeýär. Eýesi käte logala beräýmese, «Allaň nurundan iýmitlenýär» diýýärler. Bir içini çekip, owadan keşbe girip, lummurdap durandyr. Şol wagt golaýyndan adam baryp bilmeýär.
Ýaňky aýdyşym ýaly, göhert sürä höwür erkek hökmünde goýberilmeýär. Göhert inen arwana gabat gelip, çökäýse, mundan bolana düreki diýilýär. Bu – gaty erbet. Golaýynda hiç kimi eltmeýär. Direkidenem köşek bolaýsa, oňa kärderi düýe diýilýär. Toýda sadakada birine ýumuş buýursaň, «Bar inim, pylan işi etsene» diýseň, bahana tapyp zar-zelil bolup durany bolýar, «Näme, kärderi düýe ýaly bagyryp dursuň» diýýärler. Kärderi düýäni hiç kim almaýar. Bazara çykarsaňam, tanaýan türkmen almaýar.Sebäbi ýük ýükleseň, suwuň içine çökýär.
Düýäň iýmiti barada aýdylanda, iň esasy iýmiti ýandak. Şor zatlary gowy iýýär. Ýurdumyzda düýäň iýmitlenýän otlary bol. Goýun ýaly gaý üçinem, sowuk üçinem ýüzüni alyp durmaýar. Kärizgenler käriz gazanlarynda, diňe ýandak bilen göýüliň biten ýerinden suwuň süýji çykjakdygyny kesgitläpdir. Şonuň üçinem, baýyrlaryň eteginde ýandak, göýül gögerip oturan ýerlerde gümana guýular gazylypdyr. Ýandagyň köküniň çuňluga uzalmagy, düýäňem ýandakdan iýmitlenmegi, onuň süýdüniň özge mallaryň süýdünden üýtgeşikligini şu aýratynlyklara görä kesgitläpdirler. Ýandagyň gülüniň, ondan irki döwürlerde alnan balyň halk tebipçiliginden nähili ornunyň bolandygy köpimize mälim hakykat.
Düýäniň ysy hem derman. Inçekesel bilen kesellän adamlara gapylarynda düýe saklamagy, şonuň ysyny alyp durmagy maslahat beripdirler. Birem, düýäň ýatagynda hiç wagt hapa görünmeýär. Düýäň hojalyga yhlasy üýtgeşikdir. Kiçiräk çagalara itdirseňem, düýe yzyna düşer barar.
Iliň öňünde goýýan saçagyň düýe ýüňünden bolsa, iň gowy çäkmen hasaplanylýan agar çäkmen düýe ýüňünden edilýän bolsa, iň gowy tebigy içgileriň biri düýe çaly bolsa, onda türkmeniň «Düýe maly-dünýe maly» diýen paýhasy ýöne ýerden dörän däldir.
Hawa, düýe çopanlarynyň gürrüň berişleri ýaly, ýurdumyzda ähli ugurlar bilen birlikde düýedarçylygyň hem ösdürilmegi, düýe sürüleriniň köpelmegi – bu döwletliligiň, rowaçlygyň alamatydyr. Häzirki wagtda düýeleriň baş sanynyň barha artdyrylmagy, hojalygynda düýe saklamagy maksat edinýänleriň has-da köpelmegi halkymyzyň bu arwana mala sarpasynyň belentdiginiň aýdyň alamatydyr.
Akmyrat Rejebow