Jana lezzetli unaş
Eýsem, burçluja unaşy iýip görmedigimiz barmyka?! Megerem, ýok bolsa gerek. Çünki bu milli tagam türkmeniň her bir ojagynda uly höwes bilen taýýarlanylýar. Unaş ady bilen berk baglydyr. Unaşy taýýarlamakda un möhüm orun eýeleýär. Unaşyň sökelliklerde dermanlyk hökmünde ulanylandygy irki döwürlerden mälimdir. Bu tebigy usuldan halkymyz häzirki wagtda hem peýdalanýar. Göräýmäge ýeňil ýaly görünse hem datly unaşy taýýarlamak aşpezden ussatlygy talap edýär.
Unaşy taýýarlamak üçin ilki bilen gerek mukdarda un, duz, ýyly suw, iki ýumurtga alyp, olary kada laýyklykda garyp, gaty tutup hamyr ýugurmaly. Unaşyň hamyryna hamyrmaýa goşulmaýar. Ýumurtga unaş bişende üzülmezligi üçin hamyra goşulýar. Mazaly ýugrulan hamyry birnäçe minut saçakda ýa-da kendirigiň bir ujunda basyryp goýmaly. Soňra çaklaňja zogalalara bölüşdirmeli. Zogalalar gaýzykmaz ýaly polietilen haltalara salynsa oňat bolar. Zogalalar mazaly ýukalýança oklaw bilen ýaýylýar. Ýaýan mahalyňyz arasynda un sepeleseňiz, hamyryň oňat ýazylyp, ýukalmagyna kömek eder. Unaşy inçe kesmek, aşpezden ussatlygy talap edýär. Unaş näçe inçe kesilse, şonça işdämen iýilýär. Unaşyň çorbasyny her kim islegine görä hem taýýarlap biler. Çorba üçin 40-50 g böleklere bölnen etiň üstüne suw guýmaly we maýda dogralan 3 sogan goşup, haýal otda gaýnatmaly. Çorba gaýnandan soň, öňünden suwa ezilen we ýuwlup goýlan noýbany goşmaly, naharyň bişmegine 20 minut galanda bolsa kesilen aş, gowurmyşlanan sogan we pomidor atmaly. Unaşa islegiňe görä, gaýmak ýa-da süzme we dogralan gök otlar goşulýar. Ýeri gelende bellesek unaşy her kim islegine görä, başgarak görnüşde hem taýýarlap biler. Işdäňiz açyk bolsun!
Taýýarlamak üçin: 1 kg et, 1 bulgur noýba, 3 sany sogan, 2 nahar çemçesi ýag, 2 stakan un, 2 sany ýumurtga, 0,5 stakan süzme, gök otlar, islege görä duz, hoşboý ys we tagam beriji zatlar gerek bolýar.
«Medeniýet» žurnaly