Hemişelik Bitaraplyk - döwletliligiň binýady
Şu ýylyň möhüm wakalarynyň hatarynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň baýram edilmegini bellemek gerek. Bu şanly sene mynasybetli Diýarymyzda we daşary ýurtlarda dürli çäreler geçirilýär. Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň şu ýylyň sentýabrynda açylan 75-nji mejlisiniň wise- başlyklygyna saýlanmagy Watanymyzyň belent halkara abraýynyň dabaralanmagydyr.
Mähriban Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, çärýek asyr bäri hemişelik Bitaraplyk Türkmenistan üçin öz döwletliliginiň, alyp barýan daşary we içeri syýasatynyň esaslarynyň biri bolup durýar. Hemişelik Bitaraplyk ýörelgeleri, onuň gymmatlyklary hem-de dünýägaraýşy milli bähbitlere, Birleşen Milletler Guramasynyň maksatlaryna we wezipelerine özüniň doly kybap gelýändigini subut etdi. 2017-nji ýylyň fewral aýynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň agza döwletleriň köp sanlysynyň awtordaşlygynda 12-nji dekabry «Halkala Bitaraplyk güni» diýip biragyzgan yglan edendigi kanunalaýykdyr. Mälim bolşy ýaly, geçen ýylyň sentýabr aýynda hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy 2021-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakynda Kararnama kabul etdi. Biziň ýurdumyz bu resminamanyň düzgünleriniň ýerine ýetirilmegi babatda geljek ýyl Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyny geçirmek başlangyjyny öňe sürýär. Bu başlangyç häzirki döwrüň ählumumy gün tertibiniň iň möhüm meseleleri boýunça netijeli we özara hormata daýanýan köptaraply gatnaşyklara kuwwatly itergi bermäge gönükdirilendir.
Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy — munuň özi parahatçylyk döredijilikli ýokary wezipedir, parahatçylykly, syýasy-diplomatik serişdeler we usullar arkaly ýurdumyzyň dünýä we sebit derejesinde ýüze çykýan ähli meseleleriň çözülmegine gatnaşmaga taýýardygydyr. Hemişelik Bitaraplygymyzyň möhüm wezipesi we aýrylmaz bölegi öňüni alyş diplomatiýasydyr. Milli Liderimiziň pähim-paýhasy bilen hut biziň hemişelik Bitarap döwletimiziň paýtagtynda 2007-nji ýylda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň döredilmegi bellenmäge mynasypdyr.
Sebitde parahatçylygy, howpsuzlygy we ösüşi üpjün etmek, öňüni alyş diplomatiýasynyň mümkinçiliklerini yzygiderli açmak boýunça öz hemişelik Bitaraplyk syýasatynyň ýörelgelerine eýerip, Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisiniň barşynda «Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň eýeleýän orny» diýen Kararnamanyň taslamasyna garamagy teklip etmegi maksat edinýär. Şeýle il-ýurt bähbitli, halkara ähmiýetli döwletli işleri amala aşyrýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolun!
Gylyç NURGELDIÝEW