Terbiýede çeper edebiýatyň we halk döredijiliginiň orny


Terbiýede çeper edebiýatyň we halk döredijiliginiň orny

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň bilim ulgamynyň işgärleriniň öňünde goýýan möhüm wezipeleriniň biri ýaşlara dünýä ülňülerine laýyk gelýän bilim bermek bilen birlikde milli ruhda terbiýe bermekden ybaratdyr. Bu ugurda çeper edebiýat arkaly terbiýe bermäge möhüm orun degişlidir.

Hormatly Prezidentimiziň «Döwlet guşy» atly romany şeýle eserleriň biridir. Bu eserde Beýik Watançylyk urşy ýyllarynyň wakalary bilen birlikde Watany söýmek, ony gözüň göreji ýaly gorap saklamak, ýaşuly nesli sylamak, kiçä hormat goýmak, öz milli däp-dessurlaryňa, edep-kadalaryny sarpalamak meselesine ýüzlenilýär. Romanda salamlaşmak, hoşlaşmak, hassanyň hal-ahwalyny soramak, maşgalada öz borjuňy berjaý etmek, dost-ýarlaryň bilen özara gatnaşyklarda ýerine ýetirmeli edep kadalar barada söz açylýar: «Her öýüň öz aýratynlygy bolýar. Bu öýüň üýtgewsiz kadalary bar. Şol kadalaryň ilkinjisem daň bilen turmakdan başlanýar. Ilki öý eýesi oýanar».

Şu ýerde türkmen maşgalasyna mahsus bolan aýratynlyklar beýan edilýär. Salamlaşmak edebi hem şular hataryndan orun alýar. «Mälikgulynyň ukusy ýeňil, ol dessine oýanar hem kakasyna jogap berer: «Oýandyk, kaka. Salawmaleýkim». «Waleýkimessalam. Oýanan bolsaň, bar, oglum, ejeňe-de taňry salamyny ber». Mälikguly törki otaga ugrar. Mälikguly açyk gapynyň ýanynda durup seslener: «Eje, aý, eje. Oýandyňyzmy?» «Turdum, oglum, turdum». «Salawmaleýkim!» «Äleýkimessalam, balam».

Halk arasynda hem romandan görnüşi ýaly, edep başy salamdyr. Salam edepliligiň we ýagşy niýetliligiň esasy alamatydyr. Salamlaşylýan pursat özboluşly gyzykly pursatdyr. Salam şahsyýetara gatnaşyklaryň «Bissimillasy» hasaplanylýar.

Ata-babalarymyz guýyny, akar ýaby çörekdir tamdyry mukaddes hasaplapdyrlar. Çeper eserleri okanyňda, uzak aralykda ýaşaýan garyndaşlara, goşun gullugynda gulluk edýän ogullara, agalara, inilere, söwer ýara uçup barýan durnalardan, akar suwdan, ýelden köp dogaýy salam iberilýänligini häli-şindi görmek bolýar. Täze gelni, ýaňy bolan çagany, täze dogan Aýy we Güni ýüze sylmak halkymyzyň milli däpleriniň biridir. Täze gelin gaýynenesidir gaýynatasyna çala baş atyp salam berýär. Bu edep kadasynyň türkmen halk döredijiliginde gelinleriň pyşyrdap, baldyzlaryna eşitdirip, aýdýan şeýle şygyr bentlerinde beýan edilýär:

Gep-gybatdan gaçmaly
Halyn sorap geçmeli,
Çaýyn bile içmeli
Gaýyn enesine salam!

Gawun ekse zamçaly,
Odun ýygsa omçaly
Gyz-oguly gunçaly
Gaýyn atasyna salam!

Sözüň güýjüne şahyrana döredijiligiň iň ilkinji nusgasy bolan türkmen nakyllary we atalar sözleri güwä geçýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen neşir edilen «Paýhas çeşmesi» atly ajaýyp kitapda söz bilen baglanyşykly şeýle nakyllar getirilýär: «Sözüň bilip sözleseň, ýüzüň nury dökülmez», «Egri sözüň güýji ýok», «Edep başy dil», «Göz bilen gör, dil bilen bil», «Göni söz ajydyr, siňdirgin ony, ertä nepi deger, süýjeder seni», «Az söz bilen köp many aljak bol», «Ajy hem bolsa, çyn söz ýagşy», «Akylla bir söz besdir, akmaga müň söz hebesdir», «Aýdylmadyk gep ýok, eşidilmedik gep bar», «Gözüňi bek sakla, diliňi bekle», «Dil — bela, diş — gala», «Gep yzarlan bela barar, ýol yzarlan ile barar», «Dil hem gala, hem bela», «Güýçliniň gepi mamla», «Gürrüň süýji, samança ýok güýji», «Dogry söz demirden geçer», «Dünýäde iň süýji zat hem dil, ajy zat hem dil», «Halk dili bilen doga kyl», «Il agzyny ýygyp bolmaz, çelek agzyn bogup bolmaz», «Iki gep — bir jady», «Köp bil, az sözle», «Utanç — gözde, görk — agyzda», «Seresap gürleseň, dildir başyň galasy, biseresap gürleseň, dildir başyň belasy».

Halkymyzda ulynyň sözi kiçi üçin hökmany hasap edilýär. Şonuň ýaly-da, kiçä sarpa goýmak ulular üçin belent adamkärçilik sypaty hökmünde kabul edilendir. Halkymyzda, tanamaýan-da bolsaň, uly adama gabat geleniňde, ilkinji bolup salam bermek we özüňden uly adama ilkinji bolup, hal-ahwal soraşmak, öý-içeriniň abadançylygy barada habarly bolmak gezegini bermek kada girendir. Bular barada «Döwlet guşy» romanynda beýan edilýän wakalarda giňden durlup geçilýär.

Bir danadan:
— Sen näme üçin az gürläp köp diňlemegi gowy görýärsiň? — diýip sorapdyrlar.
— Taňry maňa dili bir, gulagy iki beripdir. Şonuň üçin men az gürläp, köp diňleýärin — diýip, dana jogap beripdir.
Rowaýatda dananyň keşbi arkaly, az geplemegiň peýdasy düşündirilýär. Adamyň kalbynyň päkligi diliniň arassalygy, gepiniň-sözüniň ýerlikliligi bilen aýan bolýar.

Nesil terbiýesi babatda öňde durýan wezipeleri oňyn çözmek biziň çagalara salyhatly, medeniýetli, mylaýym häsiýetleri öwretmegimize köp derejede baglydyr. Hoş gylyk, hoş söz, edeplilik her bir adamda-da hoşniýetliligi döredýändir. Terbiýeçilik işinde mugallymyň sözi esasy serişde bolup hyzmat edýär. Şahyr Kerim Gurbannepesow «Mugallymyň sözi» diýen şygrynda:

Mugallymyň sözi — Watanyň sözi!
Ol sözde ýerleşýär dünýä dek mazmun.
Mugallymyň sözi kanun mekdepde,
Mugallymyň sözi öýde-de kanun —
diýmek bilen, mugallymyň sözleýiş edebiniň ýokary bolmalydygyny nygtaýar.

Görüp geçişimiz ýaly, çeper edebiýatda, türkmen halk döredijiligi eserlerinde sözleýşiň mylaýymlygy hakynda şunuň ýaly ýerlikli mysallar bar.

Magtymguly Pyragy mertligi, batyrlygy, Watany söýmäge, manyly, az, mylaýym sözlemegi, dogry sözli bolmagy öz şygyr setirleri bilen nesihat edýär. Şahyr gaty köp şygyr setirlerini söz sözlemäge, dogry we az sözli bolmaga bagyşlapdyr. Biz bu şygyr setirlerine ýüzlenenimizde, olardaky uly terbiýeçilik ähmiýeti bilen ýüzbe-ýüz bolýarys:

Magtymguly, öwüt bergil söz bilen,
Eşiden deň bolmaz gören göz bilen,

Magtymguly Pyragy mylaýym, mähirli sözüň adama edýän oňat täsirini şeýle beýan edýär:
Eger sen hem bolsaň nerm-u mylaýym,
Sen mylaýym bolsaň, guluň bolaýym,
Gulagyma beren pendiň alaýym,
Kişige gaty söz aýdyjy bolma!

Akyldar söz bilen dikeldilen ýadygärligiň hiç wagt gymmatynyň gaçmajakdygyny şeýle belleýär:
Magtymguly, sözle her ne bileniň,
Özüňe kemlik bil aýtman öleniň.
Taraşlap şaglatgyl köňle geleniň,
Senden soňkulara ýadygär bolar.

Milli ýol-ýörelgelerimizde hassa soramagyň edebi hem özboluşly ähmiýete eýedir. Hormatly Prezidentimiziň «Döwlet guşy » romanynyň «Ynam — güýç» bölümindäki wakalaryň beýanynda Ýazly agany soramaga barlandaky pursatlary ýatlap geçeliň: «Mälikguly salam berip, erkek kişileriň oturan jaýyna girdi. Bu ýerde oturanlar az däl eken. Mälikguly içerä beýemçilik edip oturan Ata gürmeniň görkezen ýerine geçip oturdy. Ýany bilen getiren iki almasyny düýbüräkde ýatan Ýazly ýataga bakan süýşürdi. Omar awçy iki almany Ýazly ýatagyň başujunda goýdy.

— Berdimuhamet direktoryň ogly Mälikguly ýagdaýyňyzy soramaga gelipdir, Ýazmyrat, ol, ine, şu iki almanam size getiripdir» diýen jümlelerden belli bolşy ýaly, hakykatdan hem hassa soramak, ondan teselli beriji sözleriňi gysganmazlyk, şeýle-de, mümkin boldugyndan, hassanyň isleg bildiräýjekdir öýden iýmit önümlerini eltip bermek dertliniň özi barada daş-töweregi tarapyndan edilýän aladany duýup, dertden gutulmaga bolan yhlasyny, ruhuny göterýär.

Halkymyz şeýle asylly däplerine buýsanmaga haklydyr. Medeni we ruhy gymmatlyklarymyzy öwrenmek, ata-baba medeni mirasymyzy açyp görkezmek, ony dünýä ýaýmak häzirki nesillere baglydyr. Halkymyz dünýä medeniýetiniň genji-hazynasyna, medeni-ruhy ösüşine uly goşant goşan halklaryň biridir. Munuň şeýledigine halkymyzyň taryhy, şu güni aýdyň şaýatlyk edýär.

Janabaý Şyhyýew