Gülabyň gaýmagy sözleriň seniň Şahyr Gara Seýitliýewiň döredijilik älemine seýrän


Gülabyň gaýmagy sözleriň seniň Şahyr Gara Seýitliýewiň döredijilik älemine seýrän



B«Körpelikde bile ösüp ulaldyk...»

Türkmeniň beýik şahyry Gara Seýitliýew hakyndaky şu ýazgylarym meniň ilkinji ýazgym däl. Öňem men uly söz ussady hakynda ululy-kiçili makalalaryň birnäçesini ýazypdym. Olarda şahyryň edebiýat meýdanynda tutýan orny hakynda edebiýaty öwrenijiniň nukdaýnazaryndan pikir ýöredipdim. Gara Seýitliýew hakynda köp ýazyldy. Türkmen edebiýatyny öwreniş ylmynda has köp çorba sowadan alymlaryň ýazgylary zehinli şahyryň döredijilik aýratynlygyny açyp görkezipdi. Ine, doglan gününe 115 ýyl dolýan şahyryň döredijilik äleminiň okyjylara eden we edýän täsiri hakynda ýene-de gürrüň etmegi makul bildim.

1971-nji ýylda nesibäm çekip, şol mahalky M.Gorkiý (häzirki Magtymguly) adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen filologiýasy fakultetinde okap başlamagym meniň edebiýata bolan söýgimiň gapysyny giňden açdy. Okuwyň ilkinji gününden diýen ýaly professor Mäti Kösäýewiň, ylymlaryň doktory Bäşim Şamyradowyň, Hojaberdi Hanowyň, Halyl Kulyýewiň okadýan dersleri biziň üçin her gün diýen ýaly bir täzeligiň üstüni açýardy. Uly halypalaryň berýän sapaklaryny bilesigelijilik bilen diňleýärdik. Umumy depdere ýetişip bildigimizden bellik edýärdik. Ol sapaklar biziň edebiýat baradaky düşünjämizi günsaýyn giňeldýärdi. Okadýan, öwredýän döwürleriniň edebiýat wekilleriniň içki dünýäsini dolulygyna açyp görkezýärdiler. Bir söz bilen aýtsak, olar bize soraga ýer goýanokdylar.



Ýaş mugallym, şahyr Halyl Kulyýew «Edebiýat ylmyna giriş» dersini okadýardy. Biz talyplar Halyl mugallymy ýaş bolany üçin özümize has golaý hasaplaýardyk. Üstesine-de, onuň okadýan dersi edebiýat ylmyna giriş bolansoň, ondan bu ugra degişli gyzyklanýan sowallarymyzy beribermelidir öýdýärdik. Halyl mugallym bolsa şol sowallaryň üsti bilen bize öz okadýan dersiniň ähli inçe syrlaryny öwredýärdi, düşündirýärdi.

Bir gezek biziň deň-duşlarymyzyň köpüsiniň beren sowaly G.Seýitliýewiň döredijiligi hakynda bolupdy. Halyl mugallym şeýle diýdi:

— Gara Seýitliýewi aýatda dirikä görmek nesibäňiz ýok ekeni. Ol şu ýylyň 3-nji maýynda aradan çykdy. Ýöne şahyryň goýup giden mirasyna wagt geçdigiçe gowy düşünersiňiz. Onuň hiç haçan könelmejek temadan döreden şygyrlary häzirem, geljekde-de hiç kimi biparh goýmaz. Ýene 30, 40, 50 ýyl geçer. Gara şahyryň aýdyma öwrülen goşgulary size juwanlygyňyzy ýatladar — diýipdi.

Bu, hakykatdan hem, şeýle. Oglanlyk ýyllarynyň ýatlamalary kalba dolanda, G.Seýitliýewiň «Gözleriň», «Hallygözel», «Gaşy sürmeli», «Şahyrym», «Leýla» ýaly aýdymlaryny biziň deň-duşlarymyzyň bilmeýäni ýokdy. Ol aýdymlar ýaňlananda kalbyňa dolýan ýakymly owaz, şirin söz, ýaşlyk dünýäsiniň höwesinde gezip ýören juwanlaryň ýürek urgusyny sazlaýardy, olary joşdurýardy. Ine, şol meşhur aýdymlaryň käbir setirleri:

Körpelikde bile ösüp ulaldyk,
Ýatdan çykmaz gülüp bakan gözleriň...

Daň şemaly öper, oýnar zülpüňi,
Men oýnasam: — Sen oýnama — diýýärsiň.

Bagyr obasynda gördüm özüni,
Bir maral kürt gyzy güldi-de gitdi...

Gülabyň gaýmagy ýaňagyň seniň...
Ýürek bilen ýazylan bu setirleriň saza goşulyp, aýdym edilip aýdylyp ýörenine ýoňsuz wagt geçenem bolsa, bu aýdymlary diňläp, juwan ýürekleriň näçesiniň ersendigini gizläp oturasy iş ýok. Hawa, biz şol şirin owazly, ýüreklere ýakyn aýdymlar bilen ösüp ulaldyk. Häli häzirem mahal-mahal şol aýdymlary eşitseň, ruhuň täzelenen ýaly bolýar.

Ummana ýol tapan akaba

Şahyryň ömri ýyl bilen ölçelmeýär. Onuň ömri döredijiligine siňip, nesilme-nesil, arkama-arka ýatlanylýar. Şahyr aýtmyşlaýyn, halk özüniň Hakdan içen şahyryny, söz ussadyny göwher ýüzügiň gaşyna meňzedýär, göwher ýüzük bolsa ýyllar geçdigi saýy barha lowurdaýar, ýagty saçýar. G.Seýitliýew hem şeýle şahyrlaryň hilindendi. Onuň şeýledigini Gara şahyrsyz ýaşalan ýarym asyra basalykly ýyllar subut etdi.

Bäherden etrabynyň Garagan obasynda 1915-nji ýylda dünýä inen Gara Seýitliýew 17 ýaşly ýetginjek wagty Aşgabatdaky pedtehnikumy tamamlap, Gyzylarbat (häzirki Serdar) şäherinde rabfakda türkmen dili we edebiýaty ugrundan özünden sähelçe kiçilere sapak berip başlaýar. Köp wagt geçmänkä-de, Baku şäherindäki pedagogik instituta okuwa girip, ýokary bilim alýar. Institutda okan ýyllaryny ýatlap, şahyr ýegre dosty, meşhur alym Mämmetdurdy Annagurdowa şeýle gürrüň beripdir: «Bile okaýanlarymyzyň tas hemmesi diýen ýaly çeper döredijilik bilen meşgullanýardy. Onsoň olardan yza galmagy gelşiksiz hasaplap, gije-gündiz ýazýardyk, okaýardyk. Esasan hem, Gündogaryň beýik söz ussatlarynyň ömri we döredijiligi bizi gyzyklandyrýardy».

G.Seýitliýewiň Bakuwda okan ýyllary döredijiliginde ýüze çykan düýpli özgerişleriň sebäbi bardy. Şahyr azerbaýjan nusgawy edebiýatynyň görnükli wekilleri Nyzamynyň ahlaklylygy ündeýän, Bagiriň söýgi hakyndaky, edil şonuň ýaly hem Azerbaýjanyň şol mahalky täze edebiýatyndan Süleýman Rüstemiň, Rzanyň, Samat Wurgunyň çuňňur romantika ýugrulan goşgulary bilen ýakyndan tanyşmagy onuň döredijiligine täsir edýär.

Deň-duşlarynyň döredijilige bolan yhlasy ýaş şahyry aýratyn joşdurýar. Institutda geçirilýän edebiýat agşamlarynda onuň ady ilkinjileriň hatarynda tutulýardy. Eýýäm pedinstituty gutaryp gelende, G.Seýitliýew kämil şahyrdy. Onuň ilkinji goşgular ýygyndysy 1941-nji ýylda «Şahyryň lirasy» ady bilen özbaşdak kitap görnüşinde çap edilýär. Ýaş şahyryň ilkinji özbaşdak goşgular ýygyndysynyň töwereginde köp gürrüň edilýär. Şygyrlardaky göze görnüp duran täzelikler, ýiti joşgun, özboluşlylyk şahyryň özünden uly galamdaşlarynyň derrew ünsüni özüne çekýär. Kitaby redaktirlän şahyr Ata Nyýazow oňa sözbaşy ýazypdyr. Onda şeýle setirler bar: «Şahyr Seýitliýew Gara güýçli, perspektiw bolan bir lirik şahyr. Şahyr özüniň her bir setirlerinde derýalar kimin çyrpynýar».

Şahyryň talyplyk ýyllaryndan başlap, döredijilik gözlegleriniň giňelendigini, goşgularynda şol döwrüň ýürek urgusynyň mese-mälim ýüze çykandygyny aýtmak gerek. Şahyr sözleriniň içki we daşky sazlaşygyna, meňzeş harplaryň täsinlik bilen gaýtalanyp, goşga aýratyn owaz berşi, adaty bogun sanlaryndan başga görnüşe geçmegi, setirleriň görnüşleriniň uzalmagy ýa gysgalmagy beýleki şahyrlaryňka seredeniňde düýpli tapawutlydy. Şeýlelikde, şahyryň öz sözi, öz ýüzi görnüp, owazy, sesi dury eşidilip başlaýar. Goşgularynyň syýasy mazmuny, döwrebaplygy, duýga baýlygy onuň hakyky şahyrlyk keşbini orta çykarýar.

— Ruhum belent, şähdim açyk, göwnüm şat,
Sazym-da, sözüm-de, söýgim-de azat...
ýaly setirler biziň aýdanlarymyzy berçinleýär. Şeýdibem şahyryň datly şygyr akabasy nusgawy şygyr ummanyna tarap ýol alýar.

Şahyryň şygyr şalygy

Gara Seýitliýewiň döredijiligi giň gerime eýe bolup, öz ýüzüni görkezip başlan pursadynda Beýik Watançylyk urşunyň “ýalynly dili” çabraýardy. Ýazyjy-şahyrlaryň agramly bölegi galamyny ýaraga çalşypdylar. Şahyr uruş başlanan güni ýazan goşgusyny «Şahyryň kasamy» diýip atlandyrypdy:

Men Watan ogly,
Watan gurbany.
Watanyň ugrunda,
Bererin jany.


Şahyryň galamy dyngysyz işleýär. Onuň «Halkym» atly şygry türkmen edebiýatynda uruş hakynda ýazylan eserleriň iň naýbaşylarynyň biri bolupdy. Şahyryň front meýdanyny gözleri bilen görüp, synlap ýazan goşgulary «Söweşjeň ylham» ady bilen kitap edilip çykarylýar. Bu kitaba Berdi Kerbabaýew: «G.Seýitliýewiň «Söweşjeň ylham» diýen goşgular ýygyndysy uruş günlerindäki poeziýanyň ýokary derejesidir» diýip baha beripdir.

Uruşdan soňky ýyllar şahyryň döredijiligi hil taýyndan täze derejä çykdy. Mazmun taýyndan baýlaşdy. Türkmen edebiýatynyň we sungatynyň Moskwada geçen ongünlüginde (1955 ý) N.Tihonowyň öz çykyşynda türkmen ýazyjylarynyň dost-doganlyk temasyny oňat işleýändiklerini mysal getirip, bu temany dowam etmek baradaky aýdanlary G.Seýitliýew üçin täzeden itergi bolýar. Şahyr ozal hem Bakuwda okaýarka iki halkyň — türkmen we azerbaýjan halklarynyň dostlugy barada täsirli goşgular döredipdi:

Goja Kaspiň gujagynda, ýaşaýar iki dogan,
Güneşli Türkmenistan, güneşli Azerbaýjan.
Bu gadymy doganlygyň, taryhy beýik dessan.
Doganlygmyz ebedidir, ebedidir jana-jan,
Baglarymyzda güller açýan baharymyz bar biziň,
Bagtymyza ýalkym saçýan säherimiz bar biziň.
Eýrana, Owganystana, Hindistana sapar eden G.Seýitliýew syýahatdan dolanyp gelenden soň, ençeme ýatda galyjy eserleri döretdi. «Hindistanyň gülleri» atly ýygyndyda ýerleşdirilen goşgular şeýle eserleriň hilindendi. Ýygynda girizilen «Kelketde», «Tagoryň myhmany», «Ýagyş ýagsa, ýagşylykdyr», «Zülfiýanyň sözleri», «Muşaýra agşamy», «Pakistanly daýhanyň jogaby», «Çökýän minara», «Faiz Ahmed Faiza», «Gözlerimde saklansyn» ýaly ajaýyp eserlerini okyjylar uly höwes bilen garşylaýarlar. Ol goşgulary edil häzir okasaň hem, şu gün ýazylan ýaly täsir edýär.

Owadandan owadan gyzlar gördüm dünýäde,
Emma seniň ýüzüň dek nurly ýüzi görmedim.
Owadandan owadan gözler gördüm dünýäde,
Emma seniň gözleriň dek nurly gözi görmedim...

Bakyşyň messan-messan,
Her bakyşyň bir dessan,
Seni dünýä bagyş eden,
Gözel ülke Hindistan.

Seniň röwşen gözleriň, gözlerimde saklansyn.
«Gara saňa aşyk» diýip, goý, çaklansa çaklansyn.

Gara Seýitliýewiň daşary ýurtlara bolan saparyndan soň dörän goşgulary barada Türkmenistanyň halk ýazyjysy K.Gurbannepesow şeýle ýazýar: «Şahyr haýsy ýurtda ýaşasa-da, ol şol ýurduň begenji, şatlygy, gamy, derdi bilen bile ýaşamaly. Haýsy şahyr şol borjuny ýadyndan çykarsa, ondan şahyr bolmaýar. Şahyr öz ýurdunyň, öz halkynyň hajatyna düşünmeli. Öz döwrüniň öýkeni bolmaly. Setirleriniň demi öz halkynyň demi bilen gabat gelişmeli. Şeýle bolmasa, şahyr gutarýar».

G.Seýitliýewiň islendik goşgusyna üns berseň, onda watanperwerlik, adamkärçilik ýaly meseleler örboýuna galýar. Şahyryň soňky döredijiligine degişli bolan goşgular toplumy «Adam we dünýä» diýlip atlandyrylýar. Bu goşgularda Kerim şahyryň aýdan pikirleri aňryýany bilen goldanylýar. Ýürekden ýazylan eserler ýürege ýakyn bolýar. Şahyryň döredijiliginde döwrüň gahrymanlarynyň, olaryň eden işleriniň waspy aýratyn orun tutýar.

Gara Seýitliýewiň döredijiliginde türkmen topragynyň baýlygyny, gözelligini wasp edýän goşgular, peýzaž lirikasy hem belentden ýaňlanýar.

Sen bagtyma meňzeýäň, baharym, sen, bagtsyň,
Sen pasyllar soltany, iň söýgüli wagtsyň,
Işçi, daýhan hem şahyr, hemme saňa garaşýar,
Seniň bilen deňeşmek, meň dünýäme ýaraşýar.
Sen dünýämi guçaňda dünýäm bolýar goşa ýaz,
Dünýäm seni guçanda ýürek çalýar goşa saz.

Şahyryň «Bahar aýdymy» atly şygryndan alnan bu setirlere hiç-hili düşündiriş zerur däl. G.Seýitliýew nusgawy edebiýatymyzyň yşky lirikasyna degişli nusgalaryny, däplerini ussatlyk bilen dowam etdiren şahyrdyr. Olary diňe bir dowam etmek däl, eýsem, ýokary derejä ýetirdi. Şahyrda söýgi temasy bir seretseň realistik, bir seretseňem romantik bolup görünýär. Edebiýatyň bu iki tärini ussatlarça utgaşdyryp eser döretmek şahyryň döredijilik aýratynlygydyr diýsek ýalňyşmarys. Şeýle eserleriň hatarynda şahyryň «Ýüregim şeýle diýýär», «Alma satýan gyz», «Oýatmaň», «Gün owal iki eken», «Läligim», «Göz bilen» ýaly onlarça şygryny görkezmek bolar.

Şahyryň belent çeperçilikli goşgularynyň täsiri hakynda moskwaly žurnalist W.Popow şeýle ýazypdyr: «Gara Seýitliýew «Aşgabat» atly goşgusyny okady. Zaldakylar türkmen diline düşünenok. Emma goşgy öz äheňinden terjimesiz hem düşnükli... Gowy zady seljermegi başarýan Konstantin Fedin:

«Aşgabat, Aşgabat,
Janym Aşgabat»
diýen setirleri gaýtalap, däliziň ugrunda iki ýana gezmeleýärdi»...

Aýdymly dünýäleriň sazlaşygy

Şahyryň goşgularynyň öz-özünden owazlanyp, heňe aýratyn laýyk gelşi, onuň sözleriniň sazlaşyklylygy meşhur kompozitor Daňatar Öwezowyň bada-bat ünsüni özüne çekýär. Döredijilik gatnaşygy iki ussadyň zehinini aýrylmaz derejede birleşdirýär. «Gyzlar» diýen aýdym bu iki ägirdiň bilelikde döreden ilkinji aýdymlary bolsa gerek. Kompozitor bu aýdymyň sözlerine tötänden gabat gelýär hem-de oňa saz ýazýar. Aýdymçy Hojaw Annadurdyýew bolsa täze aýdymy ýerine ýetirýär. Şondan köp wagt geçmänkä, şahyr aýdymça duşup, goşgynyň hemme bendini aýtmaýandygyny soraýar. Bagşy oňa kompozitoryň saýlap alan bentlerini aýdýandygyny habar berýär. Şol günden başlabam bu üç ägirdiň aýdymly dünýäsi utgaşyp, rowaçlyga beslenip başlaýar. Bu barada Hojaw Annadurdyýew ýatlamalarynyň birinde şeýle ýazypdy: «Aýdymlaryň käbirleri çalt, bada-bat döredilýärdi. Beýlekileriň üstünde bolsa awtorlar tutanýerlilik bilen köp işlemeli bolýardylar. Gara Seýitliýew hem, Daňatar Öwezow hem döredijiligiň ýeňil ýoluny agtarmaýardy, hiç-haçan aralyk çözgüde gelmeýärdi. Kä aýdymyň gutarnykly nusgasy emele gelýänçä, ol ençeme gezek täzeden işlenilýärdi. Meniň göwnüme iň gowy görnen aýdymlar: «Pöwrize», «Hallygözel», «Balykçynyň aýdymy» şol wagtlar döräpdi...».

Şahyryň sözlerine dürli temalara bagyşlanyp döredilen aýdymlaryň sanawyny «Şahyrym», «Gözleriň», «Leýla», «Aşgabat», «Gaşy sürmeli» ýaly başga-da ençeme aýdymlaryň hasabyna uzaltsaň uzaldyp oturmaly. Meşhur kompozitor G.Seýitliýewiň sözlerine otuza golaý aýdym döredipdi. Şahyr goşgyny eli bilen däl-de, ýüregi bilen ýazýardy. Aýdym heniz goşguka şahyryň joşgunly ýüregi ony aýdym edip okyjylara ýetirýärdi. Dogry, Gara Seýitliýew saz çalyp, aýdym aýtmandyr. Emma ol aýdym-saz sungatynyň düýp özenine düşünipdir, gizlin syrlaryny çözlemegi başarypdyr. Şoňa görä-de bu jadyly sungatyň beýleki görnüşlerinden hem eser döretmekde güýjüni synap görüpdir.

Şahyryň G.Muhtarow bilen bilelikde ýazan «Aýna» librettosy esasynda döredilen operanyň sazyny D.Öwezow bilen A.Şapoşnikow ýazýar. Häzirki zaman temasyndan ýazylan bu eser tomaşaçylaryň gyzgyn söýgüsine mynasyp bolýar. Operada esasy keşpleri meşhur artistleriň ýerine ýetirmegi eseriň has şowly bolmagyna getiripdir. Operany Türkmenistanyň halk artisti, ussat aýdymçy Hojaw Annadurdyýew goýýar. Oňa Hydyr Allanurow dirižýorlyk edýär. Operada belli aýdymçylar Maýa Kulyýewa, Medeniýet Şahberdiýewa çykyş edýär. Şeýle-de ussat aýdymçy Habyb Mämmetýarowyň döreden keşbi — Sapar çaýçynyň ýerine ýetirýän «Bibi» diýen aýdymy uly meşhurlyga eýe boldy. Ol aýdym häzir hem diňleýjiler tarapyndan uly höwes bilen diňlenilýär.

Bütin ömrüni Watana, iline-gününe hyzmat eden Gara Seýitliýewiň bitiren işleri barmak büküp sanardan köp. Ol birnäçe ýyl daşary ýurtlar bilen medeni aragatnaşygyň Türkmenistan bölüminiň başlygy bolup işledi. Türkmenistanyň ýazyjylar guramasyna ýolbaşçylyk etdi, Türkmenistanyň Medeniýet ministri wezipesinde işledi. Ýurdumyzyň medeniýetiniň we sungatynyň ösmegine önjeýli goşant goşan Türkmenistanyň halk ýazyjysy G.Seýitliýewiň ady hemişe ýagşylykda ýatlanýar. Onuň ezber galamyndan çykan goşgularydyr poemalary, «Jahan» dramasy, Guseýin Muhtarow bilen bilelikde ýazan «Kümüş gapyrjak», «Çopan ogly», «Bagbanyň gyzy» ýaly sahna eserleri okyjylaryň hem, tomaşaçylaryň hem ýadyndan çykanok. Türkmen okyjylary G.Seýitliýewi terjimeçi hökmünde hem tanaýarlar. Şahyr görnükli Azerbaýjan şahyrlarynyň, beýik rus şahyry A.S.Puşkiniň, B.Maýakowskiniň, Şota Rustaweliniň, T.Şewçenkonyň, Nyzamynyň, Nowaýynyň köpsanly eserlerini ene dilimize geçirdi. Şahyryň ýiti zehininden çykan eserleri dünýä halklarynyň ençemesiniň dillerine terjime edilip, okyjylara ýetirildi. Aşgabat hakynda ýazylan iň gowy goşgularyň hem Gara Seýitliýewe degişlidigini aýtmak gerek.

Şahyryň sözlerine döredilen aýdymlar häli-şindi ýaňlanyp, bize şahyryň ýaz ýaly mylaýym, türkmen sährasy ýaly giň göwrümli, göze ýakymly keşbini ýatladýar. Ähli gözelligi bilen gelen ýagyşly-ýagmyrly baharda belli-belli söz ussatlaryny aýratyn ýatlasym gelýär. Berdi Kerbabaýew, Kerim Gurbannepesow, Gara Seýitliýew, Gurbannazar Ezizow. Ýaş tapawutlary biri-biriniňkiden bir müçe töweregi ýa ondan azajyk tapawutlanýan bu ussatlaryň döredijiligi bilen haçan gyzyklansaň, edil togsan dolup ýere ýyly gidende akyldar Magtymgulynyň: «Gelse nowruz äleme, reň kylar jan peýda» diýşi ýaly, süňňüň ýeňläp, kalbyň buýsançdan, şatlykdan pürepür bolýar. Ynsan kalbynda şeýle özgerişligi hasyl edip bilýän ömürlerde bolsa çäk ýok ahyry.

Nowruz Gurbanmyradow