NURLY ŞYGYRLAR


NURLY ŞYGYRLAR



Medeniýet döwrüň we jemgyýetiň ruhy sütüni. Ynsan durmuşynyň ýeten derejesiniň keşbi, aýdyň beýany. Hormatly Prezidentimiziň goldaw-tagallalary netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda» medeniýetde ýetilen sepgitler, gazanylan üstünlikler has-da rowaçlyklara eýe bolýar. Medeni ulgamy ösdürmegiň döwlet syýasatynyň aýrylmaz bölegi bolup durýandygy bolsa, medeniýet işgärleriniň öňünde möhüm wezipeleri goýup, düýpli işleriň amala aşyryljakdygyna güwä geçýär. Taryhy kökleri asyrlaryň jümmüşine aralaşan türkmen medeniýeti döwrüň ruhy bilen deň gadam basýar.

Hemmämize mälim bolşy ýaly, Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda toýlar toýa, baýramlar baýrama ulaşýar. Toý-baýram halkyň abadan durmuşynyň, geljeginiň bagtyýarlygynyň nyşany. Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly bellemek mynasybetli, Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Hemişelik Geňeşi tarapyndan 2024-nji ýyly türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ýyly, şeýle hem Türkmenistanyň gadymy Änew şäheriniň 2024-nji ýylda türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi, agzybir halkymyzy buýsandyran ajaýyp waka boldy.

Ýurt Garaşsyzlygymyza eýe bolanymyzdan soň, şahyryň arzuwlan berkarar döwleti bina edilip, onuň binýady Türkmenistanyň Konstitusiýasy tarapyndan berkidildi. Berkarar döwlet şahyryň ýüreginde beslän baş arzuwy. Ýurdumyzda sarpasy belent tutulýan söz ussady Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygy 2014-nji ýylda halkara derejesinde giňden bellenilipdi. Şol ýyl Magtymguly Pyragynyň adyna döredilen Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragy» medalyna mynasyp bolan daşary ýurtly ylym we döredijilik işgärlerine ýurdumyzyň döwlet sylagy uly hormat bilen gowşurylypdy. Daşary ýurtly raýatlar bilen bilelikde Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragy» medalyna ýurdumyzyň medeniýet, sungat, döredijilik işgärleriniň hem ençemesi mynasyp boldular. Halkara derejesindäki dabaralar türkmen halkynyň söz ussady Magtymguly Pyraga bolan hormat-sarpasyny dünýä ýaýdy.

Türkmen edebiýatynda öçmejek yz galdyran şahyryň şygyrlary älem, dünýä, adamzat ýaly wajyp meselelerden gündelik durmuşda ýüze çykýan ownuk meselelere çenli, ähli sowallara makul jogap bolup biljek gymmatly hazyna. Munuň özi durmuşdaky ähli meseleleri Gün şöhlesi deýin ýagtyldýan Magtymguly Pyragynyň edebi mirasynyň bütin adamzada zerurlygyny aýan edýär. Söz ussadynyň «Berkarar döwlet istärin!» diýip, özbaşdak döwletli bolup, halkymyzyň agzybir, asuda we abadan durmuşda ýaşamagy hakynda eden ýagşy arzuwlary döwletimiziň Garaşsyzlygyna eýe bolmagy bilen doly hasyl bolup, häzirki döwürde ösüşiň ak ýolundan bedew bady bilen ynamly öňe barýar. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy dabaraly bellenilip geçiler. Munuň özi watansöýüjiligiň, milli mirasa ýokary derejede sarpa goýmagyň, geçmişden ugur alyp, geljege ynamly ädim ätmegiň ajaýyp nusgasydyr. Bu nusganyň gözbaşynda bolsa, hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli, parasatly, ynsanperwer syýasaty dur. Biziň hemmämize ähli babatda görelde mekdebi bolan Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, belent başlary aman, il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaç bolsun!

Döwrüň belent ruhuny wasp etmekde, halkymyzy täze üstünliklere galkyndyrmakda, türkmen medeniýetiniň we sungatynyň ösüş aýratynlyklaryny inçelik bilen öwrenmekde, onuň kämilleşdirilmegini, şeýle-de täze derejelere göterilmegini üpjün etmekde ýurdumyzyň medeniýet işgärlerine söz ussady Magtymguly Pyragynyň şygyrlary ýol-ýörelge bolup hyzmat edýär. Şahyryň türkmen halkyny birleşdirmek, özbaşdak döwlet gurmak ideýasy «Türkmeniň», «Türkmen binasy», «Gidiji bolma», «Il ýagşy» atly goşgularynda has-da aýdyň duýulýar. Dogduk mekana, Watana bolan söýgi, agzybirlik, adalatlylyk, bir bitewi döwlet gurmak ýaly pikirler, arzuwlar şahyryň ençeme goşgularynyň içinden eriş-argaç bolup geçýär.

Gel, köňlüm, men saňa nesihat kylaý,
Watany terk edip gidiji bolma.

Şahyryň bu setirleri belent watansöýüjilige ýugrulan. Ata-babalarymyzyň berkarar döwleti küýsändigine biziň şöhratly taryhymyz şaýat. Şahyr Magtymguly Pyragynyň şygyrlary il-günüň ýürek islegi bolup ýaňlanýar:

Hydyr gezen çölde iller ýaýylsyn,
Ýurt binamyz gaýym bolsun, goýulsyn.

Bu setirler halkyň ýürek owazy. Söz ussady Magtymguly Pyragy barada gürrüň edilende, onuň ýaşan döwrüne, türkmen edebiýatyna, jemgyýetine eden täsirine ýüzlenilse ýerlikli bolar. XVIII asyrda türkmen halky çylşyrymly ýagdaýlary başdan geçirdi. Ýöne muňa garamazdan, käbir ugurda özgerişlikleriň hem döwri boldy. Bu döwür halkyň medeni durmuşynda, ýurduň, milletiň bähbidini goramakda galkynmalar, özgerişler peýda bolup başlaýar. Şol öňe ilerlemeler bolsa halkymyzyň edebi durmuşynda uly yz galdyrýar. Bitewi döwletiň derwaýyslygy, zerurlygy has äşgär duýulýar. Diýmek, XVIII asyr nusgawy edebiýatymyzda milli döwletiň ruhy binýadyny goýan döwür bolup, türkmeniň taryhynda uly orun alypdyr.

Häzirki ajaýyp döwrümizde döwlet ýurduň her bir raýaty hakynda uly alada edýär. Baş Kanunymyzda kesgitlenen ýol-ýörelgeler ýurduň iň uly gymmatlygy bolan adamyň üstünliklerine gönükdirilendir, iň esasy zat bolsa, Türkmenistanyň Konstitusiýasynda adamyň eldegrilmesizliginiň kepillendirilmegidir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe pederlerimiziň hem-de akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň arzuwlary Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň baş taglymy bolup, bakylyk binýadyna öwrüldi. Halkyň beýik arzuw-maksatlaryny, pikir-garaýyşlaryny özünde jemleýän dür sözler baky ýaşaýar we hiç wagt solmaýar. Ol sözler nurly sözler. Biz munuň şeýledigini söz ussady Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynda ap-aýdyň görýäris. Şahyrana sözüň güýjüniň synmazdygyna bolsa, subutnama tapýarys.

Ogulgurban Gaşlakowa