Öwütler - ömür ýörelgesi


Öwütler - ömür ýörelgesi

Ynsanyň durmuşda ilkinji duýýan zady enesiniň yssy mähri. Ene mährinden ganyp, kemala gelen adam, ýaşyna garamazdan, nirede bolsa-da şol mähribanlygy küýseýär. Näzik gursakdaky şol mähriň, gudratly güýji näme-de jemlenýärkä?! Perzentlerine, daş-töweregine mähir paýlaýan enä bu ylahydan berlen iň uly serpaý bolmaly. Çünki enäniň mähri tükeniksizlige eýe. Ol mährine çoýan adamynyň kalbyny hem mähribanlyk duýgusyna gurşaýar. Has anygy-ha mähribanlyk mähribanlygy döredýär.

Çaga wagtymyzda-da uly adam bolanymyzda hem enemiz biziň daýanç sütünimiz. Olar perzendiniň ykbalyny nurlandyrjak ýagşy öwüt-ündewleri kalbyna nagyşlan ynsanlar. Enäniň öwüt-ündewleri jigerbendiniň ýoluna nur saçýar. Adam durmuşda haýsydyr bir kynçylyk bilen ýüzbe-ýüz bolanda, hökman mähriban Käbesiniň huzuryna baryp, ondan maslahat soraýar. Şonda ene perzendini ünsli diňläp, berjek maslahatyny ýedi ölçäp, bir kesýär. Olar öz durmuş tejribesine daýanyp, kynçylygy ynam bilen ýeňip geçmelidigini mylaýym düşündirer welin, ömrüňe ýörelge bolar. Enäniň öwüt-ündewleri perzendiniň göwnüçökgün pikirlerden saplanyp, täze ruhubelent pikirlere berilmegine ýardam edýär. Ruhubelent pikirler durmuşa, ýaşaýşa söýgini berkidýär. Ýagşy öwüt-ündewleri arkaly perzendini durmuşyň ak ýoluna atarýan enelere baky tagzym. Ene perzendiniň ilhalar adam bolup ýetişmegi üçin bütin ömrüni bagyşlaýan mähriban. Ene aýratynlygyny ýüze çykarýan şu häsiýet hem ony beýgeldýär, mertebe eýesi edýär.

Göräýmäge, gyzgalaňly dowam edýän ýaşaýşy dolandyrmak ýeňil ýaly. Ýöne durmuşda ýaşaýşy dogry guramak iň kyn işleriň biri. Ol akyl-paýhasyňa, ukyp-başarnygyňa köp babatda bagly. Şonda durmuşdaky öz mynasyp ornumyzy tapmakda, ene-atalar bize ýakyn ýardamçy. Olar bilen ýygy-ýygydan pikir alyşmak, maslahatlaşmak perzent üçin hemişe durmuş mekdebi, ýol-ýörelge bolup hyzmat edýär. Ene-ata bilen ýürekdeş gatnaşyk saklamak, perzendi bagtly edýär. Has-da olaryň durmuş babatdaky pikirleri gymmatly. Peýdaly maslahat bermäge olara geçen durmuş ýollary mümkinçilik berýär. Ömür ýoluny külterlemegiň her bir güni durmuş tejribäňi kämilleşdirýär. Şol durmuş tejribesi bolsa ene-atalarda jemlenýär. Olaryň öwüt-ündewleri, ýagşy göreldesi dogry ýoldur. Gahryman Arkadagymyz «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabynda şeýle ýazýar: «Käbämiň maňa beren öwüt-ündewi onuň diňe söz bilen düşündiren pendinde diýsem, bärden gaýtdygym bolar. Şeýle eneler aýtman-diýmän duýgusy, pähimi, işjanlylygy, ünslüligi bilen düşündirýändir. Ol mähribanlar saňa hemişe durmuşda nusgalykdyr, olaryň hereketleri bolsa tymsal ýalydyr. Şol tymsalyň manysyna düşünseň, onda ömürboýy nusga edinmeli ýörelgeler ýaşaýar. Halkymyzda «Aglasa enem aglar, galany ýalan aglar» diýilýän gep hem bar. Bu atalar sözüniň ýaşyny aýtmak kyndyr.

Perzent üçin ata-ene uly görelde, durmuşa söýginiň gözbaşy. Enäniň arzuwynyň onuň perzendiniň ömürboýy yhlas etmegi, onuň höwesli ýaşaýşy üçin çäksiz uly täsiri bar.

Enäniň iň uly arzuwy perzendinde jemlenýär. Ýagny, perzendiniň ilhalar, watansöýüji, ähli gowy gylyk-häsiýetleri özünde jemleýän adam bolup ýetişmeginde. Mähriban ýetginjekler, körpeler, eneňiziň, ejeňiziň maslahatlaryna, öwütlerine hemişe ünsli boluň. Mähribanlaryňyzyň hiç bir maslahatyny duşuňyzdan perwaýsyz geçirmäň. Nur hem söýgi goşulan şol öwütleri ömür kitabyňyza öwrüň. Ömrüňiz eneňiziň ýagşy nesihatlaryndan güýç alsyn. Şol güýjüň ömür ýoluňa ýagtylyk nuruny sepýändigine göz ýetirersiňiz. Şeýle perzent her bir enäniň buýsanjyny, guwanjyny artdyrýar. Şonda ene perzendinde arzuwlarynyň wysalyny görýär. Bu enäniň ömrüne ömür goşmakdyr. Ýeri gelende bir tymsala ýüzleneliň. Ir zamanlarda bir ýigit enesiniň öňündäki perzentlik parzyny berjaý etmegi ýüregine düwüp, enesini arkasyna hopba edip, mukaddes Käbä zyýarata alyp gidipdir. Ol enesini arkasyna hopba edip, çöl-beýewany söküp barşyna, argynlygyny ýazmak üçin aýak çekipdir. Mähriban Käbesine:

— Ene, öňüňdäki perzentlik borjumy nähili ýerine ýetirýän. Siziň arzuwlan perzendiňiz bolup, ynamyňyzy ödemäge ynam döredip bilýärinmi? diýip, özüni gyzyklandyrýan sowal bilen ýüzlenipdir. Onda enesi:

— Entek, anyk jogap berip biljek däl. Henizä suw gysymlan ýaly sugutly zat göremok diýip, jogap beripdir. Ýigit: «Obadan ep-esli menzil aşdyk. Yssyda arkama hopba edip Käbä zyýarata alyp barýan. Bu zatlary Käbäm gözi bilen görüp durka-da «sugutly zat göremok» diýýär diýip, haýran galypdyr. Enesine hiç zat syzdyrman ýoluny dowam ediberipdir. Köp menzil aşansoňlar ýigit ýene-de argynlygyny ýazmak üçin aýak çekipdir. Käbesine ýene öňki sowalyny beripdir.

— Heniz hem öňki-öňkülik — diýip, ene jogap beripdir. Oglunyň derlän başyny sypalap bolsa:

— Oglum, şu sowalyň seni gyzyklandyrýandygyny bilýärin. Wagty gelende sowal bermeseňem, oňa özüm jogap bererin diýipdir. Şundan soň ýigit näçe bilesi gelse-de, enesine bu sowal bile ýüzlenmändir. Ol agyr yssa döz gelip, mähribanyny arkasyna hopba edip barşyna, ahyry enäniň arzuwlan mukaddes ýerine — Käbä gelip ýetipdir. Ýigit enesiniň söz açaryna garaşypdyr. Ýöne ene:

—Sag-aman mukaddes Käbä-de aşdyk, oglum! Eden hyzmatyňa taňryýalkasyn! — diýipdir. Eşitmek isleýän sözlerini eşidip bilmedik ýigit ýene-de enesine haýran galypdyr. Käbä zyýaraty tamamlap, yzlaryna dolanmakçy bolanlarynda ene:

— Oglum, bir gün ukusyz geçiren gijämiň öwezini dolduň — diýip, ýigidiň garaşmadyk jogabyny beripdir: «Arkama hopba edip şunça ýol geçip, Käbä getirsemem, bary-ýogy bir gijäniň öwezini doldummykam?!» — diýip, ýigit öz ýanyndan geň galyjylyk bilen oýlanypdyr. Soň uludan demini alyp: Enäniň öňündäki perzentlik borjuňy berjaý etmäge bütin ömür bir ýetermikä?!» — diýip, çynlakaý içini gepledipdir. Ýöne enesine sowal bermekden saklanypdyr. Dogduk obasyna gelip ýetenlerinde enesi:

— Oglum, ýene bir ukusyz geçiren gijämiň öwezini dolduň. Käbä äkidip-getirip eneň öňündäki perzentlik parzyňy üzlüşesiň gelýänine düşünýän. Men seni sagdyn bedenli, edep-ekramly, ilhalar, gowy adam edip ýetişdirmek üçin bütin ömrümi sarp etdim. Senem öz borjuňy berjaý etmek üçin eneňe ömürboýy hyzmat etmeli bolarsyň. Men saňa guwanýan diýipdir. Enesiniň sözlerini dykgatly diňlän ýigit, şonda hemme zada akyl ýetiripdir.

Elbetde tymsaldan hem görnüşi ýaly, perzent enesiniň öňünde hemişelik borçludyr. Türkmen halky iň mukaddes zatlary enä deňeýär. «Ene dil», «Ene toprak», «Ene mähri». Mähriban Arkadagymyz «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabynyň «Ene — döwletlilik» atly bölüminde şeýle ýazmak bilen enäni has-da mukaddesleşdirýär:

«Eneleriň kalby asman ýaly päkize, ýürekleri bolsa Gün ýaly şuglaly.

Enelerde ýüregi ýyladýan mähir bar.

Eneler iliniň bagtynyň dileginde bolup, abatlyk arzuwlary bilen dünýäni ýaşadýarlar.

Döwlet eýesi mähriban enelerimiziň arzuwlary hasyl bolsun! Şonda eziz Watanymyza döwlet ornar, halkymyzda agzybirlik pugtalanar. Biziň bagtyýarlygymyz eziz eneleriň arzuwydyr. Biziň arzuwymyz bolsa eneleriň bagtyýar bolmagydyr».

Eziz enelerimizi mertebeläp, halkymyzy bagtyýar döwürde ýaşadýan Arkadagly Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, belent başy aman, il-ýurt bähbitli, tutumly işleri hemişe üstünliklere beslensin!



Ogulgurban Gaşlakowa