«YMMATDYR GARA GÖZLERIŇ...»


«YMMATDYR GARA GÖZLERIŇ...»



Magtymguly Pyragynyň döredijiligi edebiýat älemine ýagty şuglasyny saçýan öçmejek ýyldyzdyr. Ussadyň şygyrlary durmuşyň ähli babatlaryny, dünýäniň gurluşyny öz içine alýan ylymlar ummany. Ol şygyrlaryň edep-terbiýe mekdebi bolsa indi üç asyr bäri bütin ynsanyýet üçin ýörelge bolup gelýär.

Pyragynyň döredijiliginde zenanlaryň dünýäsi aýratyn bir gözellik älemi bolup kalplara dolýar. Ol zenan dünýäsine bagyşlanan goşgularynda gözellige beslenen kalplaryň suratyny çekmek bilen çäklenmeýär. Edep-ekram, gylyk-häsiýet hakdaky gürrüňi-de aradan aýyrmaýar. Şeýtmek bilen ussat zenana şol häsiýetleriň daşky keşpden-de artyk gözellik bagyş edýändigini danalyk bilen okyjynyň ýüregine salýar.

Maňlaýy bir garyş, bolsun at ýüzli,

Tawus guş synaly, ütelgi gözli,

Mylakatly, şirin tilli, hoş sözli,

Ol periler kä ýigide duş geler — diýýän Magtymguly Pyragy ýigitleriň zenan mertebesini belentde götermelidigini, olaryň belent adamkärçiligine, päkligine sarpa goýmalydygyny ýatladýar. Şeýlelikde, şahyryň şygyrlarynda türkmen zenany päk söýgüsi, yhlasy bilen öz at-abraýyny mydama Arşa göterýändigi bilen tapawutlanýar. Şahyryň gözelleriň waspyny ýetirişinde-de özboluşly agraslyk bar. Ol dürli suratlandyrmalaryň üsti bilen aşyk ýigidiň ykbalyndaky bir dartgynly pursaty ussatlarça açyp görkezýär. Şeýdibem okyjyny aşyk ýigidiň söwer ýaryna duşandaky ahwalyny başdan geçirmäge mejbur edýär:

Meňli hanym golun dişläp,

Bizden ki uýat eýleýir.

Kä daranyp, uz ýörişläp,

Bizden ki uýat eýleýir.

«Uýat eýleýir» atly goşgudaky beýan edilýän görnüşlerde gözel Meňli gözümiziň öňünde janlanýar. Ol asylly türkmen gyzynyň edebi keşbi bolup ýüreklerden orun alýar. Ine, şu-da ussadyň terbiýeçilik mekdebiniň aýratynlygydyr.

Şahyryň gara gözleriň suratyny çekişini synlalyň:

Magtymguly, ýar armany,

Agladar beşer-gulmany,

Musulmanyň din-imany,

Ymmatdyr gara gözleriň.

Akyldar şahyryň din-imana deňeýän türkmen gözeliniň mähirden, wepadan doly gara gözleriniň aňyrsynda pederlerimiziň asyrlaryň dowamynda ýöredip gelen terbiýe mekdebi bar. Ol gara gözler tutuş ymmatyň abraý-mertebesini kesgitleýär. Şeýle belent bahadan kalby ganan türkmen gözeliniň gözlerinde iň ajaýyp duýgulardan başga hiç bir düşünjä orun galmaýar. Ine, mekdebiň ulusy. Ine, pelsepäniň beýigi. Hut şular ýaly ajaýyp setirler üçin-de Pyragynyň orny her bir türkmen ojagynyň töründe, ady bolsa her bir türkmeniň ýüreginiň töründedir.

Mähriban ERSARYÝEWA.