Sagdynlygyň girewi
Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini durmuşa geçirmek, arassaçylyk düzgün-tertibini berjaý etmek, raýatlar tarapyndan ýaşaýyş jaýlarda we beýleki ýerlerde arassaçylygyň kadalarynyň düzgünleriniň berjaý edilişine gözegçiligi güýçlendirmek bu biziň esasy maksadymyz bolup durýar. Adamzat ýaşaýşynda arassaçylygyň düzgünlerini bilmek we onuň talaplaryna laýyklykda hereket etmek möhümdir.
Arassalyk — bu ýerine ýetirilmegi her dürli keselleriň ýüze çykmagynyň öňüni almaga kömek edýän durmuşda özüňi alyp barmaklygyň hem-de bedeniňi, egin-eşigiňi, ýaşaýyş jaýyňy arassa saklamagyň düzgünleriniň jemi. Arassaçylygyň iň ýönekeý kadalary berjaý edilende keselleriň köpüsiniň öňüni alyp bolýar.
Şahsy arassaçylyk talaplary berk berjaý edilip, ten arassa saklanylanda bu hili göze görünmeýän kesel dörediji mikroplardyr wiruslardan saplanýandygy bellidir. Onuň üçin esasy gerek zat suw bilen sabyn. Sabynlap ýuwunanyňda ol derini ähli tarapdan arassalaýar. Elbetde lukmançylykda häli-şindi «Arassaçylyk — saglygyň girewidir» diýlip tekrarlanmagy, ýöne ýerden däldir. Esasan, eliň arassalygy köp dürli kesellerden goranmaklygyň kepili. Şonuň üçin hem, günde eliňi ýygy-ýygydan ýuwup durmaly. Ylaýta-da mal-gara, ekin-dikin bilen iş salyşýanlara, çagalara has-da ellerini sabyn bilen ýuwmak maslahat berilýär. Diýmek elmydama elleri sabyn bilen ýuwmaklyk bizi birnäçe ýokanç kesellerden düýpli goraýar. Elleriňizi elmydama arassa saklaň! Olary gowy edip sabyn bilen ýuwuň! Bu babatynda öz perzentleriňize şahsy görelde boluň.
Arassaçylygyň esasy görnüşleriniň biri suw arassalygydyr.
Suw — ýaşaýşyň özeni, adamyň bedeniniň 75 göterimi suwdan ybarat, suw bedeniň kadaly ýaşaýşyny üpjün edýär. Suw energiýanyň we güýjüň çeşmesi, bedeniň öýjükleriniň gurluşynyň esasydyr. Bedeniň işini kadalaşdyrýar, immun ulgamyna peýdaly täsir edýär, iýmitiň özleşdirilmegine girişip, alyş-çalyş hadysalaryny sazlaşdyrýar, iýmitiň energetiki güýjüni artdyrýar. Belok, ýag, uglewodlaryň kadaly özleşmegine girişýär. Bedende maddalaryň ýaýramagyny üpjün edýär. Ganyň gyzyl öýjügi bolan — eritrositlerde kislorodyň toplanmagyna ýardam berýär. Bedeniň dokumalarynyň öýjüklerini kislorod bilen üpjün edýär we gerekmejek maddalaryň bedenden çykmagyna ýardam berýär. Zäherli maddalary bedenden bagryň we böwrekleriň üsti bilen çykarýar.
Suw — bogunlaryň esasy çalgy serişdesidir. Oňurga sütüniniň maýyşgaklylygyny üpjün edýär. Iç süriji tebigy serişdedir. Ýürek gan-damar ulgamynyň keselleriniň we insultlaryň howpuny azaldýar. Bedeniň damarlarynyň diwarlaryny arassalaýar, bedeni sowadýan we gyzdyrýan serişdedir. Pikirlenme hadysasynyň düzüm birligidir. Nerw hadysalarynda uly orun tutýar. Garmonlaryň bedende emele gelmegi üçin zerur, üns hadysasynyň düzüm birligidir. Işjeňligiň esasy çeşmesi, tebigy we zyýansyz içgi. Suw nerw dartgynlygy, alada-gaýgyny aýyrýar, ukyny kadalaşdyrýar. Suw ýaşlygyň çeşmesidir. Deri örtüginiň sagdynlygynyň esasydyr.
Suw gözlere we görüşiň ýitiligine peýdaly täsir edýär. Göze gara suw inmäniň öňüni alýar. Gan we gan dörediji ulgamynyň, immun ulgamynyň işini kadalaşdyrýar. Ganyň düzüminiň kadaly bolmagyny üpjün edýär.
Suw bedende toplanyp, gor edinmeýär, şol sebäpli elmydama bedene agram salman suw içmeklik zerur. Suw ýetmezçiligi bedeniň garramagynyň esasy sebäbi. Yzygiderli suw içmeklik, suwsuzluk we ajygmak duýgularyny seljermäge ýardam berýär. Suw bedenden artykmaç agramy aýyrýar. Suw ýetmezçiligi agyr ýagdaýdyr. Öt haltada, böwreklerde daşlaryň emele gelmeginiň esasy sebäbidir. Suw göwreli zenanlarda ýürek bulanma we gaýtarmanyň öňüni alýar. Suw bedeni bir ulgam hökmünde birleşdirýär. Garramagyň altgeýmir keseliniň öňüni alýar, ýaramaz endiklerden daşlaşdyrýar. Günüň dowamynda 1,5-2 litr agyz suwuny bedene agram salman ýuwaşlyk bilen içmäni endik ediniň! Suw içiň, sagdyn boluň!
Suw gaýnadylanda onuň gyzgynlygy 100 С bolup eger düzüminde dürli kesel döredijiler bar bolsa olar dargaýarlar gaýnag suw goragly we howpsyz içgidir. Gaýnadylan suw madda alyş-çalyşygy güýçlendirýär, bedenden deriniň bölünip çykmagyna ýardam berýär, bedeniň gyzgynyny derlemek arkaly peseldýär.
Ogulmähri GELDIÝEWA