Berkararlyk buýsanjy


Berkararlyk buýsanjy



Mälim bolşy ýaly, şu günler agzybir hem-de zähmetkeş türkmen halky Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda uly bir şanly senä—baýramlaryň naýbaşysy hasaplanýan ýurt Garaşsyzlygymyzyň ýigrimi dokuz ýyllyk toýuny belläp geçmäge güýçli depginler bilen taýýarlyk görýär. Özbaşdak döwlet hökmünde ykrar edilip, Garaşsyzlyga eýe bolmak bagty ata-babalarymyzyň arzuwlarynyň hasyl bolan zamanasynda ýaşamak, bagtyýarlyk eýýamynyň hözirini görmek bu günki gün bagtyýar raýatlarymyza miýesser etdi.
Garaşsyzlygyň halkymyza berýän eşretlerini her bir pursatda duýup, görüp ýaşamak, buýsanmak döwletimiziň her bir raýaty üçin çäksiz guwanç, egsilmez şatlyk, ullakan bagtdyr. Her säherde dogup gelýän Gün bilen bäsleşip duran ýaşyl Tugumyzyň mylaýym pasyrdysy Garaşsyzlyk mukamynyň başlangyjydyr. Her bir raýatymyz üçin mukaddes senä öwrülen bu mukam dürli ulgamlarda gazanylýan ösüşleriň buşlukçysy hökmünde dürli äheňde dowamly we sazlaşykly ýaňlanýar. Her bir toýa, baýrama mynasyp sowgatly barmak halkymyzyň öňden gelýän asylly ýörelgeleriniň biridir. Bu şanly senäni ýokary guramaçylykly, mynasyp derejede garşy almak maksadynda ýurdumyzda ähli ulgamlarda zähmet üstünlikleri gazanylýar. Garaşsyzlyk ýyllary içinde döwletimiz tanalmaz derejede özgerip, dünýäniň ösen döwletleriniň hatarynda öz mynasyp ornuny tapdy. Şonuň bilen bir hatarda, ýurdumyzyň raýatlarynyň ruhy dünýäsinde hem uly özgerişlikler bolup geçdi. Çünki hormatly Prezidentimiz ata-babalarymyzyň ýörelgelerini, milli däp-dessurlary döwrebap derejede dowam etdirmäge aýratyn ähmiýet berdi.
Geçmişde döwlet gurmakda, kaşaň-kaşaň binalary bolan şäherleri döretmekde, ýollar çekmekde, ylym-bilim öwrenmekde dünýä ýüzünde uly meşhurlyk gazanan, dünýä medeniýetine we sungatyna, ylmyň dürli ugurlarynyň ösüşlerine saldamly goşant goşan ata-babalarymyzyň mukaddes ýörelgeleri Garaşsyzlyk ýyllary içinde Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýokary derejelere ýetirildi we dowam edýär. Munuň şeýledigine «Aziýanyň merjeni» diýen ada eýe bolan mermer paýtagtymyzy, welaýat merkezlerini, şäherler bilen bäs edişýän, bagtyýarlyk zamanamyzyň öwüşginleri çaýylyp milli ýörelgelerimiz bilen utgaşdyrylyp döredilen täze obalaryň keşbini synlan her bir adam aýdyň göz ýetirýär.
Ýurdumyzda täze-täze ýokary we ýörite orta, orta mekdepleriň, çagalar baglarynyň, kitaphanalaryň, muzeýleriň gurlup, ulanylmaga berilmegi ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň döwrebap bilim, terbiýe almaklary, şöhratly geçmişimizi çuňňur öwrenmekleri, Watanymyzy ösdürjek bilimli ýaşlar bolup ýetişmekleri ugrunda alnyp barylýan işleriň gönüden-göni güwäsidir. Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýetilen sepgitler, gazanylan üstünlikler dogrusynda bir jümlede asyrlara barabar işler amala aşyryldy diýsek, hakykatdan daş düşdügimiz bolmasa gerek. Ýurdumyzda ylymda, bilimde, sportda, medeniýetde, oba hojalygynda gazanylýan ösüşleriň ählisi halkymyzyň Garaşsyz döwletimize çäksiz söýgüsinden, milli Liderimize bolan hormatyndan gözbaş alýar. Şeýle ajaýyp zamanada, jenneti mekanda ýaşaýan halkymyz Garaşsyzlygymyzyň eçilýän bagtyna guwanyp, bu zatlaryň gadyryny bilip, giň gujagyndan orun berip, kämillige ýetirýän Watanyň ösüşlerine öz bilimi, halal zähmeti, gujur-gaýraty, çäksiz söýgüsi bilen jogap berýär. Çünki Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, Garaşsyzlyga guwanmak — Watany, halky söýmek bagtdyr! Watanymyzyň gülläp ösmegi, raýatlarymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamaklary üçin gije-gündiz ýadawsyz aladalar edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun! «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda durmuşa geçirýän halk bähbitli, döwlet ähmiýetli tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!

Pälwan GAZAKOW