YKBAL HÜNJÜSI


YKBAL HÜNJÜSI



Biz durmuşyň gyzgalaňly jümmüşinde ýaşaýarys. Durmuş ummanyna aralaşdygymyzça, ol bizden has kämilleşmegi, öwrenmegi, ukyp-başarnykly bolmagymyzy talap edýär. Biz bolsa durmuşyň talaplaryndan boýun syndyryp bilmeýäris. Elbetde, şu ýerde «näme üçin?» diýen sowal ýüze çykýar. Çünki adam üçin durmuş synag mekdebi. Ol mekdebiň synaglary ömürboýy dowam edýär. Durmuşyň ýaýlyp ýatan ummanyndan dogry ýoly saýlamagy başarmak köp babatda biziň özümize bagly. Ynha, şu ýerde-de aň kämilliginiň, ukyp-başarnygyň zerurlygy ýüze çykýar. Adam aňyny kämilleşdirmäge çagalykdan girişýär. Biz muny durmuşda öz ornumyzy tapyp, ony berkitmek maksadyndan ugur alyp amal edýäris. Maksatlar bolsa öz gözbaşyny çagalyk arzuwlaryndan alyp gaýdýar.
Çagalyk arzuwlaryň dünýäsine dolunýan döwür. Kalbymyzda orun alan arzuwlar wagtyň geçmegi bilen has berkäp, aýdyň maksada öwrülýär. Biz maksada ýetmek üçin göreşýäris, dürli kynçylyklary ýeňip geçýäris.
Maksatdyr-arzuwlarymyzy durmuşymyza ornaşdyrmak bilen ykbalymyzy kemala getirip başlaýarys. Ykbal biziň maksadymyzyň, höwes-hyýallarymyzyň amaly netijesi. Ykbalymyzyň ýagty bolmagy üçin ilkinji nobatda arzuw-maksadymyzyň düýbüniň iňňän päk hem arassa bolmagy zerur. Diňe arassa, päk arzuw-maksatlar, höwes-hyýallar adamy bagtyň gujagyna dolduryp biler. Biz durmuşda adamyň pikir-duýgularynyň berkligi bilen bagly erk diýen düşünjäni yzygiderli ulanýarys. Erk adamyň pikirleriniň näderejede sagdynlygyny, berkligini ölçeýän terezi mysaly. Pikir-duýgulary päk adam dürli ýagdaýlarda hem özüne erk etmegi başarýar. Ak bilen garanyň aratapawudyna düşünýär. Adamyň öz pikir-garaýyşlaryna, isleglerine erk başarnygy, onuň aň-düşünjesine, görüm-göreldesine köp babatda baglydyr.
Çagalyk adamyň geljeginiň başlanýan ýoly. Eger, şeýle bolsa çaganyň pikirlerine, arzuw-isleglerine örän ünsli bolmak zerur. Onuň içki dünýäsiniň kemala gelşine yzygiderli gözegçilik etmeli. Çaga bilen gepleşmek, pikir alyşmak, onuň içki dünýäsiniň açylmagyna oňyn täsirini ýetirýär. Çagany juda ýaş görüp, pikir-garaýyşlaryna biperwaý bolmak nädogrudyr. Sebäbi çaganyň pikirleri kir-kimirsiz arassa bolýar. Pikirleriň, garaýyşlaryň, düşünjäniň şol arassalygyny saklamagy üçin, şol pikirinde galmagyň örän dogrudygyny, watansöýüji, ilhalar adam bolmagy üçin möhümdigini çaganyň hemişe aňyna ýetirip durmaly. Sagdyn düşünjelerden doldurylyp durulýan aň, arassa we sagdyn pikirleriň, arzuw-hyýallaryň döremegine getirýär. Çaganyň gowşak, ejiz pikir-garaýyşlary bar bolsa, oňa aýratyn üns bermek zerurdyr. Muňa wagtynda üns berilmese, çaganyň pikirleriniň, garaýyşlarynyň sagdynlaşman, göýdük hem ejiz bolmagyna getirip, onuň geljekde kämil adam bolup ýetişmegine ýaramaz täsirini ýetirýär we jemgyýetde öz ornuny tapmagynda dürli kynçylyklaryň ýüze çykmagyna sebäp bolýar. Ukyp-başarnyga-da çagalykdan üns berilse ýagşy. Her bir adamyň ukyp-başarnygy bolýar. Şol ukyp-başarnyk ýüze çykarylyp, ösdürilip, kämilleşdirilse, ol adamy uly üstünliklere ýetirip biler. Ýöne durmuşda hiç zat öz-özünden bolmaýar. Hatda adamyň arzuw-maksatlary, pikir-hyýallary, garaýyşlary hem sünnälenmäge degişlidir. Bu ugurda sünnälemek sözüne kämilleşdirmek, ösdürmek diýip düşünilse dogry bolar.
Arzuw-maksatlar elbetde adamyň kalbynda döreýär. Ýöne onuň adama, jemgyýete peýdaly bolmagy hem möhümdir. Hut şonuň üçin ol sünnälenip, syntgylanyp, seljerilip durulsa, oňyn netije berer. Arzuw-maksatlara-da dürli-dürlülik mahsus.
Gara nebse gulluk edýän arzuw-islegleriň adamy hiç wagt bagtly edip bilmejekdigi, gaýta dürli kynçylyklara sezewar etjekdigi öz-özünden düşnükli. Ýöne käte muňa garamazdan, durmuşda käbir adamlaryň gara nebsine gulluk etmek baradaky maksatlary hem ýüze çykýar. Şeýle ýaramaz hereketlere adamyň hiç wagt maksadyny gönükdirip, wagtyny gidermeli däldigi, şeýle ýagdaýlaryň adam ykbalyna gara tegmil bolýandygy barada çagalykdan giň düşünje berilse geljegi üçin iňňän peýdaly bolar.
Ýeri gelende pikir arassalygy hakyndaky gürrüňe söhbetimizi syrykdyralyň. Adamyň bagtly durmuşda ýaşamagynda maksatlarynyň aýdyň, pikirleriniň dürs, sagdyn bolmagy zerur. Çünki pikiriň dürsligi hem sagdynlygy tutuş ykbal ýoluny düzýär. Her bir adamyň özüniň dogry durmuş ýol-ýörelgesi bolmaly. Şu babatda durmuş tejribeleri ýetik ýaşululardan maslahat soralyp, görelde alynsa ykbal ýolunyň ýagty we dogry saýlanyp alynmagyna oňyn täsirini ýetirer.
Ata-babalarymyz elmydama şu ýörelgäniň dogrulygyna magat göz ýetiripdirler.
Durmuşyň synagyndan geçen ýol-ýörelgelerini pederlerimiz nesillerden-nesillere geçirmegi başarypdyr. Häzirki wagtda milli ýol-ýörelgelerimize eýerilip bagt tapylýar. Aslynda-da il arasynda «Edep bilen bagt tapylar» diýen nakyl ýygy-ýygydan ulanylýar. Edep-ekram her bir adamyň bezegi, ýüzüniň tuwagy. Elbetde adama baha berlende hem ilki bilen onuň edep-ekramy, pähim-paýhasy nazarda tutulýar. Çünki edep-ekramly adam hemişe ýagşy işleri bitirmegiň aladasynda bolýar. Bitirýän ýagşy işleri adamyň ömrüne ýagty çyrag bolup şöhle saçýar. Hemmelere nusgalyk şeýle ömürler adamyň mertebesini beýgeldýär. Mertebeli ykbalyň bolmagy üçin adamyň akyla eýerip, hereket etmegi baş zerurlykdyr. Akyla eýerilip ädilen ädim hemişe adama peýda getirýär. Mydama akyla eýerip hereket etmek üçin aň-düşünjäniň giň bolmagy zerur. Her bir hereketiňe oýlanyşykly, ünsli garamak, durmuşda ýalňyş ädimleriň ädilmezligi üçin gerek. Ýeri gelende şeýle tymsaly ýatlap geçeliň. Bir gezek bir gyz galtamanlara ýesir düşýär. Galtamanbaşy gyzy gözden salmaz ýaly esgerleriniň birini oňa gözegçi edip belleýär. Gözegçi öz wezipesini örän göwnejaý ýerine ýetirýär eken. Ol gyzy bir pursatda gözden salmandyr. Gyz ýigidiň öz wezipesini kemsiz ýerine ýetirişine haýran galypdyr. Ýesirlikdeligine garamazdan, gyzyň ol ýigide göwni gidipdir. Göwün höwesiniň has inçelip barýandygyna göz ýetiren gyz duýgularyna erk etmekligiň zerurlygyna göz ýetiripdir.
Ýigidi tanaman göwün ýüwürtmegiň dogry däldigine düşünipdir. Ony synagdan geçirmek maksady bilen «Adamda iň hormatlaýan häsiýetiňiz haýsy?!» diýen sowal bilen ýüzlenipdir. Şonda ýigit «Söze ygrarlylyk» diýip jogap beren. Ýigidiň jogaby gyzyň göwnünden turupdyr. Ýöne syr bildirmändir. Bir gezegem gyz ondan gizlenipdir. Ýigit näçe gözlese hem gyzy tapyp bilmändir. Ol hiç bir buýtar-suýtarsyz nökerbaşa bolan ýagdaýy bolşy ýaly habar beripdir. Şol wagt gizlenip duran ýerinden gyz çykyp, ýigitden gizlenendigi, onuň özüne ynanylan işini örän göwnejaý ýerine ýetirýändigini aýdypdyr: «Siziň şeýle wepaly nökerleriňiz bar. Maksadyňyzy il-güne haýyrly işlere gönükdirseňiz öz ýigitleriňiz bilen uly abraýyň eýesi bolardyňyz. Ömür ýoluňyz uly mana beslenerdi» diýip, gorky-ürküsiz nökerbaşa gyz pikirini beýan edipdir. Gyzyň kesgitli hem aýgytly sözleri nökerbaşynyň diýseň göwnünden turupdyr we oýlanypdyr. Bu söz nökerbaşynyň ykbal ýoluny üýtgetmegine sebäp bolupdyr. Ol gyzy azat edipdir, özi hem ýaramaz pişesini taşlap, maksadyny ýagşy işlere gönükdiripdir. Ine, şeýle tymsallara, rowaýatlara biz köp duş gelýäris.
Hawa, durmuşda her hili ýagdaý ýüze çyksada hemişe dogrulyk üstün çykýar. Elbetde Günüň buzy eredýänligine biz gözli şaýat. Munuň özi ynsan durmuşy babatda hem şeýledir. Ýürege ýakymsyz sowuk işler adamyň kalbynda hemişelik orun tutmaga ukypsyz. Kalba golaý mähriban işler bolsa ynsan ýüreginde hemişelik orun almaga ukyply. Munuň özi adamyň ýüreginiň diňe ýagşy işleri kabul edýändigine aýdyň subutnama.
Käte biz göwne makul bolmadyk bir işi edenimizde soňra ökünýäris, hatda gözýaş dökýän halatlarymyz hem bolýar. Şeýle pursatlar bize ýüregiň ýakymdan ýaradylandygyny ýatlatmaýarmy eýse?! Inçe garaýyşly bolup, ýüzbe-ýüz bolýan pursatlarymyzyň bize näme diýjek bolýandygyna düşüneliň. Käte biz haýsydyr bir işiň başyna barmaga ýaýdananymyzda, özümize golaý hasaplan adamymyzdan maslahat soraýarys. Şonda ykbal bilen bagly meselede köplenç halatda «öz göwnüňe geňeş» diýen sözi eşidýäris. Ýüregimiziň owazy bize dogry ýoly salgy berer. Şonuň üçin öz ýüregimize ýygy-ýygydan diň salyp durmaly. Ömrümizden gädilip geçip duran günler bizi dürli wakalaryň şaýady edýär. Bir gezek eneme obada nähili agyr zähmet çekse-de ýüzüniň nuranalygy, agyr zähmetiň ýadawlygynyň duýulmaýandygy barada sowal berdim. Ol şonda maňa täsin jogap berdi. Gep çekilen agyr zähmetde däl. Şol zähmetiň söýgi bilen çekilendiginde. Zähmeti söýgä ýugursaň onda hiç hili agyrlyk duýulmaýar. Gaýta çeken zähmetiň lezzet berýär. Edýän işiňi kalbyňdaky söýgä ýugrup et, şonda onuň ömrüňe nur çaýyşy üýtgeşik bolar. Ýüregiňde işiňe bolan söýgi alawlap dursa, bagtyň özi huzuryňa gelip, ykbalyňy nurlandyrar. Bagtyň ýoly ýüpekdendir. Dogry ýöreseň büdretmez.
Ykbal barada biziň oýlanmadygymyz ýok bolsa gerek. Ýöne ykbalymyzyň öňünde özümiziň jogapkärdigimizi doly duýup bilýärmikäk?! Elbetde hereketleri, arzuw-hyýallary, pikir-garaýyşlary arkaly adam öz ykbalyny hünji ýaly düzýär. Diýmek ykbalymyzyň goragçysy hem özümiz. Biziň arassa niýet-pälimiz ykbalymyzyň polat galasy. Adamyň ömri köp babatda ykbal hünjüsini dogry düzüp bilşine bagly. Diýmek bagt biziň hemişe ýanymyzda. Ol biziň medeniýetimiz, söýgimiz, edep-ekramymyz bilen gazanýan ýeňşimiz ahbetin.
Ykbal çalşyp bolmaýan ýeke-täklik. Bu biziň öz saýlan ýolumyz. Ykbal baradaky şeýle pikirler biziň iňňän seresaply bolmalydygymyzy aňladýar. Ykbalymyzy bagtyýar etmek üçin diňe dogry ýoly saýlap almagymyz gerek. Ençeme pikirleriň başyny agartmak arkaly ykbalyňy bagtly etmek üçin ýokary derejeli medeniýetli adam bolmalydygy baradaky pikiri nygtamak bilen sözümizi jemleýäris. Goý, durmuşda ykbalymyz hemişe gülüp baksyn!

Ogulgurban GAŞLAKOWA.