Medeniýet—halkyň ruhy hazynasy


Medeniýet—halkyň ruhy hazynasy



Milli medeniýetimizi durmuşymyzy ahlak we gözellik ölçeglerine laýyk getirmäge mümkinçilik berýän birleşdiriji we ruhlandyryjy güýç hasaplaýan hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde ajaýyp zamanamyzda medeniýet ulgamynda uly ösüşler gazanylýar. Ýurdumyzyň teatrlarynda, muzeýlerinde, kitaphanalarynda, medeniýet öýlerinde alnyp barylýan döwrebap işler milli medeniýetimiziň, sungatymyzyň ösüşlere beslenýändiginiň kepili bolup durýar. Bagtyýarlyk döwründe gadymdan gelýän milli gymmatlyklarymyzyň, urp-adatlarymyzyň, däp-dessurlarymyzyň ylmy jähetden öwrenilmegi, döwre görä kämilleşdirilmegi we geljekki nesiller üçin gorap saklanmagy babatda hem uly işler edilýär. Munuň şeýledigini Gahryman Arkadagymyzyň: «Dünýä medeniýetiniň genji- hazynasyna mynasyp goşant goşan ata-babalarymyzyň taryhy we medeni mirasyny aýawly gorap saklaýarys. Milli medeniýetimizi we medeni syýasatymyzy bütin dünýäde wagyz etmäge aýratyn ähmiýet berýäris» diýen sözleri hem tassyklaýar.

Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň mejlisinde halkymyzyň aýawly saklanyp gelinýän baý taryhyna we özboluşly medeniýetine degişli subutnamalary öwrenmegi, halkymyzyň hakydasynda saklanan nakyllaryň, atalar sözleriniň, ganatly jümleleriň ýygnalmagy, rejelenmegi, wagtyň geçmegi bilen ulanyşdan galan türkmen sözleriniň ýygnalyp alynmagy, çap edilmegi barada tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiziň tabşyryklaryndan ugur alyp, gözbaşyny müňýyllyklaryň jümmüşinden alyp gaýdýan medeni mirasymyzy täzeden öwrenmeklige, kämilleşdirip, halka ýetirmeklige muzeýimiziň işgärleri hem uly goşantlary goşýarlar. Halkyň arasyna aýlanyp, nakyllardyr rowaýatlary, medeni gymmatlyklarymyzyň gadymdan galan görnüşlerini, umumadamzat medeniýetiniň hazynasyna goşulan milli halylarymyz baradaky maglumatlary ýygnaýarys, wagyz- nesihat işlerini geçirip durýarys. Ruhy hazynalarymyzy içgin öwrenmeklige uly mümkinçilikleriň döredilmegi milli medeniýetimiziň gülläp ösmegini, onuň hil we mazmun taýdan has-da kämilleşmegini üpjün edýär.

Jennet SARYÝEWA