Akyldar şahyryň döredijilik älemi
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe edebi mirasymyzy öwrenmek, milli medeniýetimizi ösdürmek barada uly tagallalar edýär.
Gahryman Arkadagymyz: «Halkymyzyň ruhy mirasy pähim we zehin kuýaşyndan nurlanan edebiýatymyzdyr, däp-dessurlarymyzdyr, urp-adatlarymyzdyr. Manynyň özenine ýetmegiň syry olaryň häzirki döwrümizdäki gymmaty babatdaky garaýyşlarymyzdyr» diýip, medeni mirasymyzyň bahasyna ýetip bolmajak gollanmadygyny belleýär. Hut şonuň üçin hem bu gün kämil medeniýetimize we sungatymyza Ýer ýüzüniň ähli döwletlerinde belent sarpa goýulýar.
Halkymyzyň akyldar şahyry Magtymgulynyň eserlerini öwrenmek biziň döwrümizde hem dünýä ylmy jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekýär. Taryhda A.Wamberi, W.Bartold, Ý.E.Bertels, A.Samoýlowiç ýaly başga-da ençeme dünýä belli alymlar Magtymguly Pyraga, onuň pähim-paýhasa ýugrulan goş-gularyna uly baha berip, ençeme ýazgylary miras goýup gidipdirler. Şonuň ýa-ly-da, şahyryň goşgulary ençeme dillere terjime edilip, dünýä okyjylaryny buý-sandyrdy.
Magtymgulynyň goşgusyna aýdym aýtmadyk türkmen bagşysy ýok bolsa ge-rek.
Magtymguly ilini jany-teni bilen söýen şahyrdyr. Ol şygyrlarynda ähli
güýjüň, kuwwatyň, abraýyň iliňe-ýurduňa edýän hyzmatyňa, goýýan
gadyr-gymmatyňa baglydygyny yzygiderli nygtaýar. Islendik meseläniň çözgü-dine halkyň nukdaýnazaryndan garap, il-günüň bähbidini öňe sürýär. Hakyky
adamkärçiligiň hut il-ýurt meselesi, oňa bolan yhlasyň, söýgiň bilen baglydygy-ny okyjynyň aňyna pugta ornaşdyrmaga çalşan şahyryň şygyrlary-da hut şu mesele
bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Il-halka bolan söýgüsini görer göze deňän şa-hyr «Yrak kylma, görer gözüň — iliňni!» diýýär. Magtymgulynyň şygyrlaryn-da halk döredijiliginden täsirlenme aýdyň duýulýar. Muňa şahyryň goşgularyn-daky
rowaýatlar şaýatlyk edýär. Halk durmuşyndan daşda bolmadyk şahyryň goş-gulary bütin halk köpçüligi üçin örän düşnükli, ýakymly, täsirlidir. Hut şonuň üçin hem her bir türkmen maşgalasynda Magtymgulynyň goşgularyny uly gy-zyklanma bilen okaýarlar. Çünki akyldar şahyryň goşgulary nesilleri milli ruh-da terbiýelemek üçin gymmatly gollanmadyr, bahasyz hazynadyr.
Magtymguly ulyny sylamak, kiçä hormat goýmak ýaly asylly häsiýetleri wagyz-nesihat edýär. Şahyryň goşgulary hünärli bolmagy, zähmeti söýmegi
ündeýär. Kesp-käriň, hünäriň bolmasa, jemgyýete peýdasyzdygyny beýan ed-ýär. Şahyryň goşgularynda hünär öwrenmek, bilimli bolmak, adamlara kömek etmek ýaly ýörelgeler wagyz edilýär. Ulyny sylamak, oňa hormat goýmak, ene-atanyň sarpasyny belent saklamak ýaly häsiýetler wesýet edilýär. «Edebiň ýagşysy ulyny syla» diýmek bilen, edeplilik, sylag-hormat wagyz edilýär.
Magtymgulynyň döredijiliginde nesil terbiýesi, ylym-bilim meselesi düýpli goýulýar. Akyldar şahyr aň-düşünjeli, sowatly adamlary ýetişdirmek ugrunda
zähmetini, ylhamyny gaýgyrmaýar. Magtymgulynyň halk diliniň baýlygyny
ussatlarça ulanmagyna, milli ruhly gahrymany orta çykarmagyna Döwlet-mämmet Azadynyň mekdebini geçenligi ýardam eden bolsa gerek.
Çünki Döwletmämmet Azady halkyň söýgüsini gazanan «Wagzy-Azat» eserini ýazýar. Magtymguly bolsa Orta asyryň edebi dünýäsinden, gazal-poe-ma
ussatlygyndan gözbaş alyp, täzeçil milli şygryýeti döredýär. Elbetde, hiç bir zat tarp ýerden döremeýär. Magtymgulynyň beýik akyldar şahyr bolmagynda
Döwletmämmet Azadynyň iňňän uly hyzmaty bardyr.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Magtymgulynyň sarpasy
has-da belent tutulýar. Ýurdumyzda şahyryň ady dakylan etrap, teatr, muzeý-dir
köçeler bar. Magtymguly Pyragynyň watançylygy nusga alarlykly bolup, onuň
galdyran edebi mirasy dury akabaly, tämiz gözbaşly çeşmedir. Ol Watany wasp eden hyjuwly şahyr, başarjaň terbiýeçi, wagyz-nesihatçy hökmünde ýaş nesliň hem kalbynda uly orun aldy. Munuň özi beýik nusgawy şahyrymyzyň türkmen
halkynyň öňünde bitiren hyzmatlarynyň örän uludygyny görkezýär.
Aýjeren Ýaýlymowa