Wena baly — gözelligiň keşbi


Wena baly — gözelligiň keşbi



Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň meýdançasynda geçirilen IV Wena baly köp adamly bolup, tomaşaçylarda iňňän ýakymly täsir galdyrdy. Bala ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalarynyň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň, döredijilik intelligensiýasynyň wekilleri, awstriýaly myhmanlar gatnaşdylar.
Gözel görnüşli sahnada Türkmenistanyň halk artisti Atageldi Garýagdyýewiň hem-de Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň hor toparynyň ýerine ýetirmeklerinde «Siz Watana belent ykbal, Arkadag!» atly ajaýyp aýdymyň belentden ýaňlanmagy bilen dabaraly açylan bal göwünleri has-da galkyndyrdy. Milli Liderimiziň alyp barýan il-ýurt bähbitli beýik işleriniň waspyny ýetiren bu ajaýyp aýdym agzybir halkymyzyň kalbyndan çykýan aýdym bolup ýaňlandy. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň medeniýet, sungat ulgamyndaky gazanylýan göwün galkyndyryjy üstünlikler mähriban Arkadagymyzyň alyp barýan medeni syýasaty bilen berk baglanyşyklydyr. Ýurdumyzda yzygiderli geçirilýän Wena baly türkmen — awstriýa gatnaşyklarynyň berkemeginde we ösmeginde has-da kämilleşmeginde döredijilik işgärlerimiziň daşary ýurtly kärdeşleri bilen pikir-tejribe alyşmaklarynda möhüm orun eýeleýär.

Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň ýerine ýetirmeginde awstriýaly kompozitor hem dirižýor Karl Mihael Sireniň Wena balynyň däbine öwrülen «Polonežiň» ajaýyp owazlary ýaňlandy. Bu ýakymly sazyň astynda ýurdumyzyň birleşen tans toparlarynyň ýerine ýetiren täsirli tanslary bu ýere ýygnanan tomaşaçylaryň göwnüni göterdi. Meşhur awstriýaly aýdymçylaryň ýerine ýetiren aýdymlary dabara aýratyn bezeg berdi. Sazlaşykly hereketlerden düzülen owadan wals tanslary dabaranyň iň bir ýatdan çykmajak pursatlaryny özünde jemledi.

Wena balynda ussat türkmen kompozitorlarynyň sazlaryna döredilen «Aşyklaryň şäheri», «Arzuw», «Näzlim uz maňa», «Sen meniň ýanymda», «Ezber hojanyň aýdymy», «Toý aýdymy», «Aýly agşam» ýaly aýdymlar hemmelere ruhy joşgun bagyşlady. «Arkadag» atly jemleýji aýdym Gahryman Arkadagymyzyň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizi ösdürmekde alyp barýan il-ýurt, umumadamzat ähmiýetli işleriniň belent waspy bolup ýaňlandy.

Ogulgurban GAŞLAKOWA