Ruhy we döredijilik joşguny


Ruhy we döredijilik joşguny



Türkmeniň medeniýeti özüniň milliligi, gözelligi, özboluşlylygy bilen tapawutlanýar. Bu günki gün türkmen medeniýetine dünýä derejesinde uly sarpa goýulýar. Mälim bolşy ýaly, Täze ýylyň öňüsyrasynda — 23-nji dekabrda mähriban Arkadagymyz wideoaragatnaşyk arkaly medeniýet hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary bilen iş maslahatyny geçirdi. Bu iş maslahatynda öňde durýan wezipeler we alnyp barylýan işleri kämilleşdirmegiň ýollary ara alnyp maslahatlaşyldy. Gahryman Arkadagymyz jemgyýetçilik ösüşiniň özeni hökmünde medeniýete aýratyn üns berip, ýurtlaryň we halklaryň arasynda dostlugy hem-de özara düşünişmegi pugtalandyrmakda-da onuň ähmiýetiniň uludygyny nygtaýar.
Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, halkymyzyň özboluşly baýlygy — bu nesilden-nesle geçip gelýän ruhy genji-hazynamyzdyr. Halkymyzyň ruhy däpleri dünýäniň medeni giňişligine giňden aralaşyp, umumadamzat baýlygy hökmünde siwilizasiýanyň gazananlaryny beýan edýär.
Mähriban Arkadagymyzyň tagallasy bilen medeniýet we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ulgamyny has-da kämilleşdirmek boýunça uly işler amala aşyrylýar, ýokary derejeli hünärmenleriň, ussat işgärleriň taýýarlanylmagyna uly üns berilýär. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, jemgyýete täsir etmek üçin žurnalistler, medeniýet we ideologiýa işgärleri bilimlere eýe bolup, giň gözýetimli, ähli ugurlarda täzeçe oýlanmagy we işlemegi hem-de döwrüň talaplaryny ugur edinmelidir.
Häzirki döwürde mähriban Arkadagymyz tarapyndan medeniýet işgärleriniň, sungat ussatlarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleriniň öňünde jogapkärli wezipeler goýuldy. Şol wezipeler halkymyzyň täsin döredijilik däplerini üstünlikli dowam etdirmekden, türkmen medeniýetiniň özboluşlylygyny aýawly saklamakdan, döwrüň ruhuna laýyk gelýän täze eserleri döretmekden, tele we radiogepleşiklerde açyp görkezmekden ybaratdyr.

Gahryman Arkadagly döwrümizde milli mirasymyzy giňden ýaýmaga aýratyn üns berilýär. Taryhy-medeni ýadygärlikleri, halk döredijiliginiň özboluşly eserleri, aýdym-saz we şekillendiliş sungatynyň ajaýyp nusgalary we beýlekiler şol mirasyň aýrylmaz bölegidir.
Hormatly Prezidentimiziň medeniýet ulgamynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň öňünde goýan wezipeleri ýurdumyzda türkmen jemgyýetiniň ägirt uly ruhy we döredijilik kuwwatyny has-da artdyrmak babatda alnyp barylýan giň gerimli işlere badalga berer.
Ençe taryhy-medeni ýadygärliklerimiz bilen bir hatarda Küştdepdi aýdym we tans dessury, şeýle hem «Görogly» dessançylyk sungatymyz Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Türkmen milli halyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girmegi hem buýsandyryjy waka öwrüldi. 2019-njy ýylyň 12-nji dekabrynda Kolumbiýa Respublikasynyň paýtagly Bogola şäherinde geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň Maddy däl medeni mirasy gorap saklamak barada hökümetara komitetiniň nobatdaky 14-nji mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň hödürlemegi boýunça türkmen milli halyçylyk sungatyny ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek baradaky çözgüt komitetiň agza ýurtlary tarapyndan bir agyzdan kabul edildi. Türkmeniň halyçylyk sungatyny, onuň gözelligini näçe wasp etseňem bärden gaýdýar. Bu günki gün ol ajaýyplyk dünýä derejesinde ykrar edildi.
Bilşimiz ýaly, hormatly Prezidentimiz medeniýet we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärlerine uly sarpa goýup, her ýyl olar bilen duşuşyp, anyk wezipeleri goýýar. Munuň özi bizi täze zähmet üstünliklerine atarýar. Ol bu gezek hem şeýle bolup, ýüregimizde milli medeniýetimize bimöçber buýsanjy oýardy. Çünki biziň Döwlet muzeýimizdede ençeme medeni gymmatlyklarymyz ýerleşýär. Olaryň hersi bir döwürden, taryhdan habar berýär. Olary gözümiziň göreji ýaly gorap saklamak, nesillere ýetirmek biziň borjumyz bolup durýar. Mähriban Arkadagymyzyň medeniýet we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleri bilen geçirýän iş maslahatlary özüniň oňyn netijesini berýär. Mähriban Arkadagymyzyň ynamyny ödäp, milli medeniýetimiziň ösmegi, dünýä ýaýylmagy üçin mynasyp goşandyňy goşasyň, eliňde baryny edesiň gelýär. Ol şeýle hem bolmalydyr.
Türkmen medeniýetiniň ösmegi ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän mähriban Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, alyp barýan döwletli işleri rowaçlyklara beslensin!

Öwezmuhammet MÄMMETNUROW