Behişdi bedewleriň belent waspy


Behişdi bedewleriň belent waspy



Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda häzirki döwürde türkmen atşynaslyk sungaty giň gerimde ösdürilýär, ýaşlarda halkymyzyň şöhratly däplerine, şanly taryhyna söýgi döretmeklige uly üns berilýär.

Hormatly Prezidentimiziň «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitaby sekiz bölümden ybarat bolup, onuň her bölüminiň sözbaşysy-da, kitabyň öňe sürýän çuňňur pikirlerini açyp görkezýän manyly jümlelere beslenendir. «Ýoluň-rowaç, iliň-rowaç!», «Bedew atyň ýüwrük bolsun!», «Owwal bedew aty gerek», «Asmandan inen ykbal», «At-türkmen üçin ähli zat», «Ýanardagyň ýedi arkasy», «Tejribe hem-de kämillik», «Toý gününde bedew atlar çapylar» atly bölümlerde türkmen halkynyň ykbalynyň, taryhynyň, kalbynyň bedew at bilen bitewiligi örän inçelik bilen yzarlanýar. Kitaby okap çykanyňda, bu kitapdaky her bir sözüň, her bir pikiriň mähriban Arkadagymyzyň ýüreginden çykandygyny duýýarsyň, Gahryman Arkadagymyzyň bedewe bolan çuňňur söýgüsiniň öz halkyna bolan ogulluk borjy bilen mäkäm baglanyşygyna göz ýetirýärsiň.

Hormatly Prezidentimiz «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitapda şeýle diýýär: «Adam ogluna baglar, daglar, derýalar, ýerasty baýlyklar we basga-da sansyz köp baýlyklar serpaý berlen. Nirede tebigat bilen sazlaşyklylykda ýaşalyp, şol baýlyklaryň durnuklylygyna täsir edilýän bolsa, ol ýerde adamlar rysgal eýesi, bereket bulagyndan paýly bolýarlar. Biz ruhy, maddy we medeni baýlyklarymyz barada hem şol ýörelgä pugta eýermelidiris. Bu biziň ata-babalarymyzyň pendidir. Hut şonuň üçinem atşynaslygy ösdürmegiň iň nusgalyk mekdebi türkmen Diýaryndadyr». («Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitap, 11-nji sahypa.)

Hormatly Prezidentimiziň parasatly belleýşi ýaly, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe atşynaslygy ösdürmegiň iň nusgalyk mekdebi eziz Watanymyzda kemala geldi, türkmen bedewlerine goýulýan hormat-sarpa has-da belende göterildi. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Aşgabatda we welaýat merkezlerinde atçylyk sport toplumlarynyň bina edilmegi, Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli her ýylda tejribeli çapyksuwarlar bilen birlikde, ýetiginjek çapyksuwarlaryň gatnaşmaklarynda hem at çapyşyklarynyň yzygiderli guralmagy, ýurdumyzda bedew ata goýulýan hormat- sarpanyň ýokarydygyna güwa geçýär. Halkymyz bedew aty bagtyň, rowaçlygyň nyşany hökmünde özüniň milli gymmatlygy, baýlygy saýypdyr. Türkmen halkynyň «Görogly» şadessany umumadamzat gymmatlyklarynyň hazynasyna mynasyp goşant goşdy. Gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan meşhur «Görogly» şadessanynyň türkmen nusgasy taryhylygy, özboluşlylygy, milliligi bilen aýratyn tapawutlanýar. Edebi gymmatlyklarymyzyň naýbaşy eseri bolan meşhur «Görogly» şadessanynyň dünýäniň çar tarapyna ýaýran ýordumy häzirki wagtda düýpli öwrenilýär. Çünki bu deňsiz-taýsyz ruhy mirasymyza näçe çuň aralaşdygyňça, biri-birine sepleşip gidýän, biri-biriniň üstüni ýetirýän täsin däp-dessurlar, çeper wakalar ýüze çykyp dur. Ata-babalarymyz taryhy ösüşiniň dowamynda özüniň milli baýlyklaryny aýawly gorap, onuň çeperleşmegi üçin, zehin baýlygyny siňdiripdir.

«Görogly» şadessanyny okanynda, türkmen halkynyň milli däp-dussurlarynyň, watansöýüjilik, ar-namyslylyk, edermenlik, ruhubelentlik, gaýduwsyzlyk, myhmanparazlyk, bedew atlarymyza söýgi ýaly ajaýyp häsiýetlerimiziň edebi mirasynyň eseriň içinden eriş-argaç bolup geçýändigine açyk göz ýetirýärsiň. Bu ajaýyp şadessandaky milli gymmatlyklarymyzyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrine çenli saklanyp galandygyna diýseň buýsanýarys. Muny «Görogly» şadessanyndaky halkymyza mahsus bolan milliliklerimiz hem subut edýär.

At-türkmeniň ýoldaşy. Aty söýmek türkmeniň däbi. «Ir tur-da--ataňy gör, ataňdan soň-atyňy» nakylyna uýsak, onda türkmen atyny atasynyň yz ýanyndaky orunda goýýar ahyryn. Şadessanda Gyratyň keşbi okyjynyň ünsüni çekýär.Göroglynyň Gyraty ýel ýaly ýuwrük, guş kimin uçujy, pil dek güýçli, adam dek huşly, dost-duşmany saýgarmaga ukyply, aşyk-magşyk dek wepaly. Görogly Gyrat bilen alty aýlyk ýoly alty günde geçýär. Gyrat kämahal adam ornunda iş bitirýär. Göroglynyň başyna agyr iş düşende, gözünden ýaş dökýär.

Mähriban Arkadagymyz ata-babalarynyzdan deňsiz-taýsyz gymmatly miras bolup galan ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny arşa göterip, ýer ýüzünde diňe bedewiň däl, tutuş halkyň mertebesini belende galdyrýar.Bedew atyň ýaşlary terbiýelemekde, olarda gözellige höwes döretmekde ähmiýeti has-da uludyr. Bedew at-milli ruhyň egsilmez çeşmesi.

Şoňa görä-de, Hormatly Prezidentimiz türkmen halkyna peşgeş beren «Ahalteke bedewi- biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Gadamy batly bedew», «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitaplarynda türkmen ruhunyň genji-hazynasy bolan bedew atlarymyzyň milletimiziň taryhynda, durmuşynda, aň-düşünjesinde tutýan ornyny ýiti paýhas, çäksiz buýsanç bilen beýan edýär. Türkmen halky Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda her ýylyň bahar paslynda, älem-jahanyň gözelliklere beslenip, tebigatyň joş urýan wagtynda Türkmen bedewiniň milli baýramy uly ruhubelentlikde bellenilýär. Hormatly Prezidentimiziň dana pähim-paýhasyndan dörän, türkmen bedewleri hakynda her bir eseri bizde – ajaýyp döwrüň bagtyýar ýaşlarynda şöhratly ata-babalarymyzdan miras galan milli mirasymyza, gymmatlyklarymyza uly buýsanç, egsilmez söýgi döredýär. Biz- ýaşlar Mähriban Arkadagymyza berk jan saglyk, uzak ömür, alyp barýan il-ýurt bähbitli işlerine bedew batly üstünlikleri arzuw edýäris!

Gözel Amansähedowa