Diňe sungat hakynda


Diňe sungat hakynda



Sungatsyz hakyky ýaşaýyş ýokdur.
Ýewripid.

***
Kämahal tebigat gurakdyr, ýöne sungat guraksy bolmaly däldir.
D. Didro.

Ýönekeýlik, hakykat we tebigylyk — sungat eserleriniň ählisinde ajaýyplygyň üç beýik ýörelgesidir.
K. Glýuk.

***
Sungatyň ähli görnüşinde özgelerde oýarmak isleýän duýgularyňy hut özüňde synap görmelisiň.
Stendal.

Sungat adamlary ysnyşdyrmagyň bir serişdesidir.
L. N. Tolstoý.

***
Sungat çöküş döwrüni başdan geçirip biler, ýöne ol durmuşyň özi ýaly bakydyr.
D. I. Şalýanin.

Sungatyň ilkinji kanuny: aýdara zadyň ýok bolsa dym. Eger-de aýdara zadyň bolsa aýt, ýöne lap etme.
R. Rollan.