Awtograf
(Hekaýa)
Poçtadan gazet alyp işe barmak üçin awtobus duralgasyna ýetip bassyrmanyň aşagynda boş oturgyçda oturdym. Ýantorbamdan gazet çykaryp, soňky sahypada çykan hekaýa seredip durkam, ýanymda oturan görmegeý gyz:
— Bagyşlaň, bu Perman Amanowyň hekaýasy dälmi? — diýip gyzyklandy.
Men bolsa:
— Edil şol-da. Siz ýalňyşmansyňyz. Eýsem, siz näme onuň hekaýalaryny okaýaňyzmy?! — diýdim-de, oňa gazeti uzatdym.
Ol gazeti eline aldy-da:
— Hawa, bu edil şol hekaýa. Men gazetiň geçen sanynda bu hekaýanyň başyny okapdym. Şonda dowamy bar diýlip ýazylypdy. Bu gün bolsa, poçtadan gazeti almaga ýetişmedim — diýdi. Men okyjymyň bardygyna begenip:
— Gazeti almaga ýetişmedik bolsaňyz, alyň, men şu gazeti size sowgat hökmünde beresim gelýär — diýdim.
Ol begendi-de, uýalyp:
— A siz ony tanaýaňyzmy? Eger tanaýan bolsaňyz, menem tanyşdyraýsaňyz, ondan awtograf alardym. Men onuň hekaýalaryny uniwersitetdäki joralaryma okap berýärin. Olar hezil edip diňleýärler. Hekaýalary, umuman, ýaşlar barada. Onsoňam degişme äheňinde ýazylan — diýip, gürrüňiniň arasyny kesen ýaly etdi-de, bir zady ýadyna düşürip:
— A, ýogsa-da, men size gürrüň berip durun welin, siz meniň sowalyma jogap bermediňiz, siz ony tanaýaňyzmy? — diýip, ýene sorady.
— Hawa-la. Men tanamasam bolmaz-a — diýip jogap berdim.
Ol hem:
— Onda kyn görmeseňiz, geliň, size amatly bolan günde onuň ýanyna baryp, awtografyny alyp gaýdaýalyň? — diýip, haýyş bilen ýüzlendi. Ýöne şobada onuň awtobusy geldi. Her-nä ol awtobusa münjek bolup durka:
— Perman şu gün agşam teatra oýun görmäge barjakdyr. Agşam barsaňyz men sizi tanyşdyraryn — diýip, aýtmaga ýetişdim.
Agşam men sagat 19-da teatra bardym. Teatryň gapysynda eýýäm bir adam hem ýokdy, hemmeler teatryň içine giren ekeni. Men bolsa özüme gahar edip:
— Wah, irräjik gelmelidim-dä, ol gelip garaşyp içine giren bolaýmasa — diýip, içimi gepletdim. Birdenem öwrülip görsem hälki gyz ýylgyryp:
— Zordan ýetişdim-dä. Ine, men öňünden bilet hem alyp goýdum, ýörüň gijä galaýmaly — diýdi-de öňüme düşüp, meni howlukdyrdy. Ol ýörite, ýokardan soňky hatarlardan ýer alanyny aýtdy. Çünki gözleýän adamyny ýokardan seredip tapmagyň aňsat boljakdygyny nygtady. Oýun gutarmanka teatryň bir işgäri gelip:
— Siz oýny gurnaýjylaryň ýanyna barmaly — diýip gitdi.
Men gyza oýun gutaransoň, hökman Perman bilen tanyşdyrjagymy aýtdym.
Oýun tamamlanandansoň, teatryň direktory bu täze sahnanyň ýaş dramaturgyň eseri boýunça goýlandygyny aýtdy hem-de onuň bilen tomaşaçylary tanyşdyrdy. Bir salymdan soň sahna ýaňky gyz çykyp:
— Eseriň awtoryndan awtograf almak aňsat iş däl eken — diýip, el depderçesini maňa uzatdy-da ýüzüme seredip ýylgyrdy.
Annaberdi GOÇAMANOW